ENELER ÜÇIN NIÝETLENEN SMS

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (27 Ses)

Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynda näsag-lukman aragatnaşygyny gowulandyrmak, ykjamlaşdyrmak maksady bilen yzygiderli täze usullar we mobil aragatnaşyk tehnologiýalar girizilýär we ulanylýar. Bu günki makalamyzda şeýle şowly tejribäniň biri bolan "sms ejä" (rus. SMSMame, eng. "Text4Baby") atly meýilnama siziň ünsüňizi çekmek isleýäris.

SMS EJÄ NÄME?

SMS ejhä-bu tölegsiz rus meýilnamasy bolup (esasynda tölegsiz, mugt mobil hyzmaty bardyr), onuň esasyna göwreli zenanlara we ýaş ejelere ýurduň çäginde, islendik welaýatynda, çaganyň ösüşi, saglygy, iýmiti, ene süýdi bilen emdirmeklik düzgünleri, şeýle hem ýaş ejeleri jemgyýetçilik taýdan goldamaklyk:göwrelileriň zähmet hukuklary, çaga pullary baradaky maglumatlara özwagtynda, doly we dogry habardar etmeklik wezipeleri goýlandyr.

SMS hyzmaty-Rossiýa Federasiýasynyň Saglygy Goraýyş we Derman senagaty ministrliginiň ýörite toparlary we Akademik B. I. Kulakow adyndaky akuşerçilik, ginekologiýa we perinatologiýa ylmy merkeziniň geçiren barlaglary esasynda ýola goýulandyr.

SMS-ler NÄME BARADA? HYZMATLARA NÄHILI ÝAZYLYP BOLÝAR?

Bu meýilnama göwreli gelinleriň we bir ýaşa çenli çagaly ýaş ejeleriň arasynda döräp biljek has ýörgünli soraglara jogap berýär we olaryň düşünjesini artdyrýar.

Haçan ilkinji gezek düwünçege ultra ses barlagy geçirmeli? Haçan ol ýa-da beýleki barlaglary tabşyrmaly? Düwünçegiň ilkinji hereketlerini haçan duýup başlamaly? Täze doglan bäbejiklere suw bermeklik gerekmi ýa-da diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmelimi?...

Şeýle howsalaly soraglar, tutuş göwreliligiň dowamynda gelinleri ynjalyksyzlandyryp biler. Ýöne her bir geljekgi ene beýle soraglar bilen lukmana ýüz tutmaýar. Kimdir biriniň wagty ýok, ýene kimdir biri üçin beýle "ýönekeý" soraglar bilen lukmana ýüz tutmaklyk utanç ýaly bolup görünýär. Hut şeýle ýagdaýlary göz öňüne tutup, gelinleriň ikirjiňlenmelerini aradan aýyrmak maksady bilen "SMS ejä" atly meýilnamany döretme ýola goýlandyr. Bu meýilnama agza bolmaklyk üçin, geljekgi ejäniň kesgitlenen bir belgä açar sözi bolan "Eje" sözüni we göwreliligiň aýyny ýa-da çaganyň näçe aýlykdygyny ýazyp ugratmagy ýeterlikdir. Mundan soň ene hepdäniň dowamynda iki SMS jogap, ýagny çaganyň ösüşiniň basgançagy barada gerekli maglumaty alyp biler. Meýilnamadan diňe bir geljekgi ejeler peýdalanman, eýsemde kakalar ýa-da bolmasa olaryň garyndaşlary hem bular barada gerekli maglumaty alyp, hyzmatlara ýazylyp we peýdalanyp bilerler. Eger bu hyzmatdan ýüz döndermek islenilse, hiç hili kynçylyksyz, edil şol belgä "STOP" ýazgyny ýollamaklyk amala aşyrylýar.

Meýilnama barada jikme-jik maglumatlary şu ýerde rus dilinde okap bolar.

MEÝILNAMANY DURMUŞA GEÇIRENLER

Beýle meýilnama ilkinji gezek ABŞ-da döredilip (Text4Baby), eýýäm uzak ýyllaryň dowamynda ulanylyp gelinýär. 2010-njy ýylyň fewral aýynda ABŞ-yň hökümetiniň, Saglygy goraýyş gullugynyň we telekommunikasiýa şereketiniň alyp barmagynda, göwreli zenanlaryň we olaryň 1 ýaşa çenli çagalarynyň saglygyny gowulandyrmak maksady bilen "Text4baby" atly barlag meýilnamasy işe girizildi. Meýilnama welaýat saglygy goraýyş gullugynyň, çaga lukmanlarynyň, aragatnaşyk ulgamynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda düzülendir.

Meýilnama 2012-nji ýyldan bäri Rossiýada hem ýola goýlup, ýaş eneleriň saglygy, doguljak çaganyň saglygy barada aladalar yzygiderli alnyp barlyp, sagdyn nesliň dogulmagyna we ýaş eneleriň enelik tejribesini artdyrmakda uly goltgy bolup hyzmat edýär. Şeýle hem bu meýilnamanyň üsti bilen ýaş eneler özlerini gyzyklandyrýan sosial goraglylyga degişli soraglar babatda: çaga pullary (posobiýalar), göwreli enelere tölenilýän tölegler, dogrumda tölenilýän tölegler dogrusynda maglumaty alyp bilerler. Bu maglumatlardan ähli eneleriň habarlydygy gümanlydyr. SMS Saglyk Öýlerinden saglyk kartasyny, dogluş hakyndaky şahadatnamany nireden almalydygyny ýatladýar, geljekgi enäniň hukuklary dogrusynda gysgajyk maglumat berýär.

MEÝILNAMANYŇ MAKSADY

Enelik sagdynlygyny üpjün etmeklik, göwreliligiň kadaly geçişini we bir ýaşa çenli çagalaryň sagdynlygyny gazanmakdyr.

NAZARA ALYNÝAN DIŇLEÝJI TOPARLAR

Göwreli zenanlar, ýaş ejeler, saglygy goraýyş işgärleri, eneler bilen iş alyp barýan lukmanlar we çaga lukmanlary.

Meýilnamanyň ýerine ýetirýän işleri:

► Gelinleriň sagdyn durmuş hakyndaky düşünjelerini ösdürmek-sagdyn ýaşaýyş, sagdyn göwrelilik we çagalara ideg etmeklik, lukmançylyk hyzmatlary;

► Ata-eneleriň ikisiniň hem saglygy üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, dogrumdan öň we bir ýaşa çenli döwürde döreýän keselleriň öňüni almaklyk, gelinlerde lukmançylyk hyzmatlaryndan yzygiderli peýdalanmaklyga bolan endigi döretmek;

► Eneler bilen iş alyp barýan lukmanlaryň işine goldaw bermek;

► Berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokary derejede we netijeli bolmaklygy üçin saglygy goraýyş işgärleriniň iş tejribelerini ýokarlandyrmak, goşmaça kämilleşdiriş sapaklaryny geçmeklik;

► Häzirki zaman Saglygy goraýyş, aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak we olary oňat öwrenmek, olary köpçüligiň bähbidine ulanmak.

SEÝREKLIGI WE TÄZELIGI

Meýilnamany durmuşa geçirmek üçin döwlet, hususy we telekommunikasiýa guramalarynyň tagallalarynyň, şeýle hem bu hyzmatdan peýdalanmak üçin ýokary hilli mobil aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy, bu hyzmatdan peýdalanjaklaryň sanyny artdyrar.

Taslama neonatolog, akuşer-ginekolog we pediatr lukmanlary tarapyndan alnyp barlyp, oňa telekommunikasiýa şereketi we beýleki gyzyklanma bildirýän ugurlar: ministrlikler, edara-kärhanalar tarapyndan goltgy berilýär.

Eýsemde, häzirki wagtda dünýäniň ösen ýurtlary (ýa-da goňşy ýurtlar) bilen aýakdaş gitmeklik, sagdyn jemgyýeti döretmekligiň çaga saglygyndan başlaýandygyna düşünip, olaryň sagat nesil bolmaklary üçin biziň ýurdumyzda-da şeýle meýilnamalary ýola goýmaklyk, saglygy goraýyşda alnyp barylýan işleriň has hem hilini ýokarlandyrsa gerek. Şular dogrusynda sizde nähili pikirler, garaýyşlar bar. Geliň, pikir alşalyň!