SAZYŇ JADYLAÝJY TÄSIRI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.36 (11 Ses)

Adamzat taryhynda sazyň tutýan orny örän uludyr. Ynsan şatlananda ýa-da gamgyn bolanda, saz diňleýär. Saz ynsanyň göwün syrdaşy diýsek hem ýerlikli bolar. Heniz enesiniň göwresindekä, çaga daş-töwerekdäki bolup geçýän zatlaryň täsirini duýýar, sazyň owazyny  eşidýär. Saz çagany rahatlandyrýar, onuň fiziki we akyl taýdan ösmegine ýardam berýär.

Eneler öz perzentlerine hüwdi ýaly ýakymly aýdym-sazlary hiňlenip bermeli.

Saz özboluşly bejeriş usul hasaplanýar. Alymlar sazyň çaganyň fiziki ösüşine ýetirýän täsirini çuňňur  öwrenmegi dowam edýärler. Olarda ene-atalara maslahat berere zat kändir.

Gowşak, wagtyndan ir doglan çagalara–da saz öz rahatlandyryjy täsirini ýetirýär. Saz biynjalyk çaganyň dem alşyny we ýürek urşuny kadalaşdyrýar, agyry-ynjylaryny kemeldýär, sagdyn çaga bolup ýetişmegine ýardam berýär. Ýedi aýlyk doglan çagalaryň madda çalşygy ýakymly sazyň kömegi bilen  hem dikeldilýär. Bu bolsa öz gezeginde iglije çaganyň agramynyň artmagyna itergi berýär.

Çaga hüwdülense ýa-da oňa gyzykly erteki gürrüň berilse, ol rahat uklaýar. Şeýle hem aýdym–saz ýaňy gepläp başlan çagalar üçinem ähmiýetlidir, sebäbi çaga goşgulary, aýdymyň sözlerini gowy ýatda saklaýar, olary öwrenmäge uly höwes bildirýär. Çagalar baglarynda geçirilýän baýramçylyk şowhunlarynda aýdym we goşgy aýdyp oňat çykyş etmek her bir çaga üçin uly bir şatlykdyr. Çaga öň bilmeýän sözlerine gabat gelýär, olaryň manysyna düşünjek bolýar. Aýdym-saz sakawlaýan çagalara hem uly kömek edýär. Geplände kyn aýdylýan sözler aýdymda has gowy akymly bolýar.

Şeýle hem saz sungaty adamlaryň görüş, eşidiş, duýuş ukuplaryny kämilleşdirýär, ýatkeşligiň ähli görnüşlerini  ösdürýär.

Çagaňyzyň nusgawy sazandalaryň döreden eserlerini köpräk diňlemegini gazanyň. Bu sazlar çaganyň hemmetaraplaýyn  sazlaşykly ösmegine oňaýly täsir eder.

Çagalaryň psiho-emosional (duýgular) ýagdaýlaryny kadalaşdyrjak nusgawy sazlary döreden käbir sazandalaryň sanawyny hödürleýäris:

Şu we beýleki sazlar saz arkaly geçirilýän bejergilerde giňden ulanylýar.

Gynansak-da, soňky döwürde ene-atalar çaganyň saz bilimini almagy barada kän bir aladalanmaýarlar. Çagalary sazçylyk mekdeplerine  okuwa salyň. Saz öwrenmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Ol sabyrlylygy, tutanýerliligi we uly höwesi talap edýär. Bu işde çagaňyza hemaýat etmegiňiz örän ähmiýetlidir. Saz  çagany maksada okgunly edip terbiýeleýär we onuň geljekgi durmuşyň beýleki ugurlarynda üstünlik gazanmagyna ýardam edýär. Saz çalýan çaga  ýa-da uly adam töwerekdäkiler bilen oňat aragatnaşykda bolmagy başarýar, sebäbi olar saz eserini ýerine ýetirenlerinde, ondaky beýan edilýän duýgulary, pikirleri diňleýjilere ýetirmek isleýärler. Saz bilen arman-ýadaman meşgullanýanlar ýazuwda hem güýçli bolýarlar. Beýleki adamlara garanda,  saz gurallaryny çalýanlar has dürs ýazýarlar,  ýazuwda kän bir ýalňyş göýbermeýärler.

Amerikaly alym Martin Gardner 4-5 ýaşly çagalaryň öz deň-duşlaryndan az-kem yza galýanlarynyň saz we sungatyň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly olaryň yzyndan ýetendiklerini öz  geçiren barlaglarynyň netijesinde subut edýär.

Şweýsariýaly we Awstriýaly  alymlar  ýedi ýaşdan on bäş ýaş aralygyndaky çagalar üçin matematika we  diller boýunça sapaklaryň hasabyna saz sapaklaryny okuw maksatnamasyna girizdiler. Şol maksatnama boýunça okan çagalar üç ýylyň içinde  matematika dersinden  adaty maksatnama boýunça okaýanlardan has  ýokary netijeleri görkezdiler.

Elbetde, saz uly adamlara hem täsir edýär. Eýýäm Gadymy Gresiýada sazyň we umuman sungatyň bejeriş täsiri barada bellidi.  Pifagor Kroton  uniwersitetinde geçiren her gününi aýdym aýtmak bilen başlaýardy we tamamlaýardy. Ol irden aýdym aýdanda, ukudan açylýardy we onuň durmuş işjeňligi artýardy. Giçlik aýdýan aýdymy ony rahatlandyryp, dynç almaga taýýarlaýardy.

Häzirki zaman  neýrohirurglary we psihologlary sazyň adam beýnisiniň ösüşine jadylaýjy täsir edýändigini belleýärler. Nerw öýjükleriniň belli-belli görnüşleri sesleriň ýygylygyna duýgur bolýarlar. Olar notalara gabat gelýärler. Şeýlelikde, saz adamyň  ýagdaýynyň  ruhy taýdan  kadalaşdyrylmagynyň gadymy we tebigy usuly  hasaplanylýar.

Amerikanyň alymlarynyň aýtmagyna görä,  ýokary gan basyşy kadalaşdyrmak, beýniniň işjeňligini artdyrmak we immuniteti berkitmek üçin hem sazyň ähmiýeti uludyr.

Saz diňlemegiň  ýakymlydygy ählimize mälimdir. Emma aýdym aýtmak bolsa ondan hem ýakymly we peýdaly bolýar. Awstraliýaly lukmanlar bejeriş maksatlary üçin aýdym aýtdyrmak usulyny hem ulanýarlar. Özüňizi has oňaýly duýmak isleseňiz, iň bolmanda ýönekeýje saza ýa-da aýdyma hiňleniň. Käte üns berseňiz köçeden ýöräp barýan adamlaryň käbiri aýdyma hiňlenip barýarlar. Bu bolsa olaryň ähli aladalardan daşlaşandygynyň alamatydyr. Ol hatda köçeden ýöräp barýan beýleki adamlara-da üns bermeýär. Şeýle adamlara seredip ýylgyranyňy duýman galýaň, özüň hem aýdym aýdasyň gelýär! Diýmek, sazyň bir adamdan başga adama geçýän jadylaýjy täsiriniň barlygy hakykatdyr. Siz saz bilen uklap, saz bilen hem oýansaňyz, öňküňizden has sagdyn we şadyýan bolarsyňyz.

Adamlar tebigat gözelliklerini synlamagy hem  halaýarlar. Nirede dynç almak  isleýändikleri barada soranyňyzda, adamlaryň köpüsi deňziň kenarynda, tokaýlarda, açyk ýaýlalarda, ýaplaryň we derýalaryň golaýynda diýip jogap bererler. Munuň hem saz bilen baglanyşygy bardyr, sebäbi ýapraklaryň ygşyldyşy, akar suwuň şillirdisi, tolkunlaryň sesi, guşlaryň jürküldisi, şemalyň şüwwüldisi - bularyň ählisi tebigatyň döreden ajaýyp sazlarydyr. Şeýle hem biziň köpümiz ýagşyň sesini halaýarys, sebäbi ol hem özboluşly sazdyr.

Çagalaryň we ulularyň arasynda has ukyplylary, zehinlileri bolýar. Ulular diňlejek sazlaryny saýlamakda kän bir kömege mätäç bolmaýarlar. Emma çaganyň saýlajak saz eserine ulular gözegçilik etseler , zyýany degmese gerek. Elbetde, çaganyň saz sungatyna aralaşmagy örän ähmiýetlidir, emma onuň bir taraplaýyn ösmegine hem  ýol bermeli däldir. Ýokary netijeleri gazanmagyň ugrunda çaganyň içki dünýäsiniň, daş-töwerek bilen gatnaşyklarynyň sazlaşykly we hemme taraplaýyn ösmegini gazanmagy unutmaň.