KIÇI ÝAŞLY ÇAGALARDA ÝITI RINITIŇ GEÇIŞ WE BEJERIŞ AÝRATYNLYKLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.68 (22 Ses)

Howanyň sowamagy, çaltdan sowuk howa bilen ýyly howanyň çalşyp durmagy sebäpli uly adamlaryň, ylaýta-da ýaş çagalaryň arasynda burun dykylma alamatly näsaglar köpelip başlady.

Burun näme sebäpden dykylýar?

Burun dykylmanyň sebäbi rinit – bu burun boşlugynyň nemli bardasynyň gaýnaglamasy bolup, dürli derejede ýüze çykýan burun dem almasynyň kynlaşmagy (burun dykylma), burundan dürli reňkde bölünip çykmalar, asgyrmak, gözüň ýaşarmagy ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýär.

Burun dem alyş ýollarynyň "gapysy" bolup, biziň ýaşaýyş üçin zerur bolan dem alýan arassa howamyz burnuň kömegi bilen arassalanyp, belli bir derejede ýyladylan howany bedenimiz kabul edýär. Öýkenimizde bolup geçýän howa alyş-çalşygynyň netijesinde emele gelen hapa howa (kömürturşy gazy) burun arkaly çykarylýar.

Ondan başga-da, burnuň nemli örtügi ownuk degna bölejiklerine baý bolup, ol bedeniň dürli agzalary we ulgamlary bilen baglanşykda bolýar. Şonuň üçin burnuň işleýşiniň – dem almasynyň ujypsyz bozulmalary hem ulularyň, esasan hem çagalaryň bedenine derrew ýaramaz täsirini ýetirýär.

Rinit çagalarda, uly adamlardan tapawutlylykda, özbaşdak kesel bolup ýüze çykmaýar. Ol dem alyş ýollarynda ýüze çykýan ýiti wirusly ýokançlyklarynda, çaganyň dem alyş agzalarynyň keselleriniň 70% ýagdaýlarynda birinji alamat höküminde ýüze çykýar. Maglumatlara görä, dem alyş ýollaryň ýokançlykly zeperlenmesi çaganyň ömrüniň birinji iki ýylynda ortaça 4-9 gezek gaýtalansa, mekdepe çenli ýaşly çagalarda bu ýagdaý has hem ýygy gaýtalanyp biler.

Rinit öz ýüze çykyşy we geçişi boýunça ýiti we dowamly, ýokançly we ýokançly däl häsiýetde bolup biler.

Ýokançly riniti döredijiler wiruslar (adeno, rino, reowirusy, paragripp we başgalar), bakteriýalar ýa-da olaryň ikisiniň hem utgaşmasy bolup, olar ýiti respirator wirus ýokançlyklarynyň, şol sanda dümewiň döremegine itergi berýärler.

Rinit ýokançly çaga keselleri: gyzamyk, täjihoraz, gyzylja bilen kesellän çagalarda hem keseliň ilkinji alamatlarynyň biri bolup duş gelip biler.

Kähalatlarda burnuň nemli bardasyny şikeslendiriji (çaganyň tötänlikde burnuna salan owunjak zatlary) jisimleriň ýa-da daşky gurşawda gyjyndyryjy häsiýeti bolan tozan, tüsse, bug we güýçli ysly himikatlaryň täsir etmegi hem ýokançly däl rinitiň sebäpleri bolup biler. Wagtyň geçmegi bilen olar allergiki täsirli keselleriň döremegine şert hem döredip bilýändirler.

Dem alan howamyz bilen wirus burnuň nemli örtüginiň kirpik görnüşli gyljagazlar bilen örtülen üstki gatlagyna düşüp, şol ýerde 1-3 günüň dowamynda ösýändir. Kadada kirpikli nemli örtük, burny oňa düşen ýaramaz bedenjiklerden arassalamak üçin niýetlenendir. Ýöne wirus dem alyş ýollarynyň nemli bardasynyň bütewliligini bozup hem-de onuň geçirijilik ukybyny ýokarlandyryp, bakteriýaly ýokançlyklaryň goşulmagyna ýardam berýänligi sebäpli, burun dykylmasynyň gaýraüzülmelerine getirip biler.

Burun dykylmada burnuň nemli örtüginden başga-da, burnuň gapdalynda ýerleşýän süňk boşluklarynyň (iki sany ýokarky äň, iki sany maňlaý, gözenek we pahna görnişli boşluklarynyň burun boşlugy bilen gatnaşygynyň barlygy sebäpli) nemli örtükleri seýle hem, gulaklaryň orta bölümi zeperlenip biler.

Kiçi çagalaryň öz burnuny özbaşdak arassalap bilmeýänligi sebäpli, ýokançlykly nemiň damagyň diwaryna akyp, onuň gaýnaglamasyny döretmegi, kiçi çagalarda rinitiň köplenç damagyň sowuklamasy (rinofaringit) bilen utgaşmagynyň sebäbi bolýandyr. Şeýle hem ýaş çagalarda ýokançlygyň gulaga, bokurdaga, aşaky dem alyş ýollaryna ýaýrap, gaýnaglama hadysasyna getirme mümkinçiliginiň ýokarlanmagy, köplenç gulaklaryň, bokurdagyň, bronhlaryň, käbir ýagdaýlarda öýken sowuklamasyny döredip biler.

Ýiti ýokançly rinit duýdansyz, alamatlaryň ikitaraplaýyn ýüze çykmasy bilen başlap, üç tapgyrlaýyn geçip biler.

Birinji – reflektor (bedeniň gyjyndyryja jogap berijilik ukyby) tapgyry çalt, birnäçe sagadyň dowamynda bolup geçýär. Burun boşlugynyň gan damarlarynyň büzülmegi sebäpli, kesel nemli örtügiň birden reňkiniň solmagy, guramagy, gyzmagy, köp asgyrma ýaly alamatlar bilen başlanýar.

Ikinji – burnuň nemli bardasynyň gaýnaglama tapgyry 2-3 gün dowam edip, gan damarlaryň giňemesi, nemli örtügiň gyzarmagy, balykgulak görnüşli boşlugyň çişmegi sebäpli, burundan dem almagyň kynlaşmagy, wirus ýokançlygynda burundan köp mukdarda reňksiz bölünip çykma, kähalatlarda nemiň akmagy (rinoreýa), gözüň ýaşarmagy, gulaklaryň dykylmagy, "burna salyp" gepleme, ys alşyň peselmegi ýaly alamatlar bellenilýär. Burnuň nemli örtügi açyk gyzyl reňke eýe bolýar.

Bakterial ýokançlygyň goşulmagy bilen üçünji – bakterial gaýnaglama tapgyry başlaýar. Näsagyň umumy ýagdaýy gowulaşyp, ýuwaş-ýuwaşdan burundan dem alma, ys alma öňki katdyna gelip, dikeldiş döwri başlanýar. Ýöne burundan bölünip çykmalar sary ýa-da ýaşyl reňke öwrülip, goýalýar. Burnuň nemli bardasynyň reňki ýuwaş-ýuwaşdan öz kadadaky reňkine gelýär, burun boşlugy ýuwaş-ýuwaş giňelýär.

Adatça keselçilik 7-10 gün dowam edýär. Ýokançlyklaryň (wiruslaryň, bakteriýalaryň) bedende ösüşine, kesel döretme ukybyna, şol sanda bedeniň kesele garşylyk görkezme ýagdaýyna baglylykda, keseliň alamatlary güýçli ýa-da gowşak derejede ýüze çykyp, käwagtlar ol diýen bildirmän hem biler. Käbir ýagdaýlarda, ýagny bedeniň kesele garşy durnuklylygy (immuniteti) ýokary bolup, wagtynda degerli we doly bejergi geçirilende, sagalmany 2-3 günüň dowamynda hem gazanyp bolýandyr. Tersine, bedeniň gowşak goranyş ukyplylygynda hem-de ýeterliksiz bejergi geçirilende, rinit 3-4 hepde dowam edip, gaýraüzülmelere getirip biler.

Burun dykylma näderejede howply?

Burun ýokarda bellenilip geçilen dem alyş hadysasyny amala aşyrma işinden başga-da, ys alyş, goraýyş we rezonator (sesi ýaňlandyryjy) işleri ýerine ýetirýändir. Burun dykylmada burnuň ýerine ýetirýän fiziologiki mümkinçilikleri bozulyp, bedende dürli agyr üýtgemeleriň döremegine getirip biler. Birnäçe aýlap, galyberse-de, ýyllap burundan dem almanyň bozulmalary, çagalarda ýüzüň we döş kapasanyň görnüşini üýtgedýär, bedende howa alyş-çalşygy bozulyp, dem alyş we ýürek-damar ulgamlarynyň işleriniň bozulmalaryna getirýär. Çaganyň umumy ösüşi we fiziologiki kämilleşmegi üýtgäp, ol çalt ýadaýar, ukysy bozulýar. Çaganyň ýady peselip, dagynyk, aljyraňňy, ünsüni jemläp bilmezlik häsiýetleriň döremegi ýüze çykyp biler.

Rinitiň esasy gaýraüzülmeleri bolan dowamly rinit, sinusit (ýüzde ýerleşýän süňk boşluklarynyň keselleri), ýiti orta otit (gulaguň orta böleginiň sowuklamasy) köplenç mekdebe çenli ýaşly çagalarda düş gelýär.

Esasan hem bir ýaşa çenli çagalarda eşidiş ýolunyň giň we gysga bolmagy, olaryň hemişe arkan ýatmagy hem-de üsgürip, ardynyp bilmeýänligi sebäpli, burnuň, damagyň nemli bardalarynyň gaýnaglamalarynda emele gelen nemli bölünip çykmalar, eşidiş ýoly bilen gulaguň orta bölegine akyp düşýändir. Bu ýagdaý bolsa, emýän çagalarda gulagyň ortaky bölüminiň gaýnaglamasynyň ýygy duş gelmegine getirýär. Çaganyň gulagy agyryp, çydamsyz agyrma derejesine ýetýär, ol biynjalyk bolup we kellejigini çaýkap, çirkin aglaýar. Şeýle ýagdaýlarda, bolup biljek gaýraüzülmeleriň (gulakdan iriňli bölünip çykmalar, gulagyň deprek görnüşli perdejiginiň deşilmegi) öňüni almak üçin gulak-burun-bokurdak lukmanyna ýüz tutmak örän wajypdyr.

Kähalatlarda burun boşlugynyň gaýnaglamasy çagada bar bolan dowamly keselleriň (meselem, böwrek keselleriniň, demigysma keseliniň we ş. m.) beterleşmesine itergi berip biler.

Bejergi çäreleri

Adaty geçýän ýiti rinit çaganyň ýagdaýy kanagatly bolan ýagdaýynda, ýokary depginli bejergini talap etmeýär.

Çaganyň bolýan otagyny çalt-çaltdan ýelejiretme, otagdaky howany çyglandyrma, otagda wagtly-wagtynda çygly esgi bilen tämizleme işlerini geçirme möhüm bolup durýandyr.

Körpejigiň gyzgyny ýokary bolsa, az-azdan otagyň gyzgynlygyndaky gaýnan suwy hödürläp, çalt-çaltdan içirmeli. Çagajygy zorlap emdirjek, iýdirjek bolmaly däl. Işdäsizlik – bedeniň kesellemä berýän tebigi biologiki jogabydyr. Eger çaga emmeden boýun gaçyrsa, süýdi sagyp, çaý çemçesi bilen berip içirmelidir.

Çaga ýatan wagtynda eginleriniň aşagyna ýassyk goýup, onuň kellesiniň we göwräniň ýokarky böleginiň biraz beýik ýagdaýda bolmagyny gazanmalydyr. Bu ýagdaý burundan nemiň çykmasyny ýeňilleşdirýär.

Täze dogan hem-de kiçi ýaşly çagalaryň (burny özbaşdak boşadyp bilmek ukybynyň ýoklugy sebäpli) burny bölünip çykmalar bilen ýapylan bolsa, ýörüte nem sorujynyň (aspiratoryň) kömegi bilen nemi sorduryp, burnuň açylmagyna ýardam bermelidir.

Kähalatlarda, iki aýa çenli çagalarda burnuň içindäki nemli örtüginiň işiniň ýeterlik derejede tertibe salynyp ýetişmänligi sebäpli, burundan nemiň köpräk bölünip çykmagy mümkindir. Bu ýagdaý entek rinitiň ýüze çykmasy hasaplanman hem biler. Körpejik burnuny çekýär we köp pyşyrdadýar. Şeýle ýagdaý bimaza eden wagty çaganyň burunjygy "gyjyklanyp", nem asgyrma bilen burundan çykyp hem bilýändir. Şeýle hem düýrlenen pagta (žgutik) ýa-da nem sorujy – aspiratory ulanyp, burun deşigini aňsatlyk bilen arassalap bolar.

Körpejigiň gaýnaglama hadysalary sebäpli burny dykylanda, onuň burnuna ene süýdüni damdyrmak maslahat berilýändir.

Burundaky nemiň gurap gatamagynyň öňüni almak hem zerurdyr. Nemiň guramagy sebäpli burun bilen dem alşyň kyn bolmazlygy üçin, burun dem alyş ýolunda çyglylyk saklanar ýaly duzly ergini guýmak maslahat berilýär. Onuň üçin taýyn fiziologik erginini ýa-da nahar duzunyň erginini (1 çaý çemçe nahar duzuny ýa-da şol mukdarda arassa deňiz duzuny 1 litr gaýnadylyp, sowadylan suwda eretmeli) ulanyp bolar. Damja damdyrylýan enjamyň (pipetkanyň) üç bölegine ýyladylan duzly ergini alyp, burnuň her deşigine gezekleşdirip guýup, yzyndan nem sorujy – aspiratoryň kömegi bilen sorup alma peýdaly bolup biler. Zerur bolsa şeýle çäre birnäçe gezek gaýtalanmalydyr. Duzly ergin burunda gatan nemiň ýumşap, burundan ýeňil çykmagyna ýardam berýär.

Käbir hünärmenler duzly ergine derek A we E witaminleriniň ýagly erginini ulanmagy maslahat berýärler. Bu ýagly erginler nemiň diňe bir guramagynyň öňüni alman, zeperlenen burnuň içki örtüginiň täzeden dikeldilmegine hem ýardam berýändirler.

Burun boşlugyny şpris ýa-da iç ýuwulýan enjam bilen ýuwmak maslahat berilmeýär. Sebäbi basyş bilen göýberilen suwuň eşidiş ýoluna duşup, otit keselini döredip biljekdigini ýatda saklamalydyr. Şol sebäpli, diňe nemlendirmeden soň nem sorujy bilen sorduryp, çaganyň burnunyň arassalanmagyny gazanma howpsyz çäre bolup biler.

Öý şertlerinde elýeterli hem ýönekeý damja serişdelerini derman otlardan taýýarlap, çagalara özwagtynda kömek berip bolar. Ol serişdeleriň birnäçe görnüşini Siziň dykgatyňyza hödürleýäris:

► Çeňňeli (kalendula), boýbodran (tysýaçelistnik) otlarynyň hersinden 1 çaý çemçe alyp, bir bulgur suw bilen garyşdyrmaly we 20 min. suwly gapda buglap duruzmaly;

► Täze şugundyry we käşiri gyrgyçdan geçirip suwuny almali. Emýän çagalara şiräni 1:1 gatnaşykda suw bilen gatyşdyryp ulanmaly;

► Badýany (petruşkany) owradyp, hasa salyp, sykyp suwuny almaly, bal bilen ýyly gaýnadylan suwy gatyşdyryp, 1:2 gatnaşykda ulanmaly;

► täze käşiriň suwuny we ösümlik ýagyny gatyşdyryp ulanmaly.

Bu taýýarlanan serişdeleriň haýsy hem bolsa bir görnişini körpejeleriň burun deşiginiň her tarapyna 1-2 damjadan, günüň dowamynda 3-4 gezek guýmalydyr.

Körpejeleriň burun dykylma alamatlaryny ýeňilleşdirmek, ýüzdäki süňk boşluklarynda we dem alyş ýollarynda döräp biljek gaýraüzülmeleriň öňüni almak maksady bilen, damar daraldyjy damja görnüşli dermanlary uly seresaplylyk bilen, lukmanyň maslahatyndan soň ulanmalydyr.
Körpejelere we bir ýaşly çagalara 0,25%-li Derinat erginini burunda gaýnaglama hadysalarynyň öňüni almak üçin ulanmak maslahat berilýär.

Bir ýaşa çenli çagalara damar daraldyjy damja dermany bolan Wibrosili, 0,01%-li Naziwini, Otriwini (çagalar üçin niýetlenen), bir ýaşdan soň 0,125%-li Nazal-Bebi serişdesini, iki ýaşdan uly çagalara Ksimelini, Naziwini, Naftezini ýaş boýunça görkezmelere eýerip ulanmak maslahat berilýär. Ýöne ol damjalary 3-5 günden uzak ulanmak bolmaýar. Ulanylýan serişdeleriň möçberini takyk ölçemek, bu dermanlaryň artyk mukdarynyň beden zäherlenmesine getirip bilme howpunyň öňüni alyp biler.

Derman serişdelerini çagalara ulanmazdan öň, her dermanyň ýanynda goýulýan ulanyş görkezmesi bilen tanyşma, derman serişdesiniň ýaşa görä mukdaryny we ulanma garşy görkezmeleri kesgitlemäge kömek edip biler. Galyberse-de, rinit keseli başlananda, çagada ýüze çykyp biljek gaýraüzülmeleriň öňüni almak üçin lukman bilen maslahatlaşma ýerlikli bolar.