PROGRES ULAG HELÄKÇILIKLERINIŇ SANYNY AZALDANOK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.53 (19 Ses)

Adamzat awtoulagy döretdi. Adamzat ony ýyl-ýyldan kämilleşdirdi: hereketlendirijisiniň güýjüni köpeltdi, ýangyjy az ýakar ýaly etdi, togtadyjylarynyň täsirini güýçlendirdi, onuň içine howpsuzlyk kemerlerini we ýassyklaryny gurnady, hat-da olary sürüjisiz özbaşdak hereket eder ýaly hem etdi. Garaz, ulaglar ýeterlikli derejede howpsuz boldular, emma ulag nähili bolan-da hem ony adamyň özi dolandyrýar.

Ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy barada gürrün açylanda, köp halatlarda howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmeýän sürüjiler göz öňümize gelýär. Ýaşlaryň arasynda sürüjilik şahadatnamasyny "satyn alyp", ýolda beýleki sürüjiler bilen deňlikde ulag sürýändiklerini megerem eşiden ýa-da gören bolsaňyz gerek. Olaryň ulag sürüş "stiline" üns bermezlik kyn bolýar, sebäbi ýol howpsuzlyk kadalaryny äsgermezçilik bilen gödek bozup, ulagy nädogry sürenlerinde, bu ýol-ulag heläkçiligine getirip bilýär. Siz: "Men sürüji däl, bu sözleriň maňa dahylly ýeri ýok" diýip, pikir etmegiňiz hem mümkin. Emma, belli bolşy ýaly, ýol-ulag hadysalaryna ulagdan, ulagyň içinde oturan adamlardan başga-da pyýadalar hem gatnaşýarlar. Ýaşlara sürüjilik şahadatnamasyny "satyn almaga" mümkinçilik döredýän adamlar özlerini we öz ýakynlaryny howp astynda goýýandyklaryna, olaryň jan-saglygyny gaýtadan dikeltmekde, kähalatlarda bolsa janyny halas etmekde alan pullarynyň kömeginiň degmejekdigine düşünmeýälermikä?

Dogry, sürüjilik şahadatnamasyny satyn almak mümkinçiligi bolmaýan hem bolsa, ýol howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilmegi göniden-göni adamyň şahsy jogapkärçiligini duýuş derejesine bagly bolup durýar.

Şeýle hem, sürüjilerden başga-da ýolda pyýadalar hem bolýar. Belli bolşy ýaly, ýollaryň ugrunda pyýadalar üçin janyny howp astyna salman ýoldan geçer ýaly ýörite geçiş zolaklary bolan "zebralar", ýerasty geçelgeler döredilendir. Ýöne näme üçindir, biziň halkymyzyň içinde zebradan geçmek üçin swetoforyň ýaşyl yşygyna garaşmaga takady ýetmeýän, ýerasty geçelgä basgançak bilen düşüp, soňra ýokaryk galmaga ýaltanýan adamlar bar. Eger olar bu geçelgeleri ulanmaýan bolsalar, onda ýoldan nädip geçýärler? Hawa, olar hiç zat bolmadyk ýaly ýoly göni kesip geçýärler. Bu bolsa öz gezeginde aňyrdan batly gelýän ulagyň badyny peseltmegine mejburlyk döredýär we sürüjini aljyraňly ýagdaýa salýar.

Elbetde, adam ýola çykanda mydama belli bir derejede howp astynda bolýar, ýöne, haçan-da adamlar howpsuzlyk kadalaryna bilgeşleýin parhsyz garanlarynda, olaryň üstüne abanýan howp has hem artýar.

ÝOL-ULAG HADYSALARYNA DEGIŞLI ESASY FAKTLAR

► Her ýyl bütin dünýäde ýol-ulag hadysasynyň netijesinde 1,25 million adam aradan çykýar.

► Ýol-ulag hadysalary 10-29 ýaşly adamlaryň aradan çykmagynyň esasy sebäbi bolup durýar.

► Ýolda bolup geçýän ölüm hadysalarynyň 91%-den gowragy pes we ortaça girdejili ýurtlarda bolup geçýär.

► Bütin dünýäde ýolda aradan çykýanlaryň deň ýarsy "ýollaryň goragsyz ulanyjylarydyr", ýagny pyýadalar, welosiped we motosikl sürüjileridir.

► Çaklamalara görä, eger netijeli çäreler görülmese, 2020-nji ýyla çenli ýol-ulag hadysalarynyň netijesinde aradan çykýanlaryň sany 1,9 milliona çenli artar.

Dünýä boýunça diňe 28 sany ýurtda howpa garşy ulanmaly hemme bäş faktora (tizlik, serhoş halda awtoulagy sürmek, şlemlar, howpsuzlyk kemerleri, çagany saklaýjy kürsi-abzal) degişli bolan kadalaýyk kanunlar bardyr.

Her ýyl ýol-ulag hadysasynda 1,25 million adamyň ömür daragty kesilýär. 20-50 million adam maýyplyga getirip bilýän şikeslerden ejir çekýärler.

Ýol-ulag hadysasynyň netijesinde şikes alan adamlar, olaryň maşgalasy we olaryň ýaşaýan ýurdy bilelikde ykdysady ýitgilere sezewar bolýarlar. Bu ýitgiler şikes alanlaryň bejergisiniň çykdaýjylaryny, olaryň önümliliginiň peselmegini we aýlykdan kesilmegini öz içine alýandyr. Şeýle hem, heläkçiligiň netijesinde şikes alanlara ýa-da maýyp galanlara seretmek üçin olaryň maşgala agzalarynyň okuwdan we işden boş wagtlary sarp edilýändir.

Şikesleriň bahasyny anyklamak üçin geçirilen barlaglaryň sany köp däldir, ýöne 2000-nji ýylda geçirlen barlaglar ýol-ulag hadysalarynyň ykdysady bahasynyň takmynan 518 milliard amerikan dollaryna barabar bolandygyny görkezýär.

KIM HOWP ASTYNDA GALÝAR? DÜNÝÄDÄKI ÝAGDAÝLAR

Sosial-ykdysady ýagdaý

Ýol-ulag hadysasynyň netijesinde aradan çykýanlaryň 90%-den gowragy pes we ortaça girdejili ýurtlarda ýaşaýarlar. Ýol-ulag hadysasynda aradan çykýanlaryň iň ýokary görkezijileri Afrika sebitiniň pes we ortaça girdejili ýurtlarynda we Ortaýer deňziniň Gündogar sebitinde bellenilýär.

Ýaş

Ölüm howply ýol-ulag hadysalarynyň 59%-i 15-44 ýaşly adamlar bilen bolup geçýär.

Jyns

Aýal maşgalalara garanyňda, erkek adamlaryň ýetginjeklik döwründen başlap ýol-ulag hadysalaryna gatnaşygy uludyr. Ölüm howply ýol-ulag hadysalarynyň üçden bir bölegi (77%) erkek adamlaryň arasynda bolup geçýär. Aýal maşgalalara garanyňda, 25 ýaşa ýetmedik erkek adamlaryň ulag heläkçiliginde aradan çykyp bilme ähtimallygy üç esse ýokarydyr.

Howpuň esasy faktorlary we olaryň ýaramaz täsirini nähili azaldyp bolar?

Ýol-ulag şikesleriniň öňüni alyp bolýandyr. Ýoly, transport serişdelerini we ýoluň beýleki ulanyjylaryny howpsuzlyk bilen üpjün etmek üçin döwletiň dürli sektorlaryň (transport, polisiýa, saglygy goraýyş, bilim) üsti bilen toplumlaýyn çemeleşmegi wajypdyr.

Tizlik

Orta tizligiň ýokarlandyrylmagy ulag heläkçiligi we heläkçiligiň netijesiniň agyrlygyna gönüden-göni baglydyr.

► Eger ulag heläkçiligine uçran mahaly ulagyň tizligi 30 km/sag-dan ýokary bolmadyk bolsa, pyýadanyň diri galmaga mümkinçiligi has köp bolýar.

► Tizligi 30 km/sag çenli çäklendirýän zolaklaryň döredilmegi howply ýagdaýlaryň sanyny azaldýar. Bu zolaklaryň "goragsyz ulanyjylaryň" ýol bilen peýdalanýan ýerlerinde, meselem, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň ýanynda döredilmegi maslahat berilýär.

Serhoş halda ulag sürmek

► Serhoş halda ulag sürmek heläkçiligiň, heläkçiligiň netijesinde aradan çykmagyň ýa-da agyr şikes almagyň ähtimallygyny ýokarlandyrýar.

Motosikl şlemlary

► Motosikl şlemynyň dogry geýilmegi ölüm howpuny 40%-e, agyr şikes almak howpuny bolsa 70%-e çenli peseldýär.

► Çakyşygyň netijesinde kellä ýetýän zyýany azaltmak üçin, şlemyň tassyklanan standartlara laýyk gelmegi wajypdyr.

Howpsuzlyk kemerleri we çagany saklaýjy abzallar

► Howpsuzlyk kemerleriniň ulanylmagy öňdäki oturgyçda oturan ýolagçylar üçin ölüm howpuny 40-50%-e çenli, yzdaky oturan ýolagçylar üçin bolsa 25-75%-e çenli peseldýär.

► Çagany saklaýjy abzallaryň dogry ulanylmagy we oturdylmagy emdirilýän çagalaryň ölüm sanyny takmynan 70%-e çenli, ir ýaşly çagalaryň sanyny 54-80%-e çenli azaldýar.

Sürüjileriň arasynda öz jan-saglygy barada pikir edip, howpsuzlyk kemerlerini dakynýany az bolsa gerek Biziň sürüjilerimiziň aglaba bölegi howpsuzlyk kemerlerini diňe jerimeden gaçmak üçin dakynýarlar we polisiýa işgäri yzda galanda kemerlerini aýyrýarlar. Çagany saklaýjy abzallar hem biziň sürijilerimiziň arasynda aýratyn meşhurlyk gazanyp bilmedi.

Ünssüz sürüji

Sürüjiniň ünsüni ýoldan sowýan köp faktorlar bardyr. Olaryň arasynda sürüjiniň ýolda telefon ulanmagy ýol-hereket howpsuzlygynyň ýylsaýyn ulalýan kynçylygy bolup durýar. Sürüji ýola üns bermän telefon ulanýan mahaly onuň çalt hereket edip bilme endigi peselýär (ulagy togtatmaly bolanda, swetoforyň yşklary çalşanda wagtynda hereket edip bilenok), hatarda saklanyp bilmän başlaýar we ulaglaryň arasyndaky aralyk bozulýar.

► Eger sürüji ýolda telefon ulanýan bolsa, onuň ulag heläkçiligine düşüp bilme ähtimallygy, ýolda telefon ulanmaýan sürüji bilen deňeşdireňde dört esse ýokarlanýar.

Sürüjiniň ünsüni bölýän faktorlaryň ýene biri – bu ulagda oturan ýolagçylardyr. Ulag sürüp barýarka sürüjiniň dostlarynyň, tanyşlarynyň we maşgala agzalarynyň oňa "gymmat bahaly" maslahat berýändikleri hemmä mälim bolsa gerek. Gapdalyndan seredeniňde, bu olaryň sürüji hakda edýän aladasyna meňzeýän hem bolsa, hakykatda olar onuň ünsüni bölýärler.

Telefondan we ýolagçylardan başga-da, ulag hereketde wagty çilim çekmek, iýip içmek, aýdymy gaty açmak ýaly faktorlar hem sürüjiniň ünsüni bölüp bilýär.

ÝOL-ULAG HELÄKÇILIGINDE ARADAN ÇYKANLARY ÝATLAMA GÜNI

2005-nji ýylyň oktýabr aýynda BMG-yň ygla eden kararyna laýyklykda noýabr aýynyň üçünji ýekşenbe güni ÝOL-ULAG HELÄKÇILIKLERINIŇ PIDALARYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ ÝATLAMA GÜNI diýlip yglan edildi.

Ýöne ulag heläkçiliklerinde aradan çykýan adamlaryň sanynyň gün-günden artýan döwri, adam pidalaryny ýatlamak üçin bir gün ýeterlikmikä? Her bir adamyň ýolda öz jogapkärçiligini duýmagy üçin bu günüň täsiri barmyka?

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary hökmünde kabul edilmeli däldir.