GALYŇ – ÝORGANA GÖRÄ AÝAK UZATSAK BOLMAZMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.89 (18 Ses)

Galyň – gelniň maşgalasyna we/ýa-da ýakyn garyndaşlaryna geçirilýän tölegdir. Gadym zamanlarda galyň gelniň maşgalasyna tölenýän kompensasiýa – süýt haky hökmünde görlüpdir. Ýagny, gyz ene-atasynyň öýünden çykyp ýan ýoldaşynyň öýüne göçende gyzyň maşgalasy iş güýjüni we ýany bilen alyp gidýän maddy gymmatlyklaryny ýitirýar diýip hasap edilipdir.

Türkmen däp-dessurlaryna laýyklykda, galyň – ýaş çatynjalaryň nika gyýyp, maşgala gurmagy üçin möhüm talaplaryň biridir. Galyňyň möçberi gyzyň ene-atasy, garyndaşlary tarapyndan kesgitlenilýär. Taryha göz salsak, Sowet döwründe, türkmen däp-dessurlary "пережитки прошлого", ýagny "geçmişiň galyndylary" hasaplanylyp, şol wagtyň ideologiýasyna gabat gelmeýänligi sebäpli olar gadagan edilipdir. Garaşsyzlygy almagymyz bilen türkmen däp-dessurlary täzeden dikeldildi. Emma bu däp-dessurlaryň talaplary, has takygy, galyňyň bahasy halkymyzyň ýaşaýyş şertlerine gabat gelýärmi? Galyňyň belli bir bahasy barmy ýa-da ol simwoliki şekile girse, ýagny kiçijek sowgatlar bilen çäklense hem bolýarmy? Ata-babalarymyz galyňy näme üçin salypdyrlar we galyň töläp bilmedik ýigitler nädip maşgala gurmagy başarypdyrlar? Men şu soraglara jogap tapmana ymtylaryn.

Galyň we mahryň ara-tapawudy

Ýaşlar köplenç galyň we "mahr" şol bir zat diýip hasap edýärler we olaryň tapawudyny bilmeýärler. Yslamda, mahr ýigidiň öýlenjek gyzyna edýän sowgadydyr. Mahr üçin beriljek sowgady gyz kesgitleýär we netijede ol sowgat gyzyň özünde galýar. Emma galyň mahr däldir. Galyň türkmen milletinde yslam dininden yüzlerçe ýyl öňden bari giňden ulanylyp gelnipdir. Galyň – öýlenýän ýigidiň maşgalasy tarapyndan gelin üçin berilýän maddy we maliýe gymmatlyklardan ybarat bolan töleg diýip bileris. Ýurdumyzda galyň tölemek däbi biziň günlerimize çenli saklanylyp gelinýär.

Ir wagtlarda galyň salmagyň sebäpleri

Eýsem galyň nireden gelip çykýar we ony salmagyň maksady nämede? Gadym zamanlarda, türkmenleriň entek tire-taýpa bolup ýaşaýan döwründe adam güýjüne, ýagny zähmet ellerine diýseň uly baha berlipdir. Şonuň üçin gyz maşgalany durmuşa çykaranlarynda maşgaladan iş güýji gidýär diýip pikir edilipdir. Ýagny, gyz durmuşa çykandan soňra öý işlerine kömek edip bilmeýär. Ol ýanýoldaşynyň maşgalasyna degişli bolýar. Şonuň üçin galyň salmagyň iki maksady bolupdyr:

1. Maşgaladan çykyp gidýän iş güýjüniň öwezine kompensasiýa bermeklik, ýagny onuň üçin "tölemeklik".

2. Gyz maşgala durmuşa çykandan soňra ýanýoldaşynyň öýünde ýaşap, oňa maddy taýdan garaşly bolýany sebäpli galyň oýlenýän ýigidiň ykdysady durnuklylygynyň subutnamasy bolupdyr. Galyňy töläp bilmedik ýigit maddy gymmatlyklara eýe däl we maşgalany ekläp bilmez diýip hasap edilipdir.

Baýyň gyzy üçin müňlerçe baş mal salnan bolsa, orta gurply maşgalanyň gyzy üçin 20-55 mal salmak bilen oňupdyrlar. Emma galyň tölemäge asla ýagdaýy ýetmeýän ýigitler üçin hem bir çäre tapypdyrlar. Galyň tölemäge ýagdaýy ýetmeýän ýigide "güýç giýew" diýipdirler. Ýaşlar toý edip, maşgala gurandan soňra öýlenen ýigit birnäçe ýylyň dowamynda ýaş gelniniň ene-atasynyň we garyndaşlarynyň gullugynda bolupdyr, batrakçylyk edipdir. Şeýdip töläp bilmedik galyňynyň öwezini dolup bilipdir. Emma bu däp dürli çeşmelere laýyklykda ýurdumyzyň diňe Ýolöten we Sarahs şäherlerinde ýerine ýetirilipdir.

Galyň häzirki zamanda

Häzirki wagtda galyňyň möçberi adamlaryň mümkinçiliklerine görä kesgitlenilýär diýsek bolar. Elbetde, hatda az möçberdäki galyňy hem töläp bilmeýän, ýa-da tersine, aşyry möçberde galyň berip, kaşaň toý edýän maşgalalar bar. Şeýlelikde, biziň günlerimizde salynýan galyňyň mukdaryna göz salsak onuň şähere we welaýata görä üýtgeýändigini synlap bileris. Meselem, paýtagtymyzda galyňyň pulda salynýan bölegi $4500, $6000 we $8000-10000 aralygynda diýip watandaşlarymyz aýdýarlar. $4500 amerikan dollary ortaça baha hasap edilýär, $6000 amerikan dollary orta bahadan ýokary we $10000 amerikan dollara barabar galyň has ýokary baha hasap edilýär. Aşgabatda orta zähmet aýlygy $300 amerikan dollarynyň çägindedir. Bu bazar bahalaryna garamazdan, maddy durumyny göz öňüne tutup hereket edýän ýaşlaramyz az däl. Meselem, watandaşymyz Bahar: "Galyňy ýoldaşymyň ýagdaýyna görä ýazdyk. Esasy zat maşgaladaky bagtly durmuş, galyňyň möçberi möhüm däl" diýip gürrüň berýär.

Pikirlensek, dogurdanam galyň ýaş çatynjalaryň, has takygy, öýlenýän ýigidiň maşgala ýagdaýyna görä salynsa has dogry bolar. Bergi edip galyň töleýän maşgala baryp ýene-de bergide ýaşajak ýaş gyzyň özi. Türkmende "Ýorganyňa görä aýak uzat" diýip bir nakyl bardyr. Hatda, ata-babalyrymyz hem oglanyň maşgalasynyň töläp bilmejek galyňyny salmandyrlar we "güýç giýew" onuň aýdyň subutnamasy. Emma, gynansakda, häzirki wagtda galyň goňşularyň, garyndaşdyr dost-ýarlaryň arasyndaky bir bäsleşige öwrüldi diýsek ýalňyşmarys. Gelnejeler we ejeler "pylanyň gyzyna pylança galyň saldylar, meniň gyzymyň nämesi kem?" diýip, adatdan daşary gymmat galyň soramaga endik edipdirler. Aýlykdan-aýlyga ýaşaýan türkmen maşgalasyna $6,000-10000 dollara barabar galyň tölemek, toý dabarysyny geçirmek, gelin üçin şaý-sep, matadyr-gyňaç satyn almak örän agyr düşýär.

Bulary aýtmak bilen meniň niýetim "däp-dessurlary aýyrmaly we galyň salynmaly däl" diýmek däl. Biziň halkymyz däp-dessurlarymyzy gowy görýär we hormatlap, biziň günlerimize çenli saklap gelýär. Emma her zadyň çeni ýagşy. Galyň salasy gelýän salsyn, ýöne galyň biziň döwrümize laýyk gelmeýär diýip pikir edýänler galyňdan geçsinler. Emma galyňyň tarapdarlary, hormatly enelerimiz, durmuşa çykýan gyzlarymyz we olaryň ýakyn garyndaşlary – aýagymyzy ýorgana görä uzatsak bolmazmy?

Makalanyň awtory: Latife Gurbanowa