GÖWRELILIKDE KOFE IÇMEK: PEÝDASY WE ZYÝANY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (30 Ses)

Döwürdeş aýallar öz gün tertibini kofe içgisiz göz öňüne getirip bilmeýärler. Kofe günüň başlangyjynyň, dost-ýarlar bilen duşuşyklaryň hemrasy bolup hyzmat edýär. Öndürijiler kofe içgisiniň dürli görnüşlerini öndürýärler, biz bolsa olaryň datly tagamyny datmaga howlugýarys. Häzir dükanlaryň tekjesinde üwelen, däneli, granulirlenen, ereýän kofe içgisine duşmak bolýar. Bu içginiň taýynlanşynda goşulýan goşundylar bolsa öz köpdürliligi bilen tapawutlanýar: süýt, buzgaýmak, limon, korisa, hat-da gyzyl burç bilen hem.

Köp lukmanlar bu içginiň peýdaly, ýaramly häsiýetlerini belleýärler:

► Kofe, has takygy onuň düzümindäki kofein beden ýeňilligini we akyl dürsligini döredýär;

► Kofe içgisiniň şekersiz kabul edilmegi dişiň çüýremeginiň we diş daşlarynyň döremeginiň öňüni alýar;

► Kofede saklanýan antioksidantlar juwanlygy saklamaga kömek berýär;

► Içginiň hoşboý ysy ýadawlygy aýryp, bedeni gowşadyjy täsire eýedir;

► Gara kofe alyş-çalyş hadysalary tijendirýär. Şonuň üçin hem lukmanlar horlanmaga ymtylýan adamlara ertirlik wagty bu içgini şekersiz kabul etmegi maslahat berýärler.

Ýöne taýagyň iki uçly bolşy ýaly, kofe içgisiniň beden üçin ýaramaz täsirleri hem bellenilýändir:

→ Kofe diş örtüginde aýrylmasy kyn bolan sary örtügi emele getirýär;

→ Kofe buşukdyryjy serişde bolup, bedeniň guraklanmagyna we kalsiý mineralynyň çykarylmagyna itergi berýär;

→ Kofe nerw ulgamy aşa tijendirip, ukysyzlygyň döremegine getirýär;

→ Gan basyşynyň ýokarlanma keselinden ejir çekýän adamlara kofe içmek bolmaýar. Ol gan basyşy ýokarlandyrýar.

→ Kofe içgisiniň aşa köp içilmegi (bir gije-gündizde 3 çaşkadan artyk) deriniň ýagdaýyna ýaramaz täsir edip, ony guradýar we deride garrama alamatlarynyň ir ýüze çykmagyna getirýär.

Ýaramaz täsirlere garamazdan, elmydama kofeli çaşkajykdan ýüz döndürme kyn bolup durýar. Ýöne käbir dörän aýratyn ýagdaýlarda kofe içgisini kabul etmek barada pikirlenme zerurdyr.

Göwrelilik döwri aýalyň durmuşyny we endiklerini düýpleýin üýtgedýär. Kofe içgisini göwreliligiň birinji ýarymynda kabul etmek soragy has hem wajyp bolup durýandyr. Bu wajyp döwürde çaganyň beden agzalary emele gelýär we islendik ýaramaz faktorlar bu döwürde öz ýaramaz täsirini ýetirip bilýändir.

Göwreliligiň irki möhletlerinde kofe içmekden saklanmalymy?

Birnäçe ýyl mundan öň hemme lukmanlar göwrelilere kofe içmegi gadagan edýärdiler. Gadaganlygyň esasy sebäbi hem kofeindi. Kofein böwrekleriň üsti bilen çykarlyp, öň hem göwrelilik sebäpli agramly şleýän böwreklere täsirini ýetirýär. Şeýle-de, gan aýlanşygy bilen kofein çaganyň bedenine düşüp, onuň alyş-çalyş işjeňligine täsirini ýetirýär. Aýdylan hemme deliller kofe içgisiniň göwreliniň bedenine ýaramaz täsir edýändigini alamatlandyrýar. Ýöne söýgüli içgini içmek islegi güýçli bolsa näme etmeli?

Ilki bilen siziň hereketleriňiziň we endikleriňiziň diňe size däl-de, eýsem çagada täsir etjekdigini ýatda saklamalydyr we öz lukmanyňyzyň maslahatyny almalydyr. Ol siziň beden aýratynlygyňyzy, göwreliligiň geçişini nazara alyp, kofe kabul etme barada mümkinçiligi we onuň mukdaryny kesgitläp biler.

Lukmanlaryň maslahatyna görä, göwreliligiň ikinji ýarymyndan siz käwagtlar öz halaýan kofe içgiňizi kabul edip bilersiňiz. Ýöne kabul etmäge garşy görkezmeler babatda hem habarly bolmalydyr.

Göwreliligiň ikinji ýarymynda, ýagdaýyňyz gowy bolan halatynda hem, indiki görkezmeler kofe kabul etmek üçin gadaganlygy düzüp biler:

♦ Sizde göwrelilik döwründe gan basyşynyň ýokarlanmagy syn edilýär. Kofe gan basyşy has hem ýokarlandyryp, gaýraüzülmeleriň döremegine getirip biler.

♦ Çaganyň ýürek urmalarynyň çaltlanmagy syn edilýär. Kofe çaganyň ýürek urmalaryny çaltlaşdyrýar.

♦ Bedende kalsiý ýetmezçilik edýän bolsa, kofe içgisini göwreliligiň dowamynda kabul etmek maslahat berilmeýär. Bu ýagdaý dogjak çaganyň direg-hereketlendiriş ulgamynyň nädogry emele gelmegine itergi berip biler.

Kofe iiçgisiniň göwreliligiň irki möhletlerinde aşa köp kabul edilmegi düwünçegiň düşmelerine, kislorod ýetmezçiligine we çaganyň ösüşiniň saklanmagyna getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Eger siz özüňizde kofe kabul etmäge garşy bir görkezme kesgitlän bolsaňyz ýa-da göwreliligiň irki möhletlerinde kofe içgisini içmekden saklanmagy isleýän bolsaňyz, onda onuň ýerini tutujy içgileri anyklamak peýdaly bolar.

Kofeinsiz kofe içmek howpsuzmy?

Köp göwreliler kofeinsiz kofe içgisini kabul etmegiň howpsuzlygy barada soraýarlar. Ony içmek howpsuzmyka?

Ilki bilen, kofeden kofeiniň "alnan" ýagdaýynda içgide onuň biraz mukdarynyň galýandygyny bellemelidir. Ondan başga-da, kofeini almak üçin ulanylýan himiki maddalaryň çaga üçin ýaramly bolup bilmejekdigini ýatda saklamalydyr. Şonuň üçin hem, göwrelilik döwri kofeinsiz kofe kabul etmekden saklanmalydyr.

Kofe içgisiniň ýerini tutujy ot ýygyndylary we sikoriý

Kofeden tapawutlylykda, sikoride kofein ýokdyr we ol nerw ulgamyna köşeşdiriji täsirini ýetirýändir. Sikoriý özünde iýmit siňdirişi kadalaşdyryjy insulini saklaýar. Bu häsiýet bolsa göwreliligiň irki möhletlerinde içiň gatamalaryndan we aş saýlamadan kösenýän aýallar üçin peýdaly bolup biler. Ýöne sikorini hem edil kofein ýaly, gastrit, aşgazanyň we onikibarmak içegäniň baş kesellerinde, warikoz keselinde kabul etmek bolmaýar.

Otlardan ýasalan ýygyndylar sizi diňe ýakymly ysy bilen özüne çekmän, nerw ulgamyny köşeşdiriji, alawlama hadysalaryna we ýokançlyklara garşy täsirliligi bilen hem peýdaly bolup bilerler. Göwreliler üçin çopantelpegiň, it burunyň, ýandagyň, smorodinanyň, malinanyň gaýnatmalary peýdaly bolup biler. Ýöne bu otlaryň dermanlyk täsiriniň bardygyny göz öňüne tutup, olary günde 1-2 çaşka mukdarda kabul etmek ýeterlikdir. Öt ýygyndylary kabul edilende olaryň döredip biljek allergiki täsirliligi babatda habardar bolmalydyr we olary ulanmazdan öň lukman bilen maslahatlaşylmalydyr.