ÇAGANYŇ PSIHOMOTOR ÖSÜŞINIŇ DÖWÜRLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

Nerw ulgamynyň esasy wezipeleri bedende bolup geçýän ähli fiziologiki tapgyrlary sazlamagy we daşky gurşawyň täsirine  üznüksiz uýgunlaşmagy üpjün etmekden ybaratdyr. Nerw ulgamynyň entek adamyň ösüşiniň başlangyjynda – düwünçek döwri (2-3 hepdeden) düýbi tutulyp, enäniň göwresindäki geçiren galan wagtynda yzygiderli ösýär hem kämilleşýär.

Çaga dünýä kämilleşmedik görnüşdäki beýni bilen doglup, onuň galan ösüşi daşky gurşawyň täsiri esasynda 20-25 ýaşa çenli dowam edýär. Körpejäniň nerw-psihiki ösüşüne, işlenilip taýýarlanan ölçegler esasynda, ýaşaýşynyň birinji ýylynda her aýda, ikinji ýylynda dört aýdan bir gezek, üçünji ýylynda bolsa ýarym ýylda bir gezek baha berilýär. 

Psihomotor ösüşiniň aýratynlyklary – bu onuň ýaşyna, doga we nesil yzarlaýjy häsiýetlerine görä: akyl ýetiriş,  hereket ediş ukyplarynyň ösüşidir. Şolaryň netijesinde çaganyň daşky gurşaw bilen aragatnaşygy bolup geçýär.

Ýagty jahana ýaňy nazaryny salan çagada hiç hili endikleri bolman, diňe refleksleri bolýar. Ýöne aýlaryň geçmegi bilen, kem-kemden refleksler çylşyrymly endiklere we başarnyklara orun berýär. Bular esasy çaganyň ýaşaýşynyň birinji ýylynda bolup geçýär. Şonuň üçin-de bu döwür körpeje we onuň ata-eneleri üçin örän wajyp hasaplanýar. Her bir ata-enä çaganyň psihomotor ösüşiniň döwürlerini bilmek zerurdyr.

♦ Bir aýlyk çaga nämäni başarýar? Ol gaty sesi duýup başlaýar – tisginýär. Eger öňünde oýunjagy hereketlendirseň, şoňa tarap seredýär. Garnyna ýatyrylan ýagdaýynda, kellesini galdyrmaga çalyşýar, ýöne entek ony saklap bilmeýär.

♦ Çaga iki aý bolanda – uzak wagtlap halaýan oýunjagynda, hossarlarynyň tanyş ýüzünde ünsüni saklaýar, ejesiniň hereketlerini we başga-da töwereginde bolup geçýän ähli gymyldylary synlap başlaýar. Ol eýýäm ýagty çyrany hem duýýar. Emip oturan wagty çyra ýakylsa, durup diňşirgenýär. Körpejä lak atylanda – şadyýan ýylgyrýar.

♦ Üç aýlyk bolandan soň çaga kellesini saklap  ugraýar, aňly-düşünjeli ýylgyryş peýda bolýar. Bu ýaşda ol eýýäm özüne ýüzlenilýändigini aňşyryp,  ýagtylygyň we sesiň çeşmesini gözi bilen gözläp ugraýar. Ýüzün ýatyrylan ýagdaýynda ol ellerine daýanyp, kellesini ýokaryk galdyryp saklamagy başarýar. Sallançagynda asylgy duran oýunjaklaryna ellerini uzadyp, özüçe ses çykaryp gürlemäge synanyşýar, saz bolsa, onda ýakymly şatlyk duýgusyny oýarýar.

♦ Dört aýda çaga eýýäm ejesini we hossarlaryny tanap, ýat adamlary saýgarýar. Sallançagynda asylgy duran oýunjaklara ýapyşyp, özüne çekmäge   we agzyna salmaga synanyşýar. Bu ýaşda olar kellejiklerini oňat saklamagy, goltugyndan galdyryp ýerde dik duruzylan ýagdaýynda aýajyklaryna daýanmagy bilmeli. Emeli süýt bilen iýmitlendirilýän dört aýlyk çagalar çüýşejiklerini eljagazlary bilen saklamaga çalyşmaly.

♦ Bäş aýda çaga ýakynlaryny oňat tanap, ýat adam golaýlanda aglap başlaýar. Ol eýýäm tanyş sesleri we äheňleri tanaýar. Özbaşdak uzak wagtlap ýüzün ýatmagy gowy görýär. Goltujagyndan tutup aýak üstünde goýlanda göni durmagy başaryp, hatda ädim ätmäge-de synanyşýar. Oýunjagyny eline alyp, uzak wagtlap synlap saklap bilýär. Çemçeden iýmitlenmegi başarýar. 

♦ Alty aýlyk çaga eýýäm öz adyny bilmeli. Ýüzin ýatan ýerinden arkanlygyna öwrülmäni, özbaşdak oturyp bilmese-de, ýöne biri oturtsa, özüni saklamagy başarmaly. Gürlemäge synanyşanda, öňküsi ýaly galmagal çykarman, aýratyn bogunlary aýdyp bilmeli. Çemçeden gowy iýmegi öwrenip,  käseden içmegi hem başarmaly.

♦ Ýedi aýda çaga çalt emedekläp, duran  oýunjaklaryny özbaşdak alyp   oýnamagy öwrenýär. Uzak wagtlap öz düşnüksiz dilinde wagyr-wugur gepleýär, gülýär.

♦ Sekiz aýda körpeje özi oturmany öwrenýär. Oturan ýerinden özbaşdak ýatmagy, ýapyşyp turmagy, ädimlemegi, oturyp turmagy hem başarýar.

♦ Dokuz aýda ol saz eşdende tans edip ugraýar, emedekläp başlaýar.  Özüniň ady tutulýanlygyny bilýär. Nähili oturan bolsa hem aňsatlyk bilen turup bilýär. Ýapyşyp ýöremegi  öwrenýär.

♦ On aýda iki elinden tutanyňda ýöremegi başarýar. Öz dilinde äheňli  gürlemegi öwrenýär. Çaga ownuk zatlar bilen gyzyklanyp, olary ellemegi, synlamagy gowy görýär. Özüni gyzyklandyrýan zady barmagyny çommaldyp görkezip bilýär. 

♦ On bir aýda ol başga çagalar bilen oýnap başlaýar. Gowy durmagy öwrenip, ilkinji özbaşdak ädimlerini edýär. Ilkinji sözlerini aýdýar.

♦ On iki aýda ol eýýäm köp zatlaryň adyny bilip, beden agzalaryny aýdanyňda olary görkezmegi başarýar. Ýönekeý sözleri aýdyp bilýär. Ol indi arkaýyn ýöreýär, oturýar, gerek zadyny ýerden galdyrýar. Onuň söz baýlygy gün-günden artyp başlaýar.

Çaganyň psihikasy aşakdaky tapgyrlara görä ösüp kämilleşýär:

► Iki ýaşyň içindäki çagalaryň söz baýlygy 300 söze golaýlaýar. Ol özbaşdak iýip, geýinmäni başarýar.

► 3-6 ýaşlarynda körpejäniň hereket etmek endiklri kämilleşýär. Ol surat çekmegi öwrenýär we göni, tegelek çyzyklary çyzýar.

► 4-6 ýaşlarynda çaganyň sözleýiş dili kämilleşýär. Ol aýdylýan zatlara gowy düşünip,  özi hem çylşyrymly çözlemleri ulanyp bilýär. Oýun oýnamak endigi ösýär.  Töwerekdäki zatlary kabul etmek bilen, çaga dürli fantaziýalar döredýär.

► Durnukly emosional ýagdaýy 7-10 ýaşda kämilleşýär. Çaga özbaşdaklygy öwrenýär, onda emosional ysnyşyk we estetiki garaýyş peýda bolýar, borçlulyk duýgusy, jogapkärçilik, başlan işini gutarmaklyk islegi taplanyp başlaýar.

► 11-12 ýaşda çaga jynsy taýdan ýetişip başlaýar. Bu döwür  onuň tertibi –  beýleki çagalar bilen we töwerekdäkiler bilen özara gatnaşygy taplanýar. Çaga, öz pikirini ýöretmegi, garaşsyz bolmagy isleýär.  

Çaganyň ösüşiniň belli bir döwürlerinde ýokary ynjyklygy we psihikasynyň duýgurlygyny synlap bolýar. Bu ýagdaý  çaganyň ýaşynyň howply döwürlerinde: 2-4, 7-8 ýaşlarynda we jynsy taýdan ýetişip başlan wagtlary ýüze çykýar.

Eger-de siz çagaňyzyň psihomotor ösüşiniň yza galýandygyny aňsaňyz, hökman lukmana ýüz tutup, degişli barlaglardan wagtynda geçmelisiňiz. Çaganyň psihomotor ösüşiniň yza galmagy, onuň saglygynda näsazlygyň bardygynyň ilkinji alamatydyr.