ZENAN KÄMILLEŞMESI WE TÖLEGSIZ ÖÝ IŞLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.39 (18 Ses)

8-njy Mart günüdi. Ejeme näme sowgat aljagym barada oýlanyp otyrdym. Men özümi bilip başlan günümden şu wagta çenli, ýagny kämillik ýaşyna ýetýänçäm, ejemiň öz maşgalasy üçin eden we edýän işleri göz öňüme geldi. Eger kakam ejemiň edýän işlerini, ol işleri özlerine kär edinen adamlary çagyryp etdirjek bolsa ep-esli çykdaýjy çykarardy. Ejemiň we ejem ýaly aýal-gyzlaryň öýde edýän işleri we olaryň ykdysadyýetdäki orny barada şu makalamda söz açmagy makul bildim.

Jemgyýetimizde jynslara görä kesgitlenilen ýumuşlar

Türkmen jemgyýetinde esasy ýol görkezijiler däp-dessurlar diýsek ýalňyşmarys. Şolaryň biri hem zenanyň we erkegiň maşgaladaky ornudyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsan Ösüşi Raportyna (Human Development Report 2015, UNDP) göra, Türkmenistanda 15 ýaşdan uly zenanlaryň zähmet güýjüne gatnaşygynyň proporsiýasy 46.9 %, erkekleriňki bolsa 76.9 %. Türkmen aýal-gyzlarynyň aglaba bölegi öý işleri we maşgala ýumuşlary bilen meşgullanýarlar. Olar öý hojalykçy hökmünde nahar bişirmek, çagalara, garrylara ideg etmek, egin-eşikleri ýuwup-ütüklemek ýaly işler üçin jogapkär bolýarlar.

Ykdysadyýetdäki we jemgyýetdäki bolup geçýän üýtgeşmeler şular ýaly däp-dessurlara esaslanan ýörelgeleriň özgermegine itergi berýär. Üýtgeýän durmuş şertleri sebäpli ýeke adamyň gazanjy maşgala eklemäge ýetmeýär. Galyberse-de, dünýäde we tehnologiýada bolup geçýän täzeliklerden täsirlenýän ýaş oglan-gyzlar öňki türkmen nesillerine garanyňda başgaça pikirlenýärler. Şu sebäpleri göz öňüne tutsak, ýakyn wagtda jemgyýetimizdäki jynslara görä kesgitlenen ýumuşlar düşünjesiniň özgermegi geň galdyrmazmyka diýýän.

Ykdysadyýet we tölegsiz öý işi

Köp ýurtlarda bolşy ýaly, biziň aýal-gyzlarymyz hem öý işlerini tölegsiz şertde ýerine ýetirýärler. Ýurt ykdysadyýetiniň baş görkezijisi bolan Jemi Içerki Önüm (inglisçe. GDP) hasaplanylanda tölegsiz öý işleri hasaba alynmaýar. JIÖ – bu milli hasaplar ulgamynyň esasy indikatorlarynyň biri bolup, ýurtda önüdürilen harytlaryň we hyzmatlaryň jemlenen bahasyny häsiýetlendirýär. JIÖ ykdysady ösüşiň depginlerini we derejesini, ykdysadyýetiň düzümini we önümiň dürli maksatlar üçin ulanylyşyny görkezmek üçin peýdalanylýar. Aýal-gyzlaryň öýde edýän işleri ýurt ykdysadyýetine gönüden-göni goşant goşmaýar. Haçan-da aýal-gyzlar tölegsiz öý işini goýup, resmi ýagdaýda hususy ýa-da döwlet edaralarynda işe başlanda, onda bu ýagdaý ykdysadyýete gönüden-göni öz täsirini ýetirýär. Bu ýagdaýda aýal-gyzlar maddy özygtyýarlyga eýe bolýarlar we maddy taýdan erkeklere bagly bolmakdan azat bolýarlar.

Goşa ýük howpy: tölegli we tölegsiz işler

Aýal-gyzlaryň tölegli işlere girişmeginiň jemgyýete, maşgala oňat netije bermegi üçin olaryň öýdäki tölegsiz işlerine täzeden seredilmegi zerurdyr. Bolmasa, iki işden basyş we fiziki ýadawlyk olary tapdan düşürip, çykgynsyz ýagdaýa salyp biler. Aýal-gyzlary goşa ýüküň berjek kynçylygyndan goramak her bir maşgala agzasynyň borjudyr. Erkek kişiniň öý işlerine, çaga terbiýesine aýal-gyzlar bilen deň çemeleşip, işleri deň bölüşmegi çözgüt bolup biler. Şeýlelik bilen, üstündäki ýükleri ýeňlän aýal maşgala jemgyýetde has işjeňleşer, sagdyn bolar we onuň ykdysadyýete goşandy ýokarlanar. Maşgalada är-aýal gatnaşyklary gowlaşar.

Dünýädäki netijeli mysallar

Demirgazyk Ýewropa, ýagny Skandinawiýa ýurtlary tölegli we tölegsiz işlerde zenan-erkek deňhukuklylygyna üns beryän we ony berk berjaý edýän ýurtlar hasaplanylýar. Esasan hem, çagaly maşgalalarda enäniň öýe gabalyp ýaşaman, işini we ene bolmagy dowam etmekligi üçin ýeňillikler döredilen. Meselem, Şwesiýada "öý hojalykçy aýal" düşünjesi ýitip gidipdir diýen ýaly. Indi çaga dogulanda diňe enä däl, eýsem ata hem işden tölegli rugsat alyp, bu jogapkärçiligi ene bilen deň paýlaşmaga hukuk berilýär. Finlandiýada maşgala durmuşyny goramak maksatnamasyna görä, öýünde öz çagasyna ideg eden enä ýa-da ata ýörüte aýlyk haky berilýär. ABŞ-da we Ýewropada atalaryň çaga terbiýesine, idegine gatnaşmaklary kem-kemden artýar. Zenanlara ene we hünärmen bolmak üçin şertleri döretmekde häkimiýetlerden edilýän talaplar güýjeýär.

Türkmen zenanynyň jemgyýetdäki we ykdysadyýetdäki işjeňligi

Aýallaryň öýüň daşyndaky işlerde işläp, maddy gazanç etmegi olaryň özüni oňat duýup, özynamlylygynyň ýokarlanmagyna, psihologiki taýdan durnuklylyga getirýär. Eger biziň hem türkmen zenanlarymyz gazanç etseler, jemgyýet bilen gatnaşykda bolup, kämilleşseler ykdysadyýetimize goşant bolardy. Maşgalalaryň maddy ýagdaýy has hem ýeňilleşerdi. Erkekler hem öz gezeginde aýallaryň psihologiki we fiziki taýdan sagdyn bolmagy we maşgala abadançylygyny saklamaklygy üçin olara gerekli goldawy bermelidirler. Bu goldaw ikitaraplaýyn bolmaly. Aýaly goşa ýük howpundan goramak üçin erkek bilen aýal özara ylalaşyp, öz durmuşlaryna görä amatly şertleri döretmelidirler. Bu hereketleriň gowy hasyl bermegi üçin bolsa her bir är-aýalyň özi ilkinji ädimi ädip, beýleki maşgalalara hem görelde bolmalydyrlar.

Myrat Annasähedow