"MYRAT TAPSYN MAKSAT TUTAN"

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (30 Ses)

Birnäçe aý mundan öň, tomusda, daýzam agtygy bilen bize myhmançylyga geldiler. Kiçijik Baýram hemme çagalar ýaly bir ýerde oturyp bilenokdy. Men onuň üçin jäjekleri çykardym. Onuň bilen käbir oýunlary oýnadym. Birden Baýramyň gözleri meniň kitaplaryma düşdi. Ol baryp, iň uly we owadan reňkli kitaby aldy-da, menden ony okap bermegimi sorady. Men Nobel laureatlary bolan belli we meşhur alymlar hakynda okap başladym. Birnäçe wagtdan soň Baýram menden : "Näme üçin bularyň hemmesiniň ady Çarlz, Jon, Aleksandr? Name üçin aralarynda Baýram ýa-da meniň dostum ýaly Çary ýok?" – diýip sorady. Men bu soraga näme jogap berjegimi bilmedim. Dogrudan hem, name üçin dünyä belli adamlaryň arasynda Baýram ýa-da Çary ýok?

Türkmen jemgyýetinde öňki wagtlardan bäri dowam edip gelýän durmuş kadasy bar – mekdebi gutarmak, ýokary okuw jaýyna girmek, täze durmuş gurmak, çagalary ösdürmek we garrylyk ýaşyna garaşmak. Bu ýaşaýyş meýilnamasy näçe ýyllar we nesiller çalyşsa-da, hiç özüni üýtgetmändir. Bir tarapdan seretsek, dürli ýurtlardaky, medeniýetlerdäki adamlaryň ömür şekliniň ýokardaky türkmen durmuş kadasyndan uly tapawudy ýok. Emma meniň pikirimçe, bizdäki esasy aýratynlyk – adam şahsyýetine az üns berilmegimikä diýýän. Bizde şahsy maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda janserek adamlar seýrek duş gelýär. Biziň jemgyýetimizde ýaşaýyş şertleriniň çäklidigi sebäpli, köp adam özüniň kimdigini we nähili durmuşa eýe bolmak isleýändigini saýlap bilmeýär.

Durmuş meýilnamasy – bu adamyň ömründäki esasy maksatlarynyň sanawydyr. Onuň peýda bolmagy, ösmegi we ýokary hile geçmegi adamyň saglyk ýagdaýyna, jemgyýet tarapdan kepillendirilen mümkinçiliklere we maddy üpjünçiligine baglydyr. Siz biziň aramyzda öz belent maksatlary ugrunda jan edýän ýaşlara duşduňyzmy? Olaryň esasy bölegi sizi il üçin durmuşa çykmakdan, gybat etmekden, öýde işsiz oturmakdan başga edermenlige ruhlandyrdymy? Men hemme türkmen ýaşlary hakynda beýle pikirde däl. Olaryň arasynda dürli ýaşlardaky örän gowy hünärmenleri, görnükli şahslary görýärin. Ýöne olar, gynansakda, seýrek duş gelýär.

Bu ýagdaýlaryň sebäbi näme?

► "Oglum, gyzym, mekdepde gowy okaň, ýöne nädip okamalydygyny menden soramaň. Meň özüm bilemok" ýaly düşünjeleri kän maşgalalarda eşidip bolýar. Çagalaryň esasy goldawçysy we kömekçisi bolmaly ene-atalar, köplenç, bu jogapkärçilikden ýa habarsyz, ýa-da muňa taýýar däl. Mekdepler hem ene-atalaryň tarapdary.

Az aýlyk – köp maşgala çykdaýjylary. Ene-atalarda çagany ylym we sungat tarapdan zamana laýyk ösdürmäne köplenç mümkinçilik ýok. Serişde üpjünçiligi ösüp barýan çagalaryň ykbalynda uly rol oýnaýar. Sport oýunlaryna gatnaşmak, daşary ýurt dillerini we gerekli okuw derslerini düýpli öwrenmek kän pul alýar. Çünki, ýönekeý orta mekdebiň berýän bilimi uniwersitete girmek üçin ýeterlik däl.

Türkmen ýokary okuw jaýyna girmek, örän kyn durmuşy synag we uly üstünlik hasaplanylýar. Häzirki zamanda köp ýaşlaryň ýokary okuw jaýyna girmekde esasy maksady ýokary bilim almak däl-de, gowy aýlykly işli bolmak üçin diplom edinmek. Düşünjeli we hünäriniň ussady bolmak borç hökmünde görülmeýär.

Zehinli adamlar Turkmenistandan göçüp gidýarler. Çünki, ösen ýurtlar olaryň zehinine gadyr berip, olara durmuşda hemmetaraplaýyn ösmek üçin şertler bilen üpjün edýärler.

Men beýik özgerişlikler şahsyýetden başlaýarmyka diýýärin. Eger her bir şahsyýetiň döwrebap kemala gelmegi üçin ýeterlik tagallalar edilse, biziň ýurdumyz hem dünýä belli Baýramdyr, Çarylary ýetişdirip biler.

Awtor: Bossan Annageldiýewa