DILIŇE EÝE ÇYK, JENAP!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.52 (25 Ses)

2016-yň tomsunda meniň goňşym öýlendi we gelni bilen bile ýaşap başladylar. Bir gün men gelniň sekide aglap oturanyna gabat geldim. Ondan näme bolanyny soramda ýoldaşynyň üstüne gygyrandygyny aýtdy. Soňra bolsa: "Men oňa durmuşa çykamda ol başgaçadyr öýdýädim. Emma, ol hem aýalyna islän wagty gygyryp, buýruk beribermeli diýip pikir edýän adaty erkekler ýaly ekeni" – diýdi.

Gelniň bu gürrüňlerini diňlemek maňa agyr degdi. Türkmenistanda köp erkekler aýallaryna garşy paýyş sözleri ulananlarynda, olara sögünenlerinde, olara garşy dil zorlugyna baş goşýandyklaryny bilmeýärler. Halk içinde "zorluk" diňe hereket bilen edilýän zat diýlip kabul edilýäni üçin dilden çykýan zorluga kän üns hem berilmeýär.

Goňşy gelnimiň bu ýagdaýy we başga-da şuňa meňzeş gören-eşdenlerim meni bu makalany ýazmaga iterdi. Men zenanlar erkeklere garşy dil zorlugyna baş goşmaýarlar diýjek bolmaýaryn, emma makalamda ünsi esasan erkekleriň zenanlara bolan garaýşyna çekesim gelýär.

Dil zorlugy nädip döreýär we saglyga nähili täsir edýär?

Dil zorlugy ruhy hyýanatçylygyň bir görnüşi bolup, ol söz arkaly biriniň mertebesine, ruhy ynjalygyna duýdansyz ýa-da yzygiderli hüjüm etmegi, kemsitmegi, ezmegi öz içine alýar. Gorkuzmak, paýyş gürlemek, üstüne gygyrmak, ýazgarmak we utandyrmak hem dil zorlugyna degişlidir.

Dil zorlugy adamzadyň ganyndaky zat däldir. Hiç kim dil zorlugyna baş goşmaga bolan isleg bilen dogulmaýar. Bilermenleriň bellemegine görä, dil bilen "zorlaýan" adamlar muny başgalardan öwrenýärler. Olar köplenç kiçilikde özleri bu zorluga sezewar bolan kişiler hem bolup bilýärler. Ýa-da dil zorlugy adamda şizofreniýa ýaly dürli psihiki we ruhy näsaglygyň netijesinde hem döräp bilýär.

Dil zorlugy adamyň özüne bolan ynamyny pese gaçyrýandygy üçin örän zäherli endikdir. Munuň pidasy bolýan aýallar özlerini nalajedeýin duýup bilýärler. Başga-da olar ruhyçökgünlik, ynjalyksyzlyk, ukusyzlyk ýaly psihiki näsazlyklary hem başdan geçirip bilýärler. Dil zorlugyna sezewar bolanlar zyýanly endikleri çalt öwrenmäge, kadaly iýmitlenmegi bozmaga-da ýakyn bolýarlar. Bu zorlugyň fiziki netijeleri bolsa nerw ulgamynyň, ýürek we aşgazan keselleriniň döremegini öz içine alýandyr.

Dil zorlugy we türkmen çagalary

Dil zorlugy çagalara-da ullakan zyýan ýetirýär. Çaganyň kakasynyň ejesine yzygiderli dil ýetirmegine tomaşa etmegi onuň bu endigi adaty zat diýip kabul etmegine we öwrenmegine hem eltip bilýär. Bu enäniň hem çaganyň öňündäki gadrynyň gaçmagyna getirip bilýär. Çünki çaga enäni sylamagy ilki bilen atadan öwrenýär. Netijede, kakanyň dil zorlugyny ulanýan maşgalalardan çykýan çagalar hem ulalanlarynda zenanlara garşy dil zorlugyny ulanýan adamlar bolup ýetişýärler.

Dil zorlugynyň pidalaryna maslahatlar:

→ Eger ýanýoldaşyňyz üstüňize gygyrsa ýa-da sögünse, sypaýçylyk bilen oňa: "Gel, şu meseläni goh-galmagalsyz çözeli" diýip, teklip ediň.

→ Eger ýanýoldaşyňyz bilen şol wagt arkaýyn gürleşmäge mümkinçilik bolmasa, soňra onuň bilen köşeşen wagty gürleşiň.

→ Dil zorlugyna hiç haçan gaýtargy bermäň!

Dil zorlugyny edýänlere maslahatlar:

⇒ Diliňize erk etmäni öwreniň. Özüňizi söz bilen kemsitseler nähili duýarsyňyz? Özüňizi gelniňiziň ýerinde goýup görüň.

⇒ Ýadyňyzda saklaň: çagalaryňyz sizi synlaýarlar, sizden görelde alýarlar. Olaryň ejelerini we beýleki zenanlary äsgermezligini isleýäňizmi? Has hem enäni mukaddes hasaplaýan türkmen jemgyýetinde çagalaryň ony sylamazlygy öwrenmegine sebäp bolasyňyz gelermi? Hakyky ERKEK kakanyň iň esasy jogapkärçiligi çagalaryna ejelerinden başlap ähli zenanlary hormatlamagy öwretmekdir.

⇒ Eger özüňizi Çyn Erkek, Çyn Ýanýoldaş we Çyn Kaka hasaplaýan bolsaňyz, şolara mahsus hereketleri ediň. Kemsitmek, ynjytmak bedasyllara mahsusdyr.

Sözümiň soňunda bu makalam türkmen erkekleriniň arasyndaky dil zorlugyny bada-bat ýatyrmasa-da, iň azyndan okyjylary bu ýowuz häsiýetden habardar edip, mümkin boldugyça munuň azalmagyna getirer diýip umyt edýärin. Dil zorlugy howply, zyýanly we türkmene gelişmeýän sypatdyr. Biz sylag-hormaty öňe sürüp, maşgalalarymyza agzalalyk we zenanlarymyza näsaglyk getirjek hereketlerden daş durmaly. Onuň netijesinde çagalarymyz hem edepli, adamkärçilikli we sarpaly bolup ýetişerler.

Awtor: Aýgül Kakabaýewa