BAGT, SEN NIREDE?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.96 (25 Ses)

20-nji martda Birleşen Milletler Guramasynyň ykrar etmegi bilen Bütindünýä Bagt güni bellenilýär.

Toý ýerinde hemmeler jemlenşipdi. Ýaşlaryň iň begençli gününde, eline mikrofon alyp gutlag sözlerini aýdýan adamlaryň umumy arzuwy bardy: ol hem ýaş çatynjalaryň ömürlik bagtly bolmaklarydy. Toý tutýan ýaşlaryň ene-atalary abraý bilen toý gurnap, çagalaryny durmuş ýoluna ugradýandyklary üçin özlerini bagtly saýýarlar. Söwer ýary bilen indi ýassykdaş bolýan gyz bilen ýigit hem öz bagtyny tapandygyna ynanýarlar. Hakykatda bolsa, gysga wagtlyk bagtlylygy düzüp biljek şertlere ýeten adamlar, olary bütin ömrüne ýetirip, bagtly bolmaga ynam bildirýärdiler.

Durmuşymyzyň her bir döwründe ýetilmek üçin arzuw edilýän "bagtly bolmak" maksady soňky wagtlarda sosial ulgamlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we ilatyň arasynda gürrüňdeşligiň esasy mowzugyna öwrüldi. Adamzadyň bütin taryhynyň dowamynda "bagt" barada edilen jedellere garamazdan, ykdysadyýet, psihologiýa, sosiologiýa ýaly ylymlar bagty kesgitleme meselesine uly üns berip başlady. Şeýlelik bilen, dünýädäki dürli halklaryň "bagt" derejesini deňeşdirmek ugrunda uly ylmy işleri alyp barmaga mümkinçilikler açyldy.

Barlaglarda bagtly bolmagyň sebäplerini, täsir ýetirijisini tapypdyrlar, emma uzyn möhletli bagtlylygyň ýoly tapylmandyr. Sonja Lýumbomirsky "The How of Happiness" kitabyny şeýle tamamlaýar: "Adamyň bagtlylyk derejesiniň 50%-i genetika bilen kesgitlenýär, 10%-i durmuş ýagdaýy we şertleri, galan 40%-i bolsa öz erki bilen kesgitlenýär". "Emosiýalaryň el kitaby (2000)" atly kitabyň ikinji neşirinde Leda Kosmides we Jon Tooby bagtyň "garaşylmadyk pozitiw hadysalardan" gelip çykýandygyny aýdýar.

BAGT WE YLMY IŞLER

Bagty kesgitlemek we bagtly bolmagyň derejesini deňeşdirmek üçin geçirilýän ylmy barlaglara gerek maglumatlar, köplenç ilat arasynda geçirilýän soragnamalaryň kömegi bilen ýygnalyp, "durmuşyňyzdan näderejede kanagatlanýarsyňyz?" diýen ýaly soraglar soralýar. Sorag-jogap anketalaryň esasynda Dünýä Bagt Raportyny (World Happiness Report) çykaran Birleşen Milletler Guramasy, hökümetleriň halkyň durmuşy kanagatlylyk derejesini ýokarlandyrmak arkaly, olaryň bagtly bolmakda duş gelýän päsgelçiliklerini düýbünden aýyrmagy ýa-da iň azyndan azaltmaklygy maslahat berýär.

Grafika: Dünýä Bagt derejeleri(Ballar 10 üstünden)

Çeşme: Birleşen Milletler Guramasy – Dünýä Bagt Raporty(World Happiness Report)

Anketalarda dünýä boýunça ýokarky bäşligi Daniýa, Norwegiýa, Şwesariýa, Niderlandiýa we Şwesiýa eýeleýär. Sebitimizdäki ýurtlaryň arasynda Gazagystan 10-dan 5,671 bal bilen dünýäde 57-nji, Türkmenistan bolsa 10-dan 5,628 bal bilen dünýäde 59-njy ýeri eýeledi.

Adamlaryň aglabasynyň düşünjelerine görä, nika gününde söwer ýaryndan razylygyň alamaty höküminde eşiden "hawa" sözünden dörän aýratyn duýgy, girdeýjili käriň bolmagy, okuw diplomyny almak ýaly wagtlaýyn begençli ýagdaýlar bagt hasaplanýar. Eýsem, birden ýüze çykan şatlyk uzyn möhletli, dowamly bagtyýarlyga getirip bilermi? Çünki gysga wagtlaýyn bolýan begenç duýgysy, şowlylyk bilen uzak möhletli bagtlylyk ýagdaýy beýnimiziň iki tapawutly ýerinde bolýandyr.

BAGTLY BOLMAK ÜÇIN NÄÇE PUL GEREK?

Bagtly bolmak bilen pully, baý bolma derejesiniň ýerini çalşyryp ulanýanlar hem az däl. Başga-da, "pully bolmak – bagtly bolmakdyr" diýýänleriň sany hem köp. Dünýä belli niderlandiýaly alym Ruut Weenhowen, girdejiniň mukdary bilen bagtyň arasynda berk arabaglanşygyň bardygyny görkezýär.

Grafika: Girdeji-Bagt derejesi gatnaşygy

Çeşme: Awtoryň barlaglary (World Database of Happiness)

Belli bir derejä çenli pul bagtlylyk duýmaga täsir edýär, emma bir derejä ýetensoň, durmuşyňy gurşap alýan ekologiýanyň, jemgyýetiň ýagdaýy, maşgala ýagdaýy, dost-ýarlaryň ýagdaýy öz täsirini görkezip başlaýar. Bagta ýetmek ahyrky maksat bolsa, pul ol maksata ýetmäne kömek berjek, ulanyp boljak gural ýa-da abzal diýilse bolar.

Beýleki tarapdan bolsa, BMG-nyň 2013-nji ýyldaky raportyna görä, baý ýurtlaryň ilatynyň garyp ýurtlara görä özlerini has bagtly duýýandygy bellenilýär. Raportdaky ýokarky bäşlik dünýäniň adam başyna düşýän girdeýjide dünýäniň iň baýlarynyň hatarynda bolsa, aşakdaky bäşlik dünýäniň garyp bolan Togo, Benin, Orta Afrika Respublikasy, Burundi, Ruwanda, Tanzanýa ýaly ýurtlaryndan düzüldi.

IŞLEMEK ADAMYŇ ÖZÜNI BAGTLY DUÝMAGA KÖMEK EDÝÄR

Dünýä Bagt Raportynyň görkezmegine görä, işsizlik bagtlylyga iň uly ýaramaz täsirini ýetirýän faktordyr. Girdejiniň azalmagy ýa-da düýbünden ýok bolmagy, adamyny ruhy gamgynlylyga eltip, belli bir wagtdan soňra bagtsyzlyk duýgunyň döremegine sebäp bolup bilýär. Wagtyň geçmegi bilen, şunuň ýaramaz täsiri hem onuň ýanyndaky adamlara ýokanç kesel ýaly geçmegi mümkin.

ÖZ ERKIM – ÖZ BAGTYM

Guşy altyn kapasa goýupdyrlar, "Ah erkinlik, ah!" diýipdir. Adamynyň özüni bagtly duýmagy üçin ýene bir täsir ýetirijisi bolsa – erkinlikdir. Bu ýerde iň esasy şert adamynyň özüne iň amatly ýaşaýyş ýagdaýyny, şertini erkin ýagdaýda saýlap bilmegidir, döwlet ýa-da onuň guramalary hiç hili böwet bilen olaryň erkinligine päsgelçilik bermezligidir. Dünýäniň iň bagtly ýurdy diýlip kabul edilýän, Daniýadaky ýaşaýjylaryň şahsy erkinligi konstitusiýa bilen berkidilen bolup, olar kanunlarda görkezilen serhetleriň içinde islän zatlaryny edip bilýärler. BMG-nyň Dünýä Bagt Raportynda (2013), "Durmuşynyň gidişini özi kesgitläp bilmeýän hiç bir adam hakyky ýagdaýda bagtly däldir" diýlip bellenilýär.

Bagt – her bir ynsanyň arzuwydyr we jemgyýet ösüşiniň, öňe gidişligiň görkezijisidir. Häkimiýetleriň öz raýatlarynyň bagtly bolmagy üçin zerur syýasy we ykdysady özgerişlikleri geçirmegi möhümdir. Adamlaryň öz durmuşlaryny, ýaşaýyş şertlerini kesgitläp biljek gurşawy döretmek we ony hukuk, kanun taýdan pugtalandyrmak ilkinji we iň möhüm ädimdir. Halkyň durmuş şertlerini hil taýdan ýokarlandyryp biljek ykdysadyýeti döretmek hem esasy maksat bolmalydyr.

Awtor: Allamyrat Berdimyradow