ÇAGANY NIREDE SAGDYN DOGRUP BOLÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

ene mahriBu sorag il içinde soňky wagtlar kän duş gelýär. Esasanam göwreli zenanlaryň we olaryň garyndaşlarynyň arasynda. Ýurdumyzda ençeme täze gurlan we täze enjamlar bilen üpjünleşdirilen keselhanalar bar. Emma, her bir göwreli zenanyň wagty ýakynlaşanda "Nirä gitsemkäm?", "Haýsy bäbekhanada çagamy 12 süňňi abat elime alyp bilerkäm?" ýaly soraglar ýüze çykýar.

Meniň özüm hem çaga garaşýaryn. Eýýam üç aýdyr garyndaşlarymdan, joralarymdan we işdeşlerimden diňe "Çagany nirede sagdyn dogrup bolar?" ýaly soraglary soraýaryn. Men üç aýyň içinde ençeme hadysalary eşitdim. Olaryň käbiri gowy bolsa, ençemesi aladalandyryjydy.

Paýtagtymyzyň iň gowy hasaplanýan keselhanalarynda bolup geçen iki sany aladalandyryjy hadysany size mysal getireýin.

Birinji hadysa öňden bäri halanyp gelinýän bäbekhanalaryň biri bolan Berzeňňidäki Ene-Mährinde bolup geçýär. Meniň ýakyn tanyşym Maral ilkinji çagasyny eline almak üçin Ene-Mähri bäbekhanasyna barýar. Onuň hernäçe burgusy tutsa-da, dogrum ýoly açylmansoň lukmanlar çagany kesip almaly diýen netijä gelýärler. Operasiýa wagtynda lukmanlaryň biri çagany güýç bilen çekip, çagaň aýagyny çykarypdyr. Maral bolsa muny öýüne dolanyp gelensoň bilip galýar. Gaýtadan lukmana baryp, çaganyň aýagyny saldyrsa-da aýajyklar deňleşmeýär. Üstesine, operasiýada çaganyň nerw sistemasyna hem şikes ýetiripdirler. Çagajygynyň gowulaşmagy üçin Maralyň maşgalasynyň gitmedik keselhanasy, görkezmedik lukmany galmady. Gynansakda, paýtagtymyzyň men diýen lukmanlaram çaganyň şikesli aýajygyny we nerw sistemasyny bejerip bilmän, Eyrana gidip görkezmegi maslahat beripdirler. Indi Maral we ýoldaşy bäbeklerini Eýrana äkitmäge şaýlanýarlar.

Indiki mysal getirjek wakama bolsa özüm şaýat boldum. Bu täze açylan Kardiologiýa keselhanasynyň ýanyndaky Ene-Mähri bäbekhanasynda bolup geçdi. Men bu bäbekhananyň patologiýa bölüminde bir gije-gündiz ýatmaly boldum. Şol gije sagat dokuzlarda bir gelniň burgusy tutup başlady, emma lukmanlar gelip: "Ýok, heniz seniň wagtyň kän. Esasanam 1-nji çagaň bolsa gijräk dograrsyň" diýip, gitdiler. Emma daň atýança, gelniň içinde çagasynyň ýüregi urman ölüp galypdyr. Soňra lukmanlar öli çagany derman bilen dogurtdylar. Ol gelniň erbet bolşy henizem göz öňümden gitmeýär.

Gynansakda, keselhanalarymyz täze, döwrebap enjamlar bilen üpjünleşdirilen hem bolsa, ol ýerdäki lukmanlaryň iş başarmazlygy keselhanalaryň abraýyny düşürýär. Men paýtagtymyzyň hemme lukmanlary gowşak diýip biljek däl, emma tejribeli, ökde lukmanlara ýüz tutup bilmek üçin tanyş we pul gerek.

Il arasynda şeýle düşünje bar: täze keselhanalara gideniňden könelere gideniň gowudyr. Meniň pikirimçe köne keselhanalaryňam lukmanlary her hili bolýar. Ol ýerde-de lukmanlaryň gowşagy we güýçlüsi bar.

Sözümiň soňynda çaga garaşýan okyjylarymyza göwreliligiň we dogrumyň şowly geçmegi üçin birnäçe maslahat beresim gelýär.

↺ Çagaň we öz saglygyň barada alada göwräňde çaganyň galan gününden başlap edilip başlanmaly. Göwreli bolan badyňa ýakynyňdaky saglyk öýünde barlagdan geçip hasaba durmaly. Wagtly-wagtynda lukmanyň barlagyndan we gözegçiliginden geçip durmaly.

↺ Diňe lukmanyň kömegine bil baglaman, özüň hem ýanýoldaşyň bilen bilelikde göwrelilik we sagdyn çaga dogurmak hakynda okamaly, öwrenmeli. Sen göwrelilik we dogrum barada näçe köp bilseň, şonça-da lukmana bolan mätäçligiň we surprizler azalar. Emma islendik birahatlandyryjy ýagdaý we soraglar ýüze çykanda lukmanyň bilen maslahatlaşmaly.

↺ Bäbekhanalaryň enjamlaryna ýa-da täzeligine seretmän, lukmanlaryň tejribesine üns bermeli. Köplenç tanyşlaryň we dogan-garyndaşlaryň eli ýeňil lukmanlary maslahat bermekde uly kömegi degýär.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Awtor: Leýli Annageldiýewa