TÜRKMEN OBASY WE ZIR-ZIBIL AÝYRMA KYNÇYLYKLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (19 Ses)

Şeýle ýagdaýy göz öňüne getiriň. Obadaky bir köçe. Her bir jaýyň daşynda zir-zibiller üçin goýlan gap bar. Olaryň içi zibilden doly. Bir ýaş gelin hemme zir-zibilini bir gaba atyp, ony otlaýar. Zäherli tüsse ýokary galyp, daş-töwerege ýaýraýar. Gahary gelen goňşular gykylyga başlaýarlar. Ynha-da kän garaşylan zir-zibil ýygnaýan ulag gelýär. Obanyň ýaşaýjylary:

– Biziň hem hapamyzy alaýyňda!

– Bizi başga biri çagyrdy.

– Siz hemmämiziňkini aýyrmaly! Bolmasa siz barada arz-şikaýat ederis!

– Nirä aýtsaňyz şoňa aýdyň!

Şeýle diýip, zibil daşaýan ulagyň sürüjisi gapysyny berk ýapýar-da, öz ýoluny dowam edýär. Bir salymdan zibil ulagy gözden ýitýär. Aňk-taňk bolup galan obanyň ýaşaýjylaryna arz- şikaýatlaryny diňe biri-birine aýdyşaýmak galýar. Şeýle ýagdaýlar biziň obalarymyzda hemişe gaýtalanyp dur. Zibilleri bölüşdirmek barada gürrüň hem ýok.

Zir-zibilleri bölüşdirmek nämäni aňladýar?

Zir-zibilleri bölüşdirmek ulanylan galyndylary täze, peýdaly zatlara öwürmek işiniň başlangyjydyr. Iýmit galyndylarynyň kagyz, aýna ýa-da beýleki galyndylar bilen garyşdyrylmazlygy zatlaryň gaýtadan ulanylmagyny, işlenilmegini ýa-da ýok edilmegini ýeňilleşdirýär. Mundan başga-da, bu garyşdyrylan garyndylar sebäpli ýüze çykýan saglyk kynçylyklarynyň öňüni almaga kömek edýär. Zir-zibilleriň bölünmegi olaryň oňat dolandyrylmagy ugrunda edilýän ilkinji ädimdir. Ýöne, bu ädim zir-zibil bölünenden soň galyndylary haýsy bir zat üçin ikilenç ulanmagyň usulynyň bar ýagdaýynda peýdaly bolýar.

Zir-zibilleri bölüşdirmegiň netijeli bolmagy üçin şuny galyndylaryň dörän ýerinden başlamaly. Ýagny, her hojalyk özünden başlamaly. Şuňa üns berilýän köp ýurtlarda hökümet ýaşaýjylary ýüzi bellikli zir-zibil gutulary bilen üpjün edýär. Ýaşaýjylar bolsa zir-zibillerini şol gutulara görä aýyl-saýyl edip zyňýarlar. Adatça, zir-zibiller kagyz, aýnagyt, plastik we alýumin galyndylar diýip bölüşdirilýär. Bu ugur, zir-zibilleri azaltmaklyk işini aňsatlaşdyrýar we galyndylary gaýtadan ulanmaga ýardam berýär. Zir-zibilleri gaýtadan ulanmaklyk, kompostlamagy (zibili dökün halyna öwürmek), birnäçe gezek doly ýa-da bölekleýin ulanylmagy we howpsuz ýerleşdirmegi öz içine alýar.

Oba ýerlerinde…

Paýtagtymyzda zir-zibil aýyrýan hyzmaty ýokary derejede işleýän bolsa, oba ýerlerinde bu hyzmat diýseň pes. Zir-zibil aýyrýan ulag wagtynda ugradylmaýar. Käbir tanyşly-bilişli hökümet adamlarynyň zir-zibilini täsinlik bilen wagtly-wagtynda aýryp duran bolsalar, ýönekeý obaň ýaşaýjysy olary yzygiderli jaň edip, şikaýat edip, iş ýerlerine baryp zordan getirýärler. Zir-zibili wagtynda aýyrmak medeniýeti, umuman, ýurdumyzda pes. Şäherde-de, obada-da adamlaryň köpüsi "Şu boşan gaby zir-zibil atylýana ataýyn" diýip alada etmeýär. Duran ýerinde ýere zyňyp gidýärler. Oba ýerlerinde gadymdan galan däp-dessura görä, zir-zibilleri garym-gatym edip, bir ýere üýşürip otlaýarlar. Bu ýagdaýdan iň köp kösenýänler bolsa bu zatlaryň erbetligine düşünip, hiç zat edip bilmeýän adamlardyr. Zir-zibili bölüşdirmek hakynda aýtsak, kommunal hyzmatlary geçirmegiň tertipnamasynda ol barada maglumat bolsa hem, zir-zibili aýyl-saýyl etmeklik hojalyk öýlerinde başlanman, äkidilen ýerlerinde başlanylýar. Köp adamlaryň, esasan hem oba ýaşaýjylarynyň zir-zibilleri bölüşdirmegiň nämedigini bilmeýändiklerine şek-şübhe ýok. Olaryň pikiriçe, zir-zibil zyňylmaly ýerine zyňylanyndan soň iş bitýär. Zir-zibili bölüşdirmek diňe daşary ýurtlara mahsus ýa-da bu barada ylym alan adamlaryň düşünjesi diýip düşünýärler.

Näme etmeli ?

Zir-zibilleri aýyrmagyň, aýratyn hem, olary bölüşdirmegiň netijeli bolmagy üçin ýurdumyzda halk köpçüligi bu düşünje bilen yzygiderli habardar edilip durmaly. Bu düşünjäniň ösmegine iň köp ýardam berip biljek, elbetde, hökümet edaralarynyň geçirjek wagyz-nesihat işleridir. Eger hökümedimiz zir-zibil aýyrýan edaralara, esasan hem obalarda gowy gözegçilik etse, onda zir-zibiller wagtly-wagtynda aýrylar we köçelerimiz arassa bolar. Zir-zibilleri aýyrmak barada radiolarda, telewideniýede, okuw ýerlerinde wagyz-nesihat işleri geçirilmeli. Bu meseläni halkyň aňyna düýpli ýetirmek, zir-zibilleri azaltmakda uly bir öňegidişlik bolar. Her bir hojalyk jaýyň golaýynda zir-zibilleri bölüşdirmek üçin ýüzi ýazgyly gutular goýulmaly. Ýaşaýjylar bolsa öz gezeginde galyndylary şolara görä zyňmaly. Ýaşaýan ýerimiziň arassa bolmagyny isleýän bolsak, her birimiz arassaçylygy diňe öz öýümizde däl, eýsem hemme ýerde doly berjaý etmegi başarmaly.

Awtor: Sapar Aşyrow

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2