KENANDA ŞA BOLANYŇDAN, ÖZ ILIŇDE GEDA BOL

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (33 Ses)

Adamzadyň taryhynda immigrasiya kynçylyklary ýeňip geçmek has gowy durmuşda yaşama isleginiň bir aýrylmaz bölegi bolup durupdyr. Meniň pikirimçe, bu günki ýagdaýda immigrantlaryň aglabasy öz islegleri sebäpli däl-de, eýsem mejbur galandyklary sebäpli öz ene topraklaryndan uzaklara gidyärler. Türkmenistandan Türkiýä zähmet çekmäne gaýdýan ildeşlerimiz hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistandan Türkiýä gitmeli bolan immigrantlar barada gysgaça aýtsak, olaryň aglabasy gurluşyk, daýhançylyk, restoran hyzmatlary, garrylara seretmek, tämizlik işlerini ýerine ýetirme ýaly agyr işlerde işlemeli bolýarlar. Dünýä Bankynyň iň soňky maglumatyna (2000-nji ýyl) görä, Türkiýede zähmet çekýän Türkmenistanly migrantlaryň sany 2,050 adam diýip çak edilýär. 1990-njy ýylda bu sanyň 570 adam bolandygy bellenip geçilýär. Olaryň aglaba bölegi gynansakda, yzlaryna dolanmajak bolup, başardygyndan işiň agyrlygyna garamazdan sesini çykarman işlemäge özlerini mejbur edýärler. Şol sebäpli olaryň aglabasy agyr kesellere duçar bolýar.

Olara berilýän saglyk kepilnamasy bolsa zähmet çekýän immigrant işgärleriň kanuna laýyk işläp işlemeýandiklerine görä üýtgeýär. Kanuna laýyk zähmet çekýän türkmen ildeşlerimiz edil ýerli halk ýaly iş howpsuzlygy we işgäriň saglygyny goramak ýaly kada-kanunlardan peýdalanyp bilýärler. Bu baradaky kanuna görä, iş berijiler iş ýerlerinde işgärleriň howpsuzlygy we olaryň saglygyny goramak babatda ägä bolmak, barlag geçirmek we olara tälim bermek, habardar etmek jogapkarçiligine boýun bolmalydyr. Bikanun zähmet çekýänler bolsa Türkiýäniň kanunyna görä işçi hasap edilenoklar, şol sebäpli olaryň hiç biri iş howpsuzlygy we işgäriň saglygyny goramak barada kada-kanunlardan peýdalanyp bilmeýärler.

Türkiýada zähmet çekýän türkmen ildeşlerimiziň ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýan durmuş kynçylyklary

► Saglyk ätiýaçlandyrmasy bolmazdan işledilmesi.

Başga döwletlerdäki immigrant işgärler ýaly, Türkiýada zähmet çekýän türkmen işgärleriniň duçar bolýan iň uly kynçylyklary – olaryň saglyk ätiýaçlandyrmasy bolmazdan işledilmegidir. Olaryň aglabasy ýerli saglyk ulgamynyň düzgünlerini bilenoklar we saglyklary babatynda kynçylyklaryny düşündürmek islänlerinde dil kynçylygyna hem duçar bolýarlar. Bu kynçylykly ýagdaýlar esasan hem bikanun, rugsatsyz işleýän işgärlerde has hem köp duş gelýär. Munuň bilen birlikde, "immigrant işgärleriň durmuş şertleriniň pes derejededigi sebäpli, olaryň agyr kesele duçar bolma ähtimallygy has ýokary" diýip hasap edilýär. Bu bolsa olaryň has hem saglyk kepilnamasyna mätäç bolup durýandyklaryny görkezýär.

Eýe bolan ukyplaryny ulanyp bilmezlik.

Türkmen immigrant işgärleriniň daşary ýurtlarda meşgullanýan işleri bilen olaryň bilim derejeleriniň arasyndaky baglanşyga seredilende, bilim derejelerine laýyk işlerde işleýän işgärlerin sanynyň gaty azdygy görülýär. Çünki ilki gelenlerinde türkmen ildeşlerimiz işiň öz ugurlary boýunça bolmazlygyna garamazdan, yzlaryna dolanmajak bolup işlemäge mejbur bolýarlar. Bu bolsa olaryň öz ukyplaryny ulanmaklyklaryna päsgelçilik berýär. Türkmenistanda lukman bolup işleýän bir garyndaşymyz, bu ýerde häzirki wagtda bagban bolup işleýär. Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaý onuň dil bilmeýändigi sebäpli ýüze çykýar.

Ruhy taýdan çökgünlik.

Giden ýerlerinde ýaşaýyş şertleri näçe gowy bolaýanda-da, olaryň öz Ata Watanyndan, çagalaryndan, maşgalasyndan üzňe ýaşamaklygy we bu ýagdaýyň olara berýän dowamly stresi olaryň ruhy taýdan kesel bolmaklygyna sebäp bolýar. Bu kesel lukmançylykda ‘Şwesariýa’ keseli diýip bellenilip geçilýär. Dowamly stres adamda ejizledýän ýagdaý döredýär, bu bolsa olaryň saglyk ýagdaýyny wagtyň geçmegi bilen erbetleşdirýär. Menin pikirimçe, esasan hem Türkiýäda zähmet çekýän türkmen aýal maşgalalar öz çagalaryny taşlap gaýdandyklary sebäpli bu kesele has hem kän duçar bolýarlar.

Agyr iş şertleri.

Daşary ýurtda zähmet çekýän türkmen işgärleriniň, esasan hem öý hyzmatlarynda işleýän aýal-gyzlaryň resmi däl şertlerde işledilýändigini görse bolýar. Gaty pes zähmet hakynyň bolmagy we wagtyndan köp sagat işledilmegi hem şularyn içine girýär. Bular bolsa olaryň saglyk kynçylyklaryna duçar bolma howpuny has artdyrýar.

Näme edilmeli?

Türkiýäda saglyk hyzmatlarynyň elýetersiz bolmagyna garamazdan, zähmet çekýän müňlerçe türkmen raýatlarymyzyň ol ýerde ýaşap işleýändiklerini ýadymyzdan çykarmaly däldiris. Aglabasy kän kynçylyklar çekendikleri sebäpli (öz maşgala ýagdaýlaryny gowulandyrmak we çagalaryny gowy durmuş bilen üpjün etmek üçin) saglyklary üçin şertler ýaramaz hem bolsa, işlemegini dowam edýärler. Olaryň hemmesi diýen ýaly ýokarda aýdylyp geçilen kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Meniň pikirimçe, olaryň ýerli halka mahsus bolan saglyk kepilnamasyndan peýdalanyp we başga duçar bolýan kynçylyklaryny ýeňip geçmeklerine kömek etmek üçin, Türkmenistan bilen Türkiýänyň arasyndaky işlemek hakyndaky Şertnama ýeňillikler girizilmeli ýa-da beýleki ýurtlaryň edişi ýaly, türkmenleriň özleri agzybirlikde resmi jemgyýet guramalaryny açmaly. Gynansak-da, häzirki wagtda Türkiýäda zähmet çekýän ildeşlerimiziň kynçylykly ýagdaýlary hiç bir ýerde dile getirilmeýär. Şol sanda, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak babatda alada edýän we iş alyp barýan merkezler ýa-da jemgyýetçilik guramalary ýok. Ýöne geň tarapy, näçe şertleriň ýaramazdygyna garamazdan, olaryň köpüsi yzlaryna dolanmak islemeýärler we gynansak-da, Türkiýäda immigrant işgär bolup galmagy saýlaýarlar. Hatda käbirleri ýurduna hem dolanmaýarlar. Bu bolsa adamlarda olaryň hiç bir kynçylyklary ýok ýaly görünmegine we gaýtam olaryň bu ýaşaýşyndan hoşaldygy baradaky pikirleriniň döremegine itergi berýär.

Ýakyn zamanlarda Türkiýäda zähmet çekýän türkmen ildeşlerimiziň ýaşaýyş we zähmet kynçylyklary dile alnyp, gozgalyp, öwrenilip, dumuşy çözgütler teklip ediler diýip umyt edýäris.

Awtor: Nurmyrat Çalyyew