TÄZE DOGLAN ÇAGANYŇ BIRINJI AÝYNYŇ KYNÇYLYKLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.28 (29 Ses)

Ejesiniň içinde oňaýly şertlerde ösüp, ulalýan çaga doglandan soň, daşky gurşawyň hemme üýtgeşmelerine uýgunlaşmaly bolýar. Ol indi özbaşdak dem almaly, temperaturanyň üýtgemegine, täze iýmiti özleşdirmäge öwrenişmeli...

Çaga lukmanlaryň bellemegine görä, çaganyň ömrüniň birinji aýy, çaga üçin kyn, köp üýtgeşmeli döwür bolýar. Dogabitdi şikeslenmeler, keseller hem şu döwürde ýüze çykyp, köp kynçylyklary döredip bilýär.

Täze doglan çaganyň beden agzalarynyň anatomiki aýratynlyklary, olaryň işiniň kämil däldigi sebäpli ýüze çykýan käbir kynçylyklary bilmek ene-atalara peýdaly bolar. Olary bilmek bilen, olar çaga seretmegiň aýratynlyklaryny öwrenip, özlerini howsala salýan ýagdaýlaryň öňüni alarlar.

 

Çaganyň   göbeginiň   suwjarmagy.

Dogrum öýünde göbek bagy gaçandan soň, galýan ýarany – göbegi tejribeli şepagat uýasy aseptiki serişdeler bilen bejerýär. Çaga öýe gelenden soň, bu işi ejesi etmeli bolýar. Kesmek bolup duran düýpli göbegi, wodorodyň turşusy bilen günde iki gezek ýuwup, 1%-li göwherli ýaşylyň spirtdäki ergini bilen işlemelidir.

Ýöne käwagtlar göbek ýarasynyň 3 hepdä çenli hem bitmän suwjaryp durmagy duş gelýär. Ony bejermek üçin lukmanyň maslahatyny alyň.Günde iki gezek göbegi perekis turşusy bilen ýuwup, pamyk taýajyklary bilen guratmalydyr. Soňundan ýara 1%-li göwherli ýaşyly çalyp, oňa streptosid ýa-da kseroform guýmalydyr.

Köp eneler göwherli ýaşyl ulanylanda, ýaranyň beter suwjarýanlygyny belleýärler. Bu derman ýarany reňkläp, ondaky iriňi, gany seljermäge päsgel berip biler.

Çagany diňe gaýnadylan suwa, ýörite legenlerde ýa-da çaga wannalarynda düşüriň. Suwa marganes turşusyny hem goşmak bolar (suwuň reňki çala gyzyl öwüşginde bolmalydyr).

 

Çaganyň   çalt – çaltdan   buşukmagy.

Täze doglan çaga, bir gije- gündiziň içinde 15-20 gezege çenli buşugýar. Onuň peşewi ilki goýy sary reňkde bolup, soň reňksiz bolup biler.

Çaganyň jyns agzalaryny arassa saklap, arlyklary, bir gezek ulanylýan serişdeleri çalt-çaltdan çalyşmak möhümdir.

 

Çalt – çaltdan   täret    etmek.

Çaga bir gije-gündizde 5-6 gezek täret edip biler. Çaganyň birinji täreti (mekoniý) şepbeşik ýaşyl reňkde bolup, soň açyk sary reňke öwrülýär. Onuň içinde akja bölejikleriň duş gelmegi gorkuly däldir.

 

Kefalogematoma.

Dogrumda şikes alma netijesinde, kelläniň derisiniň aşagyna ganyň ýygnanmagy ýüze çykýar. Uly bolmadyk görnüşde bejergi talap etmeýär we iki hepdäniň içinde aýrylyp gidýär. Eger ol gatap ulalsa, bejergi üçin hirurga ýüz tutmak zerurdyr.

 

Deride  bolýan  üýtgeşmeler.

Çaganyň ýüzünde, kellede, boýunda açyk-gülgüne reňkli ýerler – gan damarlaryň giňelmeg (gemangioma) netijesinde döreýär. Üstünden basylanda ýitip gidýär. 3 aýdan soň aýrylýar. Güne tutmak bolýan däldir. Olaryň ulalmagy mümkin.

 

Çaganyň   içiniň ýellenmegi.

Çaga we ene-ata köp kynçylyklary döredýän, bu ýagdaýyň sebäbi belle däldir. Ondan 25-35% çagalar ejir çekýär.Ýöne onuň gelip çykyşy barada köp teoriýalar bar: Içegede howanyň ýygnanmagy, emende howany ýuwutmak, bedeniň allergiki täsiri, iýmitiň içegeden çalt ýa-da haýal geçmegi, çaganyň gulagynyň sowuklamagy.

Içiniň ýellenmeginiň çaga nähili ejir berýänligini bilmeýän ene-ata ýok bolsa gerek. Ony çagada anyklamak kyn däl: çaga dyzynda epen aýajyklaryny garnyna getirip, bedenini gatadyp, ýüzüni çym-gyzyl edip, gaty,dynman aglap başlaýar. Köplenç 3 aýdan soň bu ýagdaý geçip gidýändir.

Öňüni   almak.

Näme etmeli.

 

Iýenini   yzyna   gaýtarma.

Çaga emende howany ýuwutmagy sebäpli ýa-da köp emende bolýar. Eger bu ýagdaý köp gaýtalansa, nerw ýa-da iýmit siňdiriş ulgamynyň işiniň näsazlyklaryna güman etmelidir. Lukmanyň maslahatyny alyň.

 

Asgyrma   we   üsgürme.

Çaganyň dem alyş ýollarynyň darlygy netijesinde döreýär.Asgyranda ýa-da üsgürende, burnundan we bokurdakdan hem çykmasa, ýagny sowuklama alamaty bolmasa, gorkuly däldir.

 

Jyns   agzalarynda   üýtgeşme.

Enesinden geçen jyns gormonlarynyň täsiri netijesinde, doglandan soň, 3-5 günden, jyns agzalarynda üýtgeşmeler bolup geçýär. Gyzjagazlaryň süýt mäzleri çişýär, jyns ýollaryndan ak, sülekeý görnüşde bölünip çykmalar ýüze çykýar. Oglanlarda ýumurtga haltajygy çişip ulalýar.

Bu ýagdaýlar öz-özünden çalt geçýändir we ynjalyksyzlyga esas ýokdyr. Gyzjagazlaryň süýt mäzleri çişende olary gysmak bolmaýar.

 

Kelle   çanagyň   deformirlenmegi.

Täze doglan çaganyň süňkleri ýumşak bolýar. Şonuň üçin hem çaga hemişe bir tarapa ýatyrlanda, maýyşgak süňkler içine gidip, kelle çanagyň görnüşiniň üýtgemegine getirip biler.

Çagany ýatyraňyzda gezekleşdirip, sag we çep tarapa öwrüň. Käwagtlar bolsa, çaganyň bir tarapa ýatmagy, onuň dogabitdi boýny gyşyklygy sebäpli hem bolup biler.

Boýundaky myşsalaryň we nerwleriň zeperlenmegi netijesinde, çaganyň boýny diňe bir tarapa öwrülip bilýär. Şonuň netijesinde hem, kelle çanagyň görnüşiniň üýtgemegi bolup geçýär.

Haýal etmän hirurg lukmana ýüz tutmalydyr. Süňkleriň bekäp başlamagy bilen, 3 aýdan soň bu ýagdaýy bejermek kyn bolýar.

 

Çaganyň   tenmegi.

Bu ýagdaý yssy howada has köp duş gelýär. Boýunjygy ýa-da köýnejiginiň aşagy ownuk, gyzyl nokatjyklar bilen örtülýär. Bu allargiki täsir dälde, tengindir.

Çaganyň bedenini günde iki gezek gaýnan suw bilen süpürişdiriň. Tomus aýlary bolsa, günde 1-2 gezek suwa düşürme bu ýagdaýyň çalt geçmegine kömek eder. Tengin ýerlere çaga prisypkasyny (toz görnüşli derman) sepiň.

Caga seredilmedik ýagdaýynda, gyzyl nokatjyklar pakgarçaklara öwrülýärler. Olar ýarylyp, agyryly ýaralary emele getirip, çaga ezýet baryny berip biler. Şol ýaralar arkaly dürli ýokançlyklar hem bedene aralaşyp biler.

 

Deriniň   gyjyndyrylmagy   arkaly   döreýän   ýagdaý (deriniň   bişmegi).

Deriniň eşik bilen galtaşýan ýa-da suwuklyk bilen gatnaşykda bolýan ýerlerinde ýüze çykýar. Çaganyň boýun gasynjyklarynda hem bolýar.

Gasyklarda, ýanbaşda, çaganyň peşewiniň we täretiniň derini gyjyndyrmagy netijesinde köp duş gelýär. Deri gyzaryp, alawlama ýagdaýy ýüze çykýar.

Bejergi ýönekeýdir. Zyýan ýeten ýeri suw bilen ýuwup, arassa süpürgiç bilen basyp, guradyp süpürmelidir. Sinkiň okisini saklaýan melhemi çalmak maslahat berilýär. Ony çaga prisypkasy bilen hem gezekleşdirip ulanmak bolar.

Howanyň maýyl wagty, çagany arlyksyz, eşiksiz arassa howada saklaň. Çünki howa şikeslenen ýerleri guradýar. Çereda, çopantelpek, dub agajynyň gabygy ýaly otlar bilen çagany suwa düşürmek peýdalydyr.

Çaganyň içi geçende, artbujagyň derisine zyýan ýetme ýüze çykýar we ony ýokardaky usullar bilen bejerme degerli netijäni bermeýär. Çaganyň içiniň geçmeginiň sebäbini bilmelidir.

Täze doglan çagalarda, iýmit siňdiriş agzalaryň işiniň entek kämil däldigi sebäpli, içegedäki peýdaly bakteriýalaryň utgaşmasynyň bozulmagy sebäpli, bedene düşen dürli ýokançlyklar iç geçmäniň sebäbi bolup biler. Şonuň ýaly ýagdaýlarda lukmana ýüz tutuň. Täretiň barlagyny geçirip, ol degişli bejergi berer.