EMOSIONAL ZEHINLILIK: BIZIŇ KÜTEK TARAPYMYZ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (22 Ses)

Men adaty türkmen maşgalasynda önüp-ösdüm. Ejem bilen kakamyň özleri ýokary bilimli bolansoňlar meni hem "Gowy okasaň we zähmetsöýer bolsaň hor bolmarsyň. Il içinde abraýyň uly bolar" diýip ulaltdylar. Men muňa pugta ynandym. Okuwy, uniwersiteti iň zehinlileň, iň ezberleň hatarynda bolup gutardym. Emma, iş durmuşyna aýak basyp, täze adamlar bilen täze gatnaşyklar gurup başlamda şowlulygyň açarynyň diňe zehinlilik bilen zähmetsöýerlik däldigine göz ýetirdim. Bu ýagdaý köpümize nätanyş bolmasa gerek. Türkmenistanda ene-atalar we mugallymlar çagalaryň zehin taýdan başarjaňlygyna üns berip, adamlar bilen sagdyn gatnaşyk etmekde gerek bolan esasy elementi – Emosional Zehinliligi – öwretmegi ýatdan çykarýarlar.

Emosional Zehin (iňlisçe "Emotional Intelligence") – bu adamyň öz duýgularyna düşünip, olara fiziki we ruhy taýdan erk edip bilme, özgeleriň duýgularyna we hereketlerine oýlanyşykly jogap berip bilme ukybydyr. Bu sypat aň taýdan zehinli bolmak bilen baglanyşykly däldir. Şoňa görä-de IQ-yň (zehinlilik derejesi – iňlisçe "Intelligence Quotient") ýokary bolmagy adamyň emosional zehinliligine güwä geçmeýär.

Bilermenleriň barlaglaryna görä, durmuşyň dürli pudaklarynda adaty IQ-ly adamlar ýokary IQ-lylardan 70% köp üstünlik gazanýarlar. Munuň sebäbi bolsa olaryň emosional zehininiň ýokarydygyndadyr. Beýle diýmek adaty IQ-lylaň hemmesiniň ýokary emosial zehini bar diýmek däl. Emosional zehin IQ ýaly adamda ömürboýy şol bir derejede saklanmaýar. Käbir adam tebigy taýdan emosional zehinli bolup bilýär, emma köp adam muňa türgenleşip ýetýär. Ýokary emosional zehinli adamlary tanamak kyn däldir. Töweregimize syn edip görsek olar iň täsirli, iň başarjaň, iň nusgawy adamlardyr. Olar özlerini gowy tanaýarlar. Islendik ýagdaýda özlerine erk edip bilýärler. Duýgularyny saýgarmagy we dolandyrmagy başarýarlar. Olara arkaýyn ynam bildirip we bil baglap bolýar. Şonuň esasynda-da olar töweregindäkiler bilen aýawly gatnaşyklar alyp barmaga ukyply bolýarlar. Adamlar bilen umumy dil tapmagy we köplere özlerini aldyrmagy başarýarlar. Bu häsiýetler bolsa öýde bolsun, işde bolsun, ýa başga köpçülik ýerinde bolsun adama diňe şowlulyk getirýär.

Emosional zehin esasy 4 başarnykdan ybaratdyr:

► Özhabarlylyk – duýgularyňa eýe çykmak we olary tanap bilmek.

► Özerklilik – duýgularyňa düşünjeli çemeleşmek. Erkiňi elden bermezlik.

► Millihabarlylyk – özgeleriň duýgularyny tanap, olara düşünip bilmek.

► Gatnaşykda erklilik – özgeleriň duýgularyna düşünjeli çemeleşip, aragatnaşyklaryň üstünlikli bolmagyny gazanmak.

Emosional zehin çaga terbiýesiniň özeni bolmalydyr. Hut şonuň üçinem EQ-yň (iňlisçe "Emotional Intelligence Test") üsti açylany bäri Ýewropada we Amerikada mekdep programmalary çagalaryň EQ-syny gowy türgenleşdirmegiň çäklerinde düzülýär. Ene-atalara hem muňa maşgalada düýpli üns bermek ürç edilýär. Ýaşyna garamazdan çagalarda öýde emosional zehin öwretmek üçin ene-atalara aşakdaky usullary ulanmak maslahat berilýär:

♦  Çagalaryňyza duýgularyny tanamagy öwrediň. Olara gahar, ýadawlyk, gaýgy we şatlyk ýaly güýçli duýgulary başdan geçirenlerinde olary dil bilen düşündirmegi öwrediň. Şonda olar öz duýgularyna eýelik etmäni başararlar. Duýgulary biri-birinden tapawutlandyrmany, olaň özlerine we özgelere edýän täsirini hem-de özgeleriň duýgularyna-da düşünmäni kämilleşdirerler.

♦  Öz duýgularyňyzdan söz açyň. Çaga "çaga nämä düşünýär!" diýip parhsyzlyk etmän, her bir inçe duýgyňyzy olar bilen paýlaşyň. Diňe paýlaşyp goýman, duýgularyňyzy nädip dolandyrýandygyňyzy olara görkeziň. Bir ýeriňiz agyrýarmy? Muny çagalaryňyza düşündirip, mundan saplanmak üçin nämeleri etmelidigiňizi görkeziň.

♦  Olara duýgularyna erk etmäni öwrediň. Çagalar köplenç ulularyň özlerine dözmeýändigini bilip, yrsaramak, gaharlanmak, gynanmak ýaly duýgularyna ulularyň eýelik etmegini isleýärler. Meselem, çagaňyz magazinden öz islän zadyny äbermegiňizi talap edip, aýak depip duran bolsa oňa "Muňa häzirlikçe pulumyz ýetenok, belki oň ýerine başga zat saýlap bileris?" ýaly alternatiw ýollary hödürlemek arkaly ýa-da eger çagaňyzyň başga bir çagadan göwni galan bolsa oňa "Aman seň gowy dostuň. Sen oň bilen oýnamany gowy görýäň, olam seni örän gowy görýär. Ýöne kämahal bilmezlikde göwne degişlik bolaýýar. Belki gaty görmäge derek öz duýgularyňy Amana beýan edersiň? Şeýtseň ol hem ötünç sorap biler" ýaly maslahat bermek arkaly olara öz duýgulary barada has dogry pikirlenip, olardan baş alyp çykmak üçin iň gowy ýoly tapmaga kömek edip bilersiňiz.

Adamzat duýgularyň şasydyr. Duýgusyz ýaşamak mümkin däl. Emma olaryň dürli-dürlüdigine görä hersiniň öz ýeri bar. Äňedilmedik duýgular adamy örän kyn günlere düşürip bilýär. Şonuň üçin "beýik IQ üstünligiň açarydyr" diýen toslamadan daşlaşyp, emosional zehinimizi türgenleşdireliň. Emosional zehinlilige eýe bolmakda belli ýaş ýokdur. Ýaşkiçi bolsun ýa ýaşuly, emosional zehinlilik hemmeleriň hökmany edinmeli ukybydyr. Çünki durmuşda bagtly gatnaşyklar we şahsy & karýera ösüşi duýgularyny seljerip bilmegi, olara erk edip bilmegi başarýanlara nesip edýär.

Makalanyň awtory: Medine Gulamowa