WAGTY GEÇEN “MASGARAÇYLYK”

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.36 (75 Ses)

Türkmençilikde örän köp zat masgaraçylyk hasaplanylýar. Utanç we günä duýgulary türkmenleriň kiçilikden gulaklaryna guýulýar. Meselem: kelte köýnek geýmek – masgaraçylyk, öýe göwreli gyz getirmek – bihaýalyk. Bu bolsa diňe bir gyz bilen oglan üçin däl-de, eýsem iki tarapyň bütin nebereleri üçin hem biabraýçylyk saýylýar.

Has beter masgaraçylyk we haram hasaplanylýan düşünje: öň başga birleri bilen jynsy gatnaşykda bolan gyz/oglan bilen toý etmeklikdir. Nikadan öňki seksual gatnaşyga (iki jynsda hem) garaňky garalýar. Şuny goňşy-golamlaryň bilmegi bolsa tutuş maşgalany il içinde abraýdan düşürip bilýär. Köp ene-atalar çagalarynyň ulalýandygyny we olara ulularyň bilmeli mowzuklary barada maslahatçynyň hem goldawyň gerekdigini gözden salýarlar. Seredip otursak, ene-atalaryň aglabasy üçin çagalarynyň kemala gelmesi iki etapdan düzülen – çagalyk we çagalyk. Şonluk bilen hem çagalaryny öyli-işikli edip, agtyga garaşmaga başlaýarlar. Çagalarynyň ýetginjekligi, ýigitligi öz-özleri başdan geçirýärler.

Bu ýörelgelere garamazdan, hakykaty görmezlik ýa-da üns bermezlik bilen ýaşyryp bolmaýar. Çagalar wagty gelende ýetişmäge başlaýarlar. Öz bedenlerine, boýdaşlarynyň hereketlerine we garşydaş jynsa bolan gyzyklanmalar döreýär. Täze dostlara, täze gatnaşyklara bolan höwes gyzyşýar. Ine şu ýerde hem ne maşgaladan, ne-de mekdepden zerur maglumatlary öwrenip bilmeýän ýaşlaryň dadyna internet ýetişýär. Mekdebiň 8-nji ýa-da 9-njy synpynda okaýarkak, jyns agzalaryň anatomiýasyndan maglumat berýän 39-40 paragraflary ýylyň soňuna goýanymyz meniň gowy ýadyma düşýär. Ýylyň soňunda hem olara çalak-çulak göz gezdirip geçdik. Çünki beýle inçe mowzuklardan söz açmak uslyp saýylýardy. Ine Internetde weli isleseň özüň anatom bol ýa-da özüňe islän lakamyňy berip bolýar. Dürli obrazlara girip, islän kişiň bilen wirtual aragatnaşyk edip bolýar. Iň gowy ýeri hem, hiç kimiň saňa masgara diýjek gümany ýok. Hiç zadyň seniň maşgalaň abraýyna täsir etjek ähtimallygy ýok. Galyberse-de, Internet hakyky durmuşda tapyp ýa-da görüp bolmaýan zady hödürleýär – jynsy gatnaşygyň dürli görnüşlerini öz içine alýan pornografiýany.

Anyk 7-10 ýyl mundan öň hem, ýurdumyzda Internetde pornografiýany tapmak mümkin däldi. Birinjiden, pornosaýtlary dünýäniň köp böleginde bolşy ýaly, bloklanandy. Ikinjiden, porno wideolary tapylaýanda hem, Internediň tizligi olary açyp görmäge ýeterlik däldi. Üçünjiden, Internetden peýdalanýanlar barmak basyp sanaýmalydy. Häzirki wagtda bolsa Internet pornografiki materiallardan doldy. Üstesine-de, indi her kimde diýen ýaly el telefony bar we Internede baglanyp bilýär. Türkmenlerde internet pornasynyň başy telefonda birek-biregi surata, wideo düşürmekden başlandy diysek ýalňyşmarys. Häzirki döwürde sany barha artýan ýurt daşyna çykýanlar has tiz Internediň kömegi bilen ýurduň içinde düşürlen suratdyr-wideolary paýlaşýarlar. Hatda, käbir saýtlarda ýörite "türkmen porna" atly sahypalar hem döredilipdir. Mundan başga-da, VKontakte, Odnoklassniki we Line ýaly sosial saýtlarda hem pornografiki surat-wideolar giňden ýaýramaga başlady. Köp saýtlarda şahsy hasap açmak/ýapmak/ üýtgetmek ýa-da bolmasa telefon belgini çalyşmagyň aňsatlaşandygy üçin, pornografiki materiallaryň kim tarapyndan ýaýradylýandygyny anyklamak mümkin däl diýen ýaly.

Bilşimiz ýaly, çagalar we ýetginjekler ululara garanda has bilesigeliji bolýarlar. Esasan hem ulularyň durmuşynyň gürrüňi edilmeýän bölekleri bilen gyzyklanýarlar. Ýetginjeklik döwründe ýetginjekleriň sekse we onuň nähili bolup geçişine bolan gyzyklanmalar ýokarlanýar. Netijede, ene-atadan "masgara" sözüni eşitmejek bolup, öz bilesigelijigini gandyrmak isleýän ýetginjekler başga dürli maglumat çeşmelerinden peýdalanmaly bolýarlar – deň-duşlary, garyndaşlary ýa-da elýeterli bolan erotiki, pornografiki materiallardan.

Pornany tapmak bolsa örän aňsat. Sosial saýtlar, ýörüte web sahypalar, wideo kassetalar, diskler, žurnallar we ş.m. pornografiki maglumatlara diýseň baýady. Beýle materiallary gümrükhanadan geçirmegiň kyndygyna garamazdan, bular elden-ele geçip, meşhurlygy saklaýarlar. Galyberse-de, halkyň içinde hem täze pornografiki ýazgylar düşürilip durulýar we telefondan-telefona syýahat etdirilýär.

Eýsem pornografiýa nämekä? Onuň (ene-atalarymyzyň ynanjyna görä) zyýanlydygy çynmyka ýa-da azda-kände peýdaly tarapy hem barmyka?

Pornografiýa – bu wideo, žurnal, kitap we ş.m. serişdeleriň ulanylmagy arkaly tomaşaçyda jynsy duýgulary oýarmak, jynsy höwes we tolgunma döretmekdir. Pornografiýa sözi iki sany grek sözüniň birikdirilmegi bilen emele gelip (Porno – jelep, Grafiýa – çyzmak, ýazmak), başda edebiýatda we sungatda jelepleriň durmuşyny suratlandyrmakda ulanylypdyr.

Biziň günlermizde elýeterli materiallaryň möçberiniň köpelmegi bilen pornany erotikadan we beýleki seksual maglumatly serişdelerden tapawutlandyrmak örän kynlaşdy. Pornanyň erotikadan esasy tapawudy, onuň düzüminde jübütleriň arasyndaky aýyp we haýasyz sahnalaryň agdyklyk etmegi we esasy ünsüň duşuşyga, duýgulara ýa-da näzik gatnaşyklara däl-de, adamyň uýat ýerlerine we jynsy gatnaşyga berilmegidir.

Erotika bolsa önelgeligiň dowam etmegine bolan ruhy höwesdir. "Erotika sungaty" jübütleriň arasyndaky jynsy gatnaşygyň ruhy tarapynyň nusgasydyr.

Pornografiýa tomaşa etmegiň iň ýaramaz täsirlerinden biri hem, ýetginjekleriň jynsy gatnaşyga (sekse) bolan garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriň şol sahnalara görä bolmagydyr. Ol sahnalar bolsa fiziki we psihiki taýdan hem sagdyn we sazlaşykly jynsy gatnaşygyň nusgasy däldir.

Iň ýaýbaň täsirleri

► Endik etmek – adam porna tomaşa eden mahaly onda jynsy gatnaşyga höwes döredýän garmonlar bölünip çykýar. Bu bolsa tomaşaça ýakymly täsir edip, lezzet berýär. Pornografiki materiallarda öňe sürülýän seksual agdyklyk ýetginjeklere hem lezzet berýär. Çünki ýetginjekleriň ol döwürde gadagan edilen zatlara ymtylma islegleri has güýçli bolýar. Biziň konserwatiw jemgyýetimizde bolsa, jynsy gatnaşyklar nika çenli ýazgarylýar. Şeýlelik bilen hem, öýde ene-atalary bilen şu mowzuklardan gürrüň edip bilmeýän ýetginjeklerde porna endik etmek ähtimallygy has ýokary bolýar. Sebäbi olar pornany öz bilesigelijiliklerini kanagatlandyrmagyň ýeke-täk ýoly hökmünde görýärler.

Nädogry netije çykarmak – porno sahnalaryna tomaşa edýän ýaşlar jynsy gatnaşygyň bolup geçişi barada nädogry düşünjelere eýe bolýarlar. Jynsy gatnaşykdaky depginli hereketlere aldanyp, ünsli bolmagy unudýarlar. Ideal bedene bolan isleg artýar. Ünssüz we gyjyndyrma ýollaryny kän ulanmazdan hem jynsy gatnaşygyň dowamlylygy uzaga çekýär diýen ynam döreýär. Hakykat ýüzünde bolsa, porno artistleri her bir sahna üçin öňünden dürli-dürli jyns agzalaryny gyjyndyryjy ýollary ulanýarlar. Olaryň köpüsi bolsa jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän kesellerden goranmak üçin dermanlardan hem peýdalanýandyklaryny nygtaýarlar. Bu hakykatlar bolsa tomaşaçylardan köplenç ýaşyrylýar. Netijede, ýaşlarda daşky görnüşe we özleriniň mümkinçiliklerine bolan çylşyrymly garaýyşlar döreýär. Şu ýagdaýda başga çeşmelerden maslahat ýa-da goldaw almaýan ýaşlar wideolarda gören zatlaryny durmuşda gaýtalamaga başlaýarlar. Bu bolsa ir ýetişmeklige we perwaýsyz jynsy gatnaşyklara alyp barýar.

Zalymlyga bolan meýil – porna tomaşa etmegiň adamyň garşydaş jynslylary jynsy gatnaşyk etmäge zorlamagyna alyp barýandygy heniz subut edilmedik hem bolsa, onuň tomaşaçyny zalymlaşdyrýandygynyň üsti açylandyr. Käbir porno sahnalarynda ähli üns dartgynly hereketlere we jynsy agzalara gönükdirilen bolýar. Jübütler hatda, känbir biri-birleriniň ýüzüne hem seretmeýärler. Birek-birege duýgudaşlyk we mähir görkezilmeýär. Güýç ýa-da dürli enjamlary ulanmak arkaly tomaşaçynyň gözüni aldap, jynsy islegini artdyrýarlar. Jynsy gatnaşykdaky ýowuz hereketler has hem lezzet beriji edilip görkezilýär. Bu bolsa geljekde maşgalada ýanýoldaş boljak ýaşlara nädogry nusga bolup hyzmat edýär. Ýaşlaryň jynsy gatnaşyklar baradaky hyýallary we ýanýoldaşlaryndan tamalary gören nusgalaryna görä şekillenýär. Muňa jynsy düzümli SMS-ler hem mysal bolup biler.

Peýdalymy? Näme etmeli?

Biziň türkmen jemgyýetimizde pornanyň ýetginjeklere peýdaly bolup biljegini göz öňüne getirmek hem kyn. Çünki nikadan öňki jynsy gatnaşyklar diňe ýaramaz şekilde garşylanylýar.

Ene-atalaryň we mugallymlaryň ýetginjekleriň bu endigine düşünip, olara kömek edip bilmekleri üçin esasy, şu iki sany ýönekeý düzgün hödürlenilýär:

1. Maşgalada söýgä we ýoldaşyň (taýyň) bilen bolan tejribä ähmiýet berilmegi.

Türkmen maşgalasynda çaga söýgi we ýakyn gatnaşyklar barada göreldäni ene-atadan alýar. Ene-atalarymyzyň özara gatnaşyklarynda bolsa, köplenç söýgä derek gündelik durmuşy wakalar ýa-da meseleler has uly rol oýnaýar. Olar birek-birege bolan ýürekdeşlik, mähribanlyk ýaly duýgularyny çagalaryndan gizlik saklaýarýar. Şol sebäpli çagalar diňe ene ýa-da ata bilen öz aralaryndaky söýgüni görüp ulalýarlar. Beýleki görnüşdäki söýgüler ýene masgara saýylýar. Şunlukda, ýetginjekler köplenç porno materiallaryny öz isleglerini kanagatlandyrmak üçin däl-de, garşydaş jyns bilen nähili gatnaşyk etmegi öwrenmek maksady bilen ulanmaga başlaýarlar.

Bu meselede ene-atalar "ilden çykmak" ýaly düşünjeleri terk edip, çagalarynyň kadaly ösüşine has aýgytly çemeleşmelidirler. Ýaşlara ene-atalar özleriniň arasynda söýgüniň bardygyny görkezmäge synanyşmaly. Ýaşlar ene-atalaryna seredenlerinde nika bilen bialaç birek-birege baglanyp galan jübütleri däl-de, birek-birege we bütin maşgala söýgi we mähirli duýgulary eçilýän jübütleri görmeli. Galyberse-de, olara ene-atalar öz durmuşlaryndan ýakymly wakalary, lezzetli söýgi hekaýalaryny gürrüň bermek arkaly ýetginjeklerde jynsy gatnaşyklarda duýgudaşlygyň artmagyna we zalymlygyň döremezligine uly täsir edip bilerler.

2. Ýetginjege pornografiýany görmäni we jynsy gatnaşyklary barada gyzyklanmany gadagan etmeli däl.

"Agtaran tapar" diýipdirler. Eýýäm 1950-nji ýyllaryň başlarynda erotiki žurnallar çap edilip başlanyldy. 80-nji ýyllarda bolsa mugt porno döredildi. 90-njy ýyllaryň ahyryna çenli pornografiki saýtlar internediň 4%-ni tutýardy. Şu maglumatlardan çen tutsak, häzirki döwürde ýaşaýan hiç bir ene-ata çagasynyň porno görmeginiň öňüni alyp bilmez. Iru-giç çaga porna duş geler. Üstesine-de, çaganyň haçan we näme sebäpden jynsy gatnaşyklara isleginiň dörejekdigini kesgitlemek kyn. Şonuň üçin hem, ene-atalara "giçden giç ýagşy" diýip, çagalaryna şu meselede ýakyndan goltgy berip, dogry ýollary görkezmeklik maslahat berilýär.

Ene-atalar ýetginjek çagalaryna porna tomaşa etmegiň zyýanly däldigini, emma öz hereketleri üçin jogapkäçilik çekmelidiklerini düşündirip bilmelidirler. Meselem, jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän kesellerden we göwrelilikden goranmagyň usullary we başgalar. Şeýle düzgünler berjaý edilen ýagdaýynda, ene-ata bilen çaganyň arasyndaky ynam we goldaw has hem berkär hem-de bu çagany pornanyň ýakymsyz täsirlerinden gorap, onda düşünjeli şahsyýetiň döremegine itergi berer.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Makalanyň awtory: Aýperi Suleýmanowa