ÇAGA UKUSYNYŇ BOZULMAGYNYŇ SEBÄPLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (36 Ses)

Dokuz aýlyk asudalykdan soň, ýaňy dogulan çaga uly ses bilen bu ajaýyp dünýä gelýär. Nähili we haçan dogry uklamalydygyny hem-de gije bilen gündüziň tapawudyny ol entek bilenok. Bu ýagdaýlarda özüňi alyp barmagy oňa ene-atasy öwretmeli bolar.

Mümkin siziň perzendiňiz gijesine gowy uklaýandyr, bary-ýogy bir-iki gezek oýanyp we enesini emip, ýene-de uka gidýändir. Mümkin gündizine hem özüni rahat alyp barýp we emenden soň biraz wagt töweregine syn edip, ýuwaşjadan süýji uka batýandyr. Siziň hem öz işleriňizi edip, arkaýyn dynjyňyzy almana mümkinçiligiňiz döreýändir. Ýöne şeýle oňaýlylyk örän seýrek bolýar. Çaganyň uklama häsiýeti uly adamyň ukusyndan tapawutlanýar.

Bilýän bolsaňyz, uky çuňňur hem ýüzleý häsiýetli bolup bilýär. Uly adamyň ýüzleý ukusy uklamanyň 20%-ni tutsa, ýaňy doglan çaganyň ukysynyň 80%-ni, 6 aýlyk çaganyň ukysynyň bolsa 50%-ni tutýar. Ýüzleý uky derrew töwerekdäki gelýän sesleriň ýa-da çagada döreýän oňaýsyzlyklaryň (iç sanjama, açlyk, gorky we ş. m.) täsiri bilen kesilip bilýär. Bu kadaly ýagdaý bolup, ýüzleý uklama wagtynda çagajygyň beýnisiniň ösüş hadysasy bolup geçýär, täze gören, eşiden, duýan wakalaryny, duýgularyny seljerip özleşdirýär, çaga ertirki gün üçin gerek boljak çüýç toplaýar. Çalt oýanma – bu taze gurşawda ýönekeý we adaty ýaşaýyş usulydyr, bu tebigatyň kanunydyr. Çagajyk gürläp bilmänsoň, bu usul arkaly enesine ony biynjalyk edýän zatlar barada duýdurýar. Mümkin, oňa bir gapdalda ýa-da arkasynda ýatmak oňaýsyzdyr ýa-da ol suwsaýandyr, bolmasa-da ajygýandyr. Mümkin onuň arlyklary öldür ýa-da bolmasa onuň içi agyrýandyr, gulajygy sanjýlaýandyr...

ÇAGA ÝETERLIK UKYSYNY ALÝARMY?

Bu soraga diňe onuň ene-atasy jogap berip biler. Egerde çaga oz ýaşyna laýyk ösüp, arkaýyn oýanýan we uklamadyk wagty şatlykly, rahat görünýän, töweregindäki hemme zat bilen gyzyklanýan, her aýda agramyny kadaly alýan bolsa hem-de işdäsi açyk bolsa, diýmek çaga ukydan hem doýandyr.

Bir aýlyk çaga bir gije-gündiziň döwamynda 18-20 sagat ýatýar. Üç aýlyk çaga bir gije-gündiziň döwamynda 17-18 sagat ýatýan bolsa, bäş-alty aýlyk çaga takmyndan 16 sagat ýatýandyr.

Emma hiç wagt iki aýlyk çaga yzygiderli 3-4 sagatdan köp ýatmaýar. Käbir çagalar eýýam 8 hepdelik ýaşyndan başlap gijesine gowy ýatyp bilýärler. Köplenç ýagdaýlarda çagalar alty aýlyk ýaşa çenli ukynyň arasyny kesip ýatýarlar.

UKLAMA ISLEGINIŇ ALAMATLARY

Çaga pallaýar – pallama arkaly çaganyň öýkenine köp mukdarda kislorod düşüp, ýadaw çaga bedeni kuwwatlylyk bilen üpjün bolýar.

Çaga gözlerini owkalaýar, gözleri gyzaran – çaga uzak wagtlap oýanyp gezse, gözler gurap başlaýar we olary owkalan wagty ýaş çykarýan mäzler işläp başlaýar.

Çaga ýadaw görünýär – köşeşip uka gitme maksady bilen, çaga agzyny açyp enesini emmek islegini bildirip başlaýar.

Ine, çagajyk uklama islegini hossarlaryna bildirse-de, uka gitmek asla aňsat iş däl eken.

NÄHILLI PÄSGELÇILIKLER UKYNYŇ BOZULMAGYNYŇ SEBÄBI BOLÝAR?

Iç sanjama, iç ýellenme, disbakterioz (adaty içege mikroflorasynyň bozulmagy) – bu köplenç duş gelýän we çagany ilkinji üç aýyň döwamynda biynjalyklyga getirýän sebäpdir.

Otit – gulagyň sowuklamasy. Bokurdakdan, burun boşlugyndan ýokançlyklaryň ýewstahiew kanalynyň (gulaga ýakyn ýerleşýar) üsti bilen geçip, gulagyň bölümlerini zeperlenmegidir. Otit esasan hem çaga ýatan wagty güýçli agyrylaryň döremeginiň sebäbi bolýar.

Gaýtarma – çagajygyň aşgazanyndan gyzylödege we agyz boşlugyna iýmitiň çykmagy. Çaga agyry duýar, aglap ynjalyksyzlanýar.

Allergiýa, demgysma, burundan suw akma – çagajygyň burny dykylýar, dem alyşy kynlaşýar.

Gijelewük – diateziň ýüze çykmagy, diş çykýan döwri etiniň gijemegi.

Nerw ulgamynyň näsazlyklary – gaharjaňlyk, biynjalyksyzlyk, aglaklyk, kelläni gaýşdyryp aglama häsiýeti.

Maşgaladaky emosional dartgynlylyk – ýygy-ýygydan dawa, enäniň gahar-gazap duýgulary çaganyň emosial ýagdaýynada täsir edýändir.

Ýerbe-ýer gurnalmadyk otagyň şertleri – sowuk düşek, howasy gurak, petiş otag, sowuk ýa-da gyzgyn howa, öwrenişilmedik sesler ýa-da yslar, oňaýsyz krowat. Başga ýerden gelýän sesler hem uka gitmäge päsgel berip bilerler (meselem, goňşylardan gelýän diwar deşijiniň, çekijiň sesleri, aýdym). Tersine, bütinleý asudalykda şygyrdy eşidilýän ýagdaýda hem bäbejik ony ünsli diňleýär, onuň uklamagyna päsgel döredýär.

ÇAGANYŇ RAHAT ÝATMAGY ÜÇIN...

Ilki bilen ynjalyksyzlygyň sebäbini ýok etmäge, ýatýan otagynda hem-de düşeginde oňaýly şertleri döretmäge çalşyň. Mümkin bolsa birnäçe lukmanlaryň pikirlerini biljek boluň. Bir lukman size rahatlandyryjy serişdeleri maslahat berse, beýleki lukman hiç zat etmegiň gereginiň ýoklugy babatda ynandyrar, üçünjisi bolsa owkalama, maşk etdirme, arassa howada gezelenç, rahatlandyrýan otlar bilen uklamadan öň suwa düşürmäni maslahat berip biler. Çaganyň birahat ukysy sizi aladalandyrýan bolsa, bu ýagdaýy ölçäp, oňa her tarapdan seljerme beriň. Öz perzendiňiz üçin iň oňaýly maslahaty saýlap alyp bolar.

Ene bilen çaganyň ýakyn aragatnaşygy wajypdyr. Çagajyga wagtynda üns berip, onuň ýanynda bolmak, onuň bilen mähirli gürleşip, ýatmazyndan öň hüwdülemek onuň nerw ulgamynyň işini rahatlandyrmaga ýardam berip biler. Çaga ýatyrmazdan öň otagyň howasyny çalyşmak, ýöne körpejäniň düşegini bolsa gyzdyrmak zerurdyr. Sebäbi çagalar sowuk düşegi halamaýarlar we çalt oýanýarlar. Rahatlandyryjy we mylaýym sazlary ýa-da ýazga geçirilen janly tebigata degişli owazlary (ýagşyň, deňiz tolkunlarynyň, tokaýdaky şemala ygşyldaýan agaçlaryň seslerini diňletmek) çaganyň çalt uklamagy üçin peýdaly çäreler bolup biler. Çagada oňaýsyzlyk döretmezlik üçin emdirýän enä içegeleri ýellendirýän ömümleri (kösükliler, kelem, gazlandyrylan içgiler, üzüm, gawun) iýmekden saklanmalydyr.

Uka gitme düzgünini düzüň. Köplenç uka gitmegi suwa düşmeden, ýakymly saz bilen bilelikde rahatlandyrýjy owkalama geçirilmeden başlama netijeli bolup, soňra ýyljak eşik (pižama, trikotaž arlyk) geýlenden soň enäniň süýji hüwdili owazlary goşulsa, çagajygyň süýji uka gitjegi ikiuçsyzdyr. Ýaşy ulyrak çagalara erteki aýdyp beriň. Belki, onuň manysyna çaga gowy düşünmese hem, siziň ýuwaş sesiňiz ony rahatlandyrar.

Çagajyga her gün bir wagtda ýatmaga endik etdiriň. Barlaglaryň görkezişi ýaly, çaga sagat 19.00-21.30 aralykda ýatyrylsa gowy uklaýar. Şundan gijä galynanda çaga gaty ýadaýar, onuň nerw ulgamynyň aşa tolgunmagy netijesinde, ony uklatmak kyn bolýar. Uka gitmezden öň uly ýaşly çagalara oýunlar oýnama, tolgundyryjy multfilmleri we kinofilmleri görmek maslahat berilmeýär.

GIJE BILEN GÜNDIZI ÇALYŞMA

Köplenç ýaňy doglan çagalarda gije bilen gündizi çalyşma häsiýeti döräp, ol enäniň, aslynda bütün maşgalanyň gün tertibinde oňaýsyzlyk döredýär. Iki-üç hepdelik körpejä gije bilen gündiziň tapawudyny "düşündirmäge" çalyşmalydyr. Gündiz, çaga oýa wagty, onuň oýnap hereket etmegini goldamalydyr. Töwerekden gelýän sesleriň derejesini peseltmäň (telewizor, telefon, gürrüň, kir ýuwýan maşynyň sesi we baş.), çagany gündizki seslere öwrenişdirmelidir. Emdirilýän wagty uka gidýän bolsa ony ýuwaşlyk bilen oýandyryň. Gijesine bolsa çaga bilen oýnamaň, otaga düşýän ýagtylygy we töwerekden gelýän sesleri peseldiň. Aradan wagt geçensoň körpejik gündiziň oýun, gijäniň bolsa uky üçindigine düşünip başlar.

DÜZGÜNLERE UÝMA WAJYPLYGY

3 aýlykdan başlap çaga 6 sagadyň döwamynda öýanman ýatyp bilýär. Emma ol, saglyk kynçylyklary bolmazdan, gündizine we gijesine gowy ýatmaýan bolsa, bu çaganyň "eldeki" edilendiginiň alamaty bolup biler. Ýygy-ýygy çaga emdirilse, üwräp ýatyrylsa, çaga öýanan wagty sebäpsiz gujaga alnyp, elmydama göterilse çaganyň çalt öwrenişmegi bolup geçýär. Ol özi uklap başarmaýar, oýanandan soň hem enäniň şeýle hereketlerini talap edýär.

Dürli ýagdaýlarda hemişe tertibi saklamaga çalşyň. Çaga gündizine ýatmaly, şol bir wagtda iýmitlenmeli we oýnamaly. Oňa özbaşdak uka gitme mümkinçiligini beriň. Bu örän wajypdyr. Uka batmazyndan öň ony krowatda ýatyryň. Goý ol özi uka gidip öwrensin. Eliňizde göterip, sallançakda üwremegiň geregi ýokdur. Gijesine oýanandan soň, onuň üwrelmek islegini goýdurmak aňsat düşmez.

Çenden aşa uzak wagtlap ýatýan çagalar hem duş gelýär. Şeýle çagalar 6-8 sagadyň döwamynda oýanman uklaýarlar. Olar hereketjeň däl, gowşak emýärler, oýnamaýarlar we agram alşynda kada laýyk köpelmeýärler. Bu ýagdaýda enesiniň özi irden oýandyryp, günüň dowamynda ony oýnadyp we gezdirip, çagany kadaly gün tertibine öwrenişmäge kömek etmelidir.