ÝURDUMYZDA DÖRÄN PLASTIK PAKETLARYŇ "EPIDEMIÝASY"

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.65 (20 Ses)

Tebigat – adamzadyň ýaşaýşynyň gözbaşy bolup durýar. Eger-de adamlar tarapyndan zyýan berlip ýok edilmese, ömürlik gözbaşy we durmuş çeşmesi bolmagyny dowam eder. Gün geçdigiçe, adamlar tebigata, ekologiýa üns bermegi we gündelik hereketleriniň daşky gurşawa ýetirýän täsiri barada pikirlenmeklerini azaldýarlar. Adamlar dükanlardan satyn alýan harytlaryň gerekliligini, zerurlygyny sorag astyna almagy bes etdiler. Durmuşymyzda kän üns berilmeýän we gynansakda daşky gurşawa iň uly zyýan ýetirýän, gündelik durmuşymyzda ýygy ulanýan zatlarymyzyň biri bolan plastik paketlaryň zir-zibilde sanynyň artmagy uly bir kynçylyklaryň biri bolup durýandyr. Plastikdan ýasalan paketleriň daşky gurşawa, adam saglygyna ýetirýän zäherleýji täsirini göz öňünde tutsak, olaryň ulanylmagyna hiç hili zerurlyk ýokduguna düşünmek kyn bolanok.

Plastik baradaky hakykat

Plastik paketleriň zyýanly täsirleri mundan birnäçe on ýyl öň alymlar tarapyndan bellenilip başlanyldy. Plastik paketleriň daşky gurşawa we adam saglygyna ýetirýan zyýanyny belläp geçeliň:

1. Plastik we adam saglygy. Düzüminde rak (düwnük) keseliniň döremegine getirip biljek zäherleýji maddalary saklaýan plastik paketler zyňylandan soň, gün şöhleleriniň täsiri bilen dargap, topragyň zäherlenmegine hem sebäp bolýar. Barlaglara görä, ýylda 1 trilliona golaý plastik paket ulanylýar we zyňylýar.

2. Plastik we toprak. Dargap başlanda plastik paketler toprak we suwy zäherleýär. Şeydibem tebigy iýmitleniş zynjyryna girip, tebigatyň geljegine howp salýar. Plastigyň tebigatda pytramagy üçin ortaça 400, käbir görnüşleri üçin 1000 ýylyň gerekdigini hünärmenler belleýärler.

3. Plastik we haýwanlar. Sygyrlar, geçiler we beýleki mallar otlap ýören wagty plastik paketleriň böleklerini we galyndylaryny hem bile iýýärler. Bu bolsa haýwanlaryň kesellemegine we ölümine getirip biler.

4. Plastik Dünýä Okeanyny hapalaýar. Paketler kitler, delfinler ýaly süýdemdirijiler bilen bilelikde, balyklar we deňiz pyşbagalary ýaly 200 dürli deňiz jandarlarynyň janlaryna howp salýar. (World Wildlife Fund Report 2005). Ençeme ýyl öň, ýagny 1975-nji ýylda geçirlen barlaglara görä, gämiler ýylda 3 million 700 müň kg. plastik paketi deňize taşlaýarlar. (U.S. National Academy of Sciences) Soňky barlaglara görä, ýylda 6.4 million kg. paket okeana we deňize zyňylýar. Şu wagta çenli, 5.25 trillion sany plastik paketiň okeanlara we deňizlere zyňylandygy çaklanylýar. 2008-nji ýylda Kaliforniýada okeanyň kenarynda öli ýagdaýda tapylan uly kitiň aşgazanynda 22 kg. plastik paket tapyldy.

5. Plastik we tebigy baýlyklar. Plastik paketleriň ýygnalyp otlanylan wagty howply gazlar hem emele gelýär. Barlaglara görä, 1 ýylda diňe ABŞ-da 12 mln. barrel nebit plastik paket öndürmek üçin ulanylýar. 4 adamdan ybarat maşgala bir ýylda 1460 (!) sany paket ulanýar. Ortaça her adam her gün bir paket ulanyp zyňýar.

Halkara tejribeleri

Eýsem, daşary ýurt häkimiýetleri we jemgyýetçilik bu zyýanly önüme garşy näme çäre görýärlerka?

Käbir ýurtlar plastik paketleri ulanmagy gadagan eden hem bolsa, käbirleri salgytlar, goşmaça tölegler we goldawlar bilen plastik paketleriň dolanşygyny we ulanylyşyny azaltmagy maksat edinipdirler. Ýuka plastik paketleri ulanmagy gadagan eden ýurtlar: Hytaý, Günorta Afrika, Kenya, Uganda we Bangladeş. Gadagan etmeleriň esasy sebäbiniň lagym ulgamynyň dykylmagy we şunuň ýaşaýjylara, şähere we ekologiýa ýetirýan zyýanydygyny resmiler aýdýarlar.

Ruanda we Somali ýaly ýurtlar plastik paketleriň ýukalygyna ýa-da galyňlygyna garamazdan olary gadagan etdiler. Italiýa, Ýewropa Bileleşiginde ilkinji bolup toprakda dargamaýan paketleriň ulanylmagyny gadagan eden ýurt boldy. Bu Ýewropa üçin uly ädim bolup, Ýewropa Bileleşiginiň beýleki agza ýurtlary üçin hem şeýle gadagançylyga we tygşytlylyga ylham döretdi.

 Irlandiýa Respublikasy her paket üçin 15 ýewrosent (2002) (0.585 manat) goşmaça töleg almaga başlandan soň gowy netije gazanyldy. Täze düzgünnama durmuşa geçirilenden soň, plastik paketleriň ulanylşy 90% çenli azalypdyr. 2007-nji ýylda ýene girizelen goşmaça töleg bilen (22 ýewrosent=0.858 manat) 75 mln. ýewro girdeji edinen Irlandiýa Respublikasy salgyt girdejisini jemgyýetçilik ýerlerindäki arassaçylyga, daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltmaga we zir-zibilleri täzeden işläp çykarmak taslamalaryna sarp etjekdigini halka duýdurdy.

Belgiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Norwegiýa we Niderlandiýa hem Irlandiýanyň ýolundan gitjekdiklerini duýdurdylar. Kaliforniýa, plastik paketleri gadagan edilen ABŞ-nyň ilkinji ştatydyr. Elbetde bu gadagançylygy girizmek aňsat dal. Meselem, Afrikadaky Aýworiý Kenarlary Respublikasynda hökümet tebigatyň hapalanmagyny we oňa ýetirilýän zyýany azaltmak üçin gadagançylyk girizende, halk bu çäreden nägile bolup protest aksiýalaryny gurnapdy.

Matadan tikilen torbaň bilen bazarla!

Matadan tikilen, bir gezek ulanylyp hapa taşlanmaýan berk torbalary, sumkalary ulanmak öz saglygymyzada, däşky gurşawyň ýagdaýynada peýdaly boljak. Matadan tikilen berk torbalaryň her dükana gidilende ulanylmagy we şularyň alyjylara elýeter bahadan satylmagy hökümetler üçin plastik paketleriň ulanylmagynyň azaldylmagy ugrundaky ilkinji ädim bolup durýar. Elbetde, plastik paket öndüriji fabrikler şeýle reformalary halamaýarlar. Adamlaryň işsiz galmak hem-de fabrikleriň eýeleriniň maýa goýumlaryna zyýan ýetirmek howpy abanmagy ähtimal. Şuňa çäre höküminde Kaliforniýa ştatynyň häkimi Brown, şol fabrikalara 2 mln. dollara çenli goldaw kreditini berip, olary berk we tebigata zyýan ýetirmejek paketleri öndürmäge itergi hem-de maliýe goldawyny berjekdigini aýtdy.

Dag depesine çykýan plastik zir-zibili nämäniň nyşany?

Türkmenistanda plastik paketler söwda merkezleriniň derejesine garamazdan mugt berilýär. Halkyň aglaba bölegi mugt plastik paketleriň berilmeginden nägile däl. "Tebigaty men halas etmelimi?" diýýänleriň sany hem ep-esli bar. Ýany bilen torbalary, sumkalary götermäni islemeýän adamlar mugt plastik paket berilmegine minnetdar hem diýse bolar.

Türkmen häkimiýetleri plastik paketleriň ulanyşyny azatlmak maksady bilen, halka onuň zyýanlary hakynda düşündiriş işlerini, maglumatlar kampaniýasyny geçirip, halk wekilleri bilen maslahatlaşsa netijeli bolarmyka diýip pikir edýärin.

2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna çenli täze düzgünnamalar jemgyýetçilik guramalar bilen işlenilip, gelen myhmanlarymyza ekologiýa barada edýän hakyky tagallalarymyzy iş ýüzünde görkezmek heniz hem giç däl. Mugt plastik paket bermegi ýatyrylyp, dükanlarda onuň hödürlenmegi tölegli edilse, belki adamlarymyzyň endikleriniň üýtgemegine itergi bolar. Jemgyýet bilen alnyp baryljak işlerde, adam hukuklaryna we tebigaty goramak babatdaky kanunlara eýerilmelidir. Käbir ýurtlaryň edişi ýaly, plastik paketleriň satuwyndan alnan tölegleriň girdejisi tebigaty arassa saklamaga gönükdirilen çärelere, ylmy-amaly işleriň goldanylmagyna harçlanylsa peýdaly we ýerlikli bolardy.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3 / 4 / 5 / 6 / 7 / 8 / 9 / 10