MUGALLYM WE OKUWÇY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (23 Ses)

Biziň her birimiz käwagt mekdep ýyllaryny ýatlaýarys. Synpdaş oglan-gyzlary, mugallymlary ýatlaýarys.  Mekdep ýatlamalaryny mugallymsyz  göz öňüne getirmek  bolmaýar.

Mugallym barada söz açylanda, ilki bilen onuň okadýan dersi däl-de, çagalara bolan garaýşy ýada düşýär.

Mugallym bilen çaganyň arasyndaky arabaglanyşyk örän inçe bolýar. Ol baglanyşyk mähirli we adamkärçilikli ýa-da gödek we agyr bolup bilýär. Bu ýagdaý diňe çaga däl-de, okadýan we terbiýeleýän mugallyma hem gönüden-göni baglydyr.

Mugallymlaryň  çagalar bilen düşünişmegi zerurdyr. Emma okuwçynyň diňe bilim derejesini ýokarlandyrmak isleýän mugallym  käte onuň beýleki taraplaryna üns bermeýär. Mugallymyň pikirine görä, iň oňat okuwçy – bilim almaga okgunly, sapaklarda hemişe tertipli, mugallymyň ähli aýdanlaryny berjaý edýän okuwçydyr. Hemme taraplaýyn nusgalyk okuwça  "ýaramaz" okuwçynyň keşbi garşy goýulýar. Şeýle okuwçylar ýalta  bolýarlar, tertip-düzgüni berjaý etmeýärler, mugallymda ýakymsyz duýgulary oýarýarlar. Mugallymlaryň köpüsi şeýle okuwçylaryň geljekde gowy adam bolup ýetişjekdigine ynanmaýarlar, ol çagalaryň diňe ýaramaz taraplaryna üns berýärler.

Çagalara bolan garaýşynyň üstünde işlemek üçin, mugallym öz käriniň howply we zyýanly taraplarynyň bardygyna üns bermeledir. Amerikaly sosiolog (durmuş meselelerini öwreniji) U. Uoller mugallymçylyk bilen  bagly ylmy işleriniň birinde bu käriň käbir zyýanly taraplary barada ýazýar. Onuň belleýşi ýaly, mugallymlaryň köpüsi mekdepden daşary hem  haýsydyr bir zatlary  öwretjek bolýar. Çylşyrymly düşünjeleri çagalara düşündirýän ýaly has ýönekeýleşdirýärler. Bu bolsa çagalaryň diňe ýönekeý pikirlenişe bolan ukybyny ösdürýär, daş-töwerekdäki zatlara has ýönekeý garamagy öwredýär.

Mugallym özüniň erkini çäklendirýär, hemişe bir bolşuny saklamaklyga çalyşýar, köp ýagdaýlarda özüni ele alýar. Mümkin, töwerekdäkiler üçin bu ýakymlydyr. Emma mugallymyň öz duýgularyna şeýle erk etmegi onuň özi üçin peýdaly däldir. Adam üçin şol duýgulary daşyna çykarmak zerurdyr.

Mekdepde çagalaryň ösüşine berilýän ünsi artdyrlmaly. Okuwçylara diňe mugallymlaryň aýdanlaryny bilen ylalaşmagy öwretmek hem bir taraplaýyn terbiýe bermegiň alamatydyr. Mugallym her bir çaganyň belli bir zatlar barada öz pikirleriniň bardygyny hem unutmaly däldir.

Okuwçy mekdebe gelende, ony ilki bilen okadylýan sapaklar gyzyklandyrmaly. Mugallym bolsa şol gyzyklanmany artdyrmak bilen bolmaly. Mugallymyň ussatlygy, onuň ýokary bilim derejesi örän wajypdyr. Ýöne çaga bilen işleşmek üçin bu ýeterlikli däldir. Mekdep döwründe çaga şahsyýet  ýaly ösüp başlaýar. Onuň dürli isleg-arzuwlary bolýar. K. D. Uşinskiniň belleýşi ýaly, çaganyň batyrgaý arzuwlaryndan çekinmegiň deregine, olaryň hasyl bolmagy üçin çaganyň  kalbyna iň oňat duýgy- düşünjeleri ornaşdyrjak bolmaly.

Üns beren bolsaňyz, çaga käbir sapaklara uly höwes bilen gatnaşýar, gowy okamaga çalyşýar, öý işlerini wagtly-wagtynda ýerine ýetirýär. Hut şol bir okuwçy beýleki bir sapaga hiç hili gyzyklanma bildirmeýär, onuň şol sapaga gatnaşasy hem gelmeýär. Ýa-da şol bir synpda dürli mugallymlar dürli sapaklary okadýarlar. Mugallymlaryň biriniň sapagynda goh-galmagaldan başga zat ýok diýseňem bolýar. Emma şol bir synpyň okuwçylary beýleki bir mugallymyň sapagynda uly höwes bilen işleýärler, tertip-düzgüni berjaý edýärler. Munuň sebäbi nämede? Biziň pikirimizçe, sapagyň çagalar üçin täsirli bolmagy köp babatda mugallyma bagly bolýar. Mugalymlaryň käbiri synp otagyna giren pursatyndan başlap, çagalara nägilelik bildirýär, olara öz okadýan dersi boýunça sapak geçip başlamagyň ýerine, olara igenýär. Şeýle ýagdaý birnäçe gezek gaýtalansa, okuwçylar öňküden beter garagolluk edýär, olar sapak geçmezlige öwrenişýär. Mugallym synp otagyna giren pursatyndan başlap okuwçylary gyzyklandyrjak bolmaly, sapakda dürli okadyş usullsaryny ulanmaly. Gysgaça aýdanymyzda, sapagyň her bir pursaty okuwçynyň işjeňligine gönükdirilmeli.

Ýene-de bir wajyp bellemeli zatlaryň biri – mugallymyň her bir okuwça bolan garaýşydyr. Okuwçynyň hiç hili ýagdaýda göwnüne degmeli däldir, onuň mertebesine  hem şek ýetirmeli däl. Çaga göwni näzik we duýgur bolýar. Ol özüniň sylanylmagyny isleýär. Başlangyç synp okuwçylary mugallymy öz  ata-enesi ýaly kabul edýär, onuň aýdanlaryndan çykmak olaryň asla kellesine-de gelmeýär. Elbetde, mugallym üçin hem bu amatly we rahat bolýar. Emma çaga ulaldygyça, ol öz pikiriniň diňlenilmegini isleýär. Uly synplaryň okuwçylary mugallymyň keşbinde öz tälimçisini, halypasyny görmek isleýärler. Elbetde, mugallym bilen okuwçynyň arasynda ýaş, tejribe taýdan tapawutlar bardyr. Ýöne esasy bir zatda mugallym okuwçy bilen deňleşmelidir: olar bir-biri bilen dogruçyl we ynamdar bolmalydyr. Mugallym okuwçyny diňlemegi,ony biynjalyk edýän zatlara düşünip, duýgudaşlyk bildirmegi başarjak bolmaly. Şeýle gatnaşyklar okuwçyny içgin tanamaga kömek edip ,  mugallyma ony kämil şahsyýet edip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.  

Häzirki zaman okuwçylar bilen  sorag-jogap alyşmagyň netijesinde olaryň mugallymlarda görmek isleýän gylyk-häsiýetleri, daş keşbi, bilim derejesi barada bilmek bolýar. Olaryň pikiriçe, mugallym gyzykly sapaklary gurnap bilýän, gyzykly ýumuşlary hödürleýän, şeýle hem degişgen we mähirli bolmalydyr. Şeýle hem çagalar mugallymyň daş keşbiniň göze ýakymly, owadan, özüne çekiji bolmalydygyny bellediler.

Umuman aýdylanda, häzirki döwürde-de, onlarça ýyl mundan ozal hem okuwçylar mugallymy hemme taraplaýyn ösen, aňly-düşünjeli, duýgur, mähirli adam hökmünde kabul edipdirler. Her bir mugallym bolsa özüne berilýän şeýle ýokary baha mynasyp bolmaklyga ymtylmalydyr, Mugallym diýen beýik ady has belende götermelidir!