ÇAGA TERBIÝESINIŇ KÖNE KANUNLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.58 (12 Ses)

Günleriň birinde meniň 12 ýaşly jigim mekdepden gelip, maňa okuwçylaryň we mugallymyň arasynda bolan bir üýtgeşik wakany aýdyp berdi. Gysga beýän edişde 6-njy klasda okaýan oglan öz klasdaş gyzyna kiçijek kagyzda öz söýgi duýgulary hakynda bir-naçe söz ýazyp, şol gyza gowşurypdyr. Jemal (romantiki haty alan gyz), belki maslahat sorap, ony ejesine görkezipdir. Onuň ejesi ertiriň özünde okuwçylaryň synp ýolbaşçysynyň ýanyna baryp, bu, onuň pikiriçe, ýaramaz herekete zeýrenip, ondan ýagdaýa goşulmagy talap edipdir. Mugallym synp sagadynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda, hemme okuwçylaryň öňünde şol oglany juda rehimsiz urupdyr. Men bu erbet we gorkunç wakany diňläp, birinji bilen, şol 12 ýaşly oglanyň psihikasyna we ilki-ilki ýetginjek döwründe döreýän şahsyýetine ýetirilen bitmez şek hakynda pikir etdim. Birinji söýgi diýilýän ýagty duýgy oňä sadaja bagt däl-de kän häsiýet ýygyndylary ýetirdi. Elbetde, bu waka şu oglanyň psihikasynda we umumy dünýägaraýşynda ýaramaz yz galdyryp biler. Ol bu mugallymyň zorlugyna görelde hökmünde we şuňa meňzeş wakalardan çykalga ýaly sereder.

Türkmen terbiýesi döwrebapmy?

Çaga terbiýesi her-bir jemgyýetde her hili bolup, aslynda, durmuşyň iň manyly mysallaryň biri hasaplanylýar, çünki, çagalar – bu ertirki gün. Çaga terbiýesi hakynda kän maslahat berýän kitaplaryň sany kän. Olaryň her biri belli bir teoriýa görä çagalary kämillik ýäşyna yhlasly seretme bilen ýetirmegiň häýyrly usullaryny hödürleýärler. Ýöne biziň ýurdumyzda onça kän terbiýelik bilen gyzyklanýan ene-atalaryň sany az. We muňada kän sebäpler bar. Türkmen dilinde çaga terbiýesi barada döwrebap maglumatlar, iň soňky barlaglara esaslanyp ýazylan kitaplar ýok. Döwürdeş türkmen awtorlaryň arasynda bu tema aktual däl. Daşary ýurt terbiýelik hödürnamalar biziň dilimize terjime edilenok. Ene-atalar diňe öz durmuş tejribesinden we öz maşgalasynda duşan göreldesinden düşünje döredýär.

Çaga terbiýesine degişli hemme tejribe biziň aglaba bölegimiz ata-babalarymyzdan gaýdyp gelýändigini belleýäris. Emma, meniň pikirimçe, olaryň wagty geçdi, durmuş şertleri, talaplary özgerdi. Olaryň wagtynda çagalary berk terbiýelemek, hemme taraplaýyn ýetmezçilik we birahat wagtyna görä adamy galdyrmak örän gerekli durmuş şerte deňdi. Emma ýaşaýşyň şu günlerinde ösüş we umumy geljegimiz, belki, adamzat şahsyýetiň yzynda.

Türkmen terbiýesi we söýgi

Gynansagam, ýokardaky ýazylan waka seýrekleriň arasyndan däl. Bu sebapli, belki, çagalar bilen başgaça hereket etmegiň wagty gelendir? Näme uçin Jemalyň ejesi bu waka sebäpli beýle aladalanýar? Mümkin ol durmuş täzeliklerden we olaryň üstünden jogapkärçilik tutmany gorkýandyr we şeýdibem soňkyny mugallymyň ynsabyna tabşyrandyr. Mugallym bolsa ýagdaýy öz bilýän-tanaýan netijesiz usuly bilen çözendir. Näme üçin olaryň arasynda gürrüňdeşlik, pikir alyşma, çagany diňlemeklik, çaga düşündirmeklik ýokka? Mümkin bu wakada biziň söýgi hakda düşünjämiz pesdir. Biziň tarabymyzdan aslyndan arassa we ýagty duýgy näbelli sebäplerden köplenç masgaralanýar, aýyp görülýär. Emma çeper türkmen edebiýatymyza ýuz tutsak, onda köp belli söýgi hakda eserlere uly we hormatly ýer goýulýar ("Şasenem we Garyp", "Leýli-Mejnun" we başga hekaýalar, Magrymguly Pyragynyň, G. Ezizowyň, K. Gurbannepesowyň we başga belli türkmen şahyrlaryň söýgi hakda goşgulary). Aslynda biziň medeniýetimiz söýgini hormatlaýar we ýokary tutýar. Eger yza, ýokardaky waka dolansak, name üçin çaga ýaramaz garalýar?

► Çaga kiçi, hukuksyz, başarjaňsyz adamjyk. Oňä köp düşünjeleri bermek zerur däl, sebäbi soň ol, köp bilip, ene-atalaryň barlagyndan, asla häzirki türkmen jemgyýetiniň kanunlaryndan çykmagy mümkin. Emma bu pikir doly dogry dälmikä diýýän. Gepleşik bilen çaga bir wakanyň hemme artykmaçlygyny we kemlikli taraplaryny, umumy düşünje berip, görkezilmegi zerur bolup durýar. Belki bu gepleşik geljekde olary uly ýalňyşlykdan halas eder.

► Ene-atalar we mugallymlar üçin çaga el galdyryp düşünje bermek – terbiýäniň iň ýeňil – netijesiz we zyýanly usulydyr. Gürleşmek, pikir alyşmak, soraglara jogap bermek düşünjeli ene-atany, onuň wagtyny talap edýär we her ene-ata başardanok. Çaga bilen yzygiderli iş geçirmek üçin kän sabyr, durmuş tejribe we bilim gerek, el galdyrmakda bolsa – diňe güýç gerek. Jemgyýetimizde uly adamlaryň özi şeýle usul bilen terbiýelenen. Başga usullary bilenoklar. Belki şeýle ýagdaýlarda sada adamkärçilik düzgünleri kömege geler.

Çaga terbiýesi ene-atanyň, terbiýeçiň öz terbiýesinden başlanýar. Çaga nähili garalylsa, ol şol ýaly bolubam, ýetişýär. Şonuň üçin maşgala gurulmaka her-bir ýigit we gyz özünden "Men ene, ata bolmaga ruhy, ahlak, fiziki, maliýe taýdan taýýarmy? Men başararynmy?" sorap görmelik peýdaly bolar diýip pikir edýärin. Hatda maşgala yagdaýy, – eşretli çagalyk döwri sag-salamatlykly geljekki nesliň bolmagyny kesgitleýär.

Awtor: Bossan Annageldiýewa

Makaladaky surat arzuw.tm saýtyndan alynan.