GYZLARA LAK ATMAK: ZENAN MERTEBESI HAÇAN KEMSIDILÝÄR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.51 (47 Ses)

Elbetde, sen hem men ýaly daşaryk gezelenje çykanyňda ýygy-ýygydan gyzlara hapa sözler bilen ýüzlenýän, olardan telefon belgileri soraýan, arkalaryndan sygyrýan, aç möjek ýaly gyzlaryň bedenlerini synlaýan, ulaglaryny durzup, münmäne çagyrýan ýa-da geçip barýan gyzlaryň uýat ýerlerini elleýän oglanlara duş gelýänsiň. Men bular ýaly aýal-gyzlaryň mertebesini peseldýän wakalara häli-şindi şaýat bolýardym, ýöne gynansamda, elimden hiç zat gelenokdy. Şol sebäpli özüme gaty gaharym gelýärdi. Günleriň birinde bolup geçen waka meniň sabyr käsämi dolduran soňky damja boldy.

Bir gün Aşgabatda, hemişeki ýaly, şol bir geçýän köçämden türgenleşikden (sport zal) yzyma öýe tarap barýardym. Ýöräp gelýärkäm dört sany nätanyş oglanyň (takmynan 20 ýaşlarynda) maňa tarap ýöräp gelýändiklerini gördüm. Ilki bu ýagdaýdan hiç hili birahat bolmadym. Çünki meniň üstümde olaryň ünsüni çekip biläýjek egin-eşik ýokdy. Şonuň üçin göwnüme zat gelmeýärdi. Olar maňa ýakynlaşdyklaryça, ýoluma böwet bolmana başladylar. Men bolsa olaryň ünsüni çekmejek bolup ýoluň gyrasyna çekildim. Ýöne gynansamda, bu maňa kömek etmedi. Olaryň arasyndan biri meniň elimden tutup, özlerine tarap itdi. Meniň gaharym gelýärdi. Özümi goramak üçin şol bada oglanyň eline bat bilen urdym. Birbada ol yza çekilen ýaly boldy, ýöne olaryň bütinleý yza çekilme niýetleriniň ýokdugy gözlerinden görnüp durdy. Bu gezek olaryň hemmesi birlikde üstüme topulmana başladylar. Meniň elimde diňe suw çüýşesi bardy. Onuň bilen olary urmana başladym. Gynanýan zadym, bu wakanyň şäheriň iň uly köçeleriniň birinde bolup geçýänine garamazdan, hiç kim maňa kömek edeýin diýmedi. Şol wagt ol ýerde polisiýanyň patrulynyň ýoklugy bolsa meni hasam gynandyrdy. Entek hem dadyma ýanymyzdaky binanyň goragçysy ýetişdi. Ol sykylyk çalyp, oglanlara gygyryp başlady. Oglanlar bolsa iki aýaklaryny ellerine alyp, gaçmak bilen boldular. Men az-kem rahatlanan hem bolsam, bolup geçen zatlar meni çuňňur oýa batyrdy. Meniň bedenim – bu meniň ybadathanam. Hiç kimiň oňa el degirmäne haky ýok!

Näme üçin türkmen gyz maşgalasy şunuň ýaly rahatsyz we ahlaksyz ýagdaýa kaýyl bolup ýaşamalyka? Näme üçin biziň köçelerimiz gyzlarymyz, uýalarymyz, gelinlerimiz üçin howply bolmalyka?

Durmuşymyzdaky jynsy taýdan erjeşmeler

Bir adamyň öz ygtyýary, razyçylygy bolmazdan jynsy temalardaky tekliplere, degişmelere, hereketlere we/ýa-da şulary içine alýan, dahyl edýän sözlere ýa-da fiziki hereketlere duçar bolmasyna jynsy taýdan azar berme diýilýär. Erkekleriň aýal-gyzlar we olaryň jyns aýratynlyklary barada nädogry düşünjesi bolan, kemçilikli terbiýe alýan jemgyýetlerinde bu mesele hemme aýal-gyzlara ýaramaz täsirini ýetirýär. Şular ýaly medeniýeti bolan jemgyýetlerde jynsy taýdan erjeşmä her ýerlerde: ýolda, köçede, öýde we iş ýerlerinde duş gelinýär.

Köçelerdäki lak atmalar, jynsy taýdan erjeşme haçan ýüze çykýar?

► Tarlamak ýa-da sygyrmak (meselem, posa sesleri çykarmak);

► Bihaýa hereketler etmek (meselem, gyzyň uýat ýerlerini ellemek);

► Bilgeşleýin gyzyň ýoluna böwet bolmak.

Jynsy süýkenmeler birahat ediji hereketler bolup, päli bozuk kişiniň zenan maşgalany ellemegi, sypalamagy, çümmüklemegi ýa-da şappatlamagy ýaly garaşylmadyk fiziki gatnaşyklary etmegi arkaly döreýär. Edil şol sanda şuňa bilkastlaýyn edilýän hereketler hem diýseň boljak.

Bularyň gaty kän sebäbi bar. Sebäpleriň aglabasy hem aýal-gyzlaryň hukuklary we howpsuzlygy bilen baglanşykly bolup durýar. Jemgyýetçilik ýerleri jemgyýetiň her bir agzasyna deň derejede howpsuz we rahat bolmalydyr. Şol sebäpli, haçanda käbir adamlar jemgyýetçilik ýerlerinde öz hereketleri bilen başgalaryň birahatlygyna sebäp bolýan bolsa, bu mesele hökmünde ele alynmalydyr. Köçelerde gyzlara azar berilmeleriň ýaýgyndygyna garamazdan, adamlaryň bu barada dymmagy şuny çözgütsiz ýagdaý ýaly görkezip biler. Hakykat ýüzünde şular ýaly biedepçilik çykgynsyz ýagdaý däldir.

Men näme edip bilerin?

Jigimiziň, uýamyzyň, ejemiziň jynsy erjeşmäniň pidasy bolup biljekdigini ýadymyzda saklamaly! ABŞ-nyň "Stop Street Harassment" guramasy aýal-gyzlara köçelerdäki jynsy taýdan erjeşmä gabat gelenlerinde çözgüt hökmünde masalahatlar berýär:

1. Haçanda saňa köçelerde azar berlende edilýän herekete garşylyk görkez. Onuň tersdigini aýt. Meselem: "Meni elleme! Maňa azar berme!"

2. Azar berijä gönümel pikiriňi aýt. Meselem: "Menden uzaklaş!", "Meni eldeme!", "Yza çekil!" Bu ýerde utançsyz ýa-da aýyp zadyň ýokdugyny bil. Azar beriji utanmaly, sen utanmaly däl.

3. Olardan gönümel "Seniň aýal doganyňa, gyzyňa ýa soýgüliňe nätanyş erkek köçede şeýle azar berse halardyňmy?" diýip, sora. Goý, biraz pikirlensinler.

4. Köpçülikde size azar berilse (meselem awtobusda), azar berijini illere belli et. Meselem: "Sary maýkaly oglan, meni eldeme!" diýip daş-töwerekdäkiler eşider ýaly aýt.

Biziň jemgyýetimizde jynsy erjeşmäni azaltmak üçin, birinjiden, aýal-gyzlarymyzyň özleri şuny ters we mertebäni kemsidiji hereketler höküminde kabul etmeli. Ikinjiden, erkek oglanlarymyz lak atmanyň, jynsy erjeşmäniň ýakymly ýa-da adaty hereket däldigine doly düşünip, ondan daş durjak bolmaly. Ene-atalar, mugallymlar çagalar bilen bu mesele barada söhbetdeşlik geçirmeli. Beýle hereketleriň bütin jemgyýete ýaramaz täsir ýetirýändigini olara düşündirmeli. Biz ogullarymyzy bilelikde terbiýelemeli. Çünki jynsy deňlik gazanmakda oglanlar wajyp orun eýeleýärler.

Makalanyň awtory: Dilber Hanowa

Suratlaryň awtory: Mahym

Ulanylan  WEB Salgylar: 1 / 2 / 3 / 4