GAZAGYSTAN: ÝARAMAZ IÝMITLENÝÄN NESLIŇ SEMIZLIK BILEN GÖREŞI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

yaramaz iymitÝaramaz iýmitlenýän nesliň semizlik bilen göreşi gazagystanyň garybrak goňşularyna hem semizlik öz agramyny salýar.

Joanna Lillis, Eurasianet, terjimäniň asyl nusgasy.

On bäş ýaşly Grişa Starçenko synpdaşlarynyň zyýanly endigini gaýgy edýär.

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanda ýaşaýan mekdep okuwçysyny gijelerine oýa saklaýan bu gaýgy neşe serişdeleri, alkogol ýa-da temmäki däl. Ol ýaşlaryň tabyn bolup iýýän ýokumsyz iýmitleri.

"Ýokumsyz iýmitleriň düzüminde aşa köp ýaglar bar we bu saglyk hem-de beden üçin örän zyýanly", diýip, Grişa belleýär. "Ene-atalar käwagt çagalaryny gowy bahalar alsalar McDonalds-a äkidip höweslendirýärler. Bu ýalňyşlykdyr. Çünki, netijede çaga ýokumsyz naharlara nädip tabyn bolanyny bilmän galýar".

Özüne çekiji şekillere we gaplara salnan, ýokumsyz garbanalgalaryň dükanlarda iň öňki hatarlarda bezelip goýulmasy-ha ýagdaýy hasam ýaramazlaşdyrýar.

"Ýokumly iýmitleriň tagamsyzdygy, emma ýokumsyz iýmitleriň tagamlydygy çagalaryň aňyna guýlan", diýip, Grişa Eurasianet-e gürrüň berýär. "Men dükana gidenimde ilki gözüme ilýän iýmitler alma, maňyz ýaly saglyga peýdaly iýmitler däl-de, çipsi (gowrulan kartoşka) ýaly ýokumsyz iýmitler. Meniň ýokumly iýmitleri göresim gelýär".

Saglyk hünärmenleri Grişanyň hiç zada täsiri ýetmeýän, ýönekeý Gazak ýetginjegidigine gynanýarlar.

Gazagystanyň täjirçilik paýtagty bolan Almatyda bir söwda merkeziniň naharhanasynda Eurasianet ylmy we resmi bolmadyk sorag-jogap geçirdi. Soragnamanyň netijeleri ýaşlaryň ýokumsyz iýmitleriň howplaryna biperwaý garaýandygyny görkezdi. Soragnama gatnaşan ýetginjekleriň aglabasy hepdede bir gezek ýokumsyz nahar iýýändiklerini boýun aldylar. Käbirleri bolsa munuň gündelik zyýanly endige öwrülendigini aýtdylar.

"Her gün iýýärin", diýip, 15 ýaşly Kamila burgerini dişläp, gazly içgisini owurtlap, gürrüň berdi. Ol tiz tagamlaryň saglyga zyýanlydygy bilen ylalaşdy we degişip şeýle diýdi: "Çakdan aşamok-la!"

Kamila horjady. Ol kaloriýalaryny sport bilen köp meşgullanyp ýakýar ekeni. Emma naharhanadaky ýetginjekleriň köpüsi sagdyn görünmeýärdi. Olara mekdepde mugt nahar berilýän ekeni, ýöne mekdepden soň hem tiz tagama bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin söwda merkeziniň naharhanasyna degip geçmeşek edipdirler.

Iýmit hünärmenleri çagalaryň arasynda semizligiň ýokarlanmasyndan howatyrlanýarlar. Eger-de muňa çynlakaý we aýgytly çäre görülmese, epidemiýa öwrülmeginiň mümkindigini nygtaýarlar. Bu diňe Gazagystana degişli däl. Onuň garybrak goňşularyna hem semizlik öz agramyny salýar.

Bu ýagdaý has hem Merkezi Aziýany garypçylygyň ýaýran sebiti hökmünde görýänleri geň galdyrýar. Olar bu sebitiň adamlary aşa köp iýmekden däl-de, iýmit ýetmezçiliginden kösenýändirler diýip pikir etseler hem, çaga semizliginiň ýyldyrym çaltlygynda ýokarlanýandygy ajy hakykatdyr.

"Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary häzir epidemiologik özgeriş döwrüni başdan geçirýärler", diýip, UNICEF-iň we Birleşen Milletler Guramasynyň çagalar agentliginiň sebitdäki saglyk we iýmit hünärmeni Amirhossein Yarparvar Eurasianet-e gürrüň berdi.

"Sebitde iýmit ýetmezçiligi henizem göýdüklik, iglilik ýaly çynkalaý näsazlyklara sebäp bolýan mesele bolup galsa-da, semizlik has hem uly meselä öwrülip barýar", diýip, Yarparvar apreliň soňunda Nur-Sultanda geçirilen simpoziumda bu meselä çykalga gözlemäge çagyrdy. "Biz muňa goşa görgi diýýäris - iki taraply gylyç ýaly".

"Merkezi Aziýada çaga semizligi Ýewropa bilen deňeşdireniňde az hem bolsa, onuň ýokary tizlikde ösüşi alada goýujy ýagdaýa öwrülip barýar", diýip, Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýokuşmaýan Keselleriň Öňüni Alyş we Kontrol Ediş bölüminiň Ýewropadaky Ofisiniň başlygy Joao Breda gürrüň berdi.

"Şäherleriň we obalaryň görkezijilerini deňeşdireniňde semizligiň ýüze çykyp gelýändigini görmek haýrana goýýar", diýip, Breda aýdýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde, semiz çagalaryň sany boýunça Gazagystan ilkinji orunda durýar. 6-9 ýaş aralygyndaky çagalaryň her bäşisinden biri semiz (oglanlaryň 22 göterimi, gyzlaryň 26 göterimi). Olaryň içinden bolsa 5.5 göteriminiň aşa semizlikden ejir çekýändigini BSG-nyň görkezijileri belleýär.

Dünýäniň garyp döwletleriniň biri bolan Täjigistanda hem çagalaryň 8.5 göterimi semiz (oglanlaryň 11 göterimi, gyzlaryň 6 göterimi). Olaryň hem 1.5 göterimi aşa semiz. Türkmenistanda bolsa, çagalaryň 14 göterimi semiz (oglanlaryň 15 göterimi, gyzlaryň 13 göterimi); bularyň hem 3 göterimi aşa semiz.

Gyrgyzystan we Özbegistan barada heniz hiç hili görkeziji elýeter däl. Gyrgyzystan häzirki wagtda bu ugurdan gözleg işini alyp barýar we gelejekde çap etmäni meýilleşdirýär. BSG-nyň ýokary wezipeli işgärleri Taşkent hem gelejekde bu sanawa goşular diýip umyt edýärler.

Merkezi Aziýada semizligiň esasy sebäbi beýleki ýerlerdäki bilen birmeňzeşdir. Ekranyň öňünde aşa köp wagt geçirmegiň we ýaglydyr süýjüli iýmitlere bolan islegiň artmagy hereketsiz ýaşaýyş stilini öňe sürýär.

BSG-nyň gözleg işleriniň netijeleri Merkezi Aziýada 3 döwletde çagalaryň gündelik hereketliliginiň maslahat berilýäninden (günde iň az 1 sagat orta-ýokary depgin aralygynda hereket etmeli) pesdiginiň üstüni açdy. Hepde içinde Gazagystanda we Täjigistanda her 3 çagadan 1 sanysy, Türkmenistanda bolsa 5-den 1-i maslahat berlen ýygylykda hereket etmeýär. Köp çaganyň hereketliligi hepdäniň dynç alyş günlerinde ýokarlanýar.

BSG-nyň iýmitleniş maslahatlaryny iň köp bozýan Gazagystan bolup durýar. Gazaklar çarwa ata-babalaryndan miras galan, ete bolan söýgülerini guwanç bilen saklaýarlar. Çagalaryň diňe 3-den 1-i gündelik gök-önümleri we miweleri iýýär; 4-den 1-i bolsa gündelik süýjüli içgileri içýär.

Dünýäniň ady belli tiz tagam markalary Gazagystanda öz abraýly orunlaryny tapdylar. McDonald's ýerli bazara 2016-njy ýylda girdi. Uly markalar geçen ýyl KFC şahamçasyny edinen Özbegistana hem assa-ýuwaş ýakynlaşýarlar.

Orta Ýer deňziniň ýurtlary çaga semizligine garşy göreşmek üçin täze çykan ýokumsyz iýmitleri özleriniň milli tagamlary bilen çalşyryp bilýärler. Çünki olaryň milli aşhanalary gündelik miwedir gök-önümleri öz içine alýar. Emma, Merkezi Aziýada bu usuly ulanyp bolmaýar.

Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň milli tagamy hamyrly belkäniň üstüne et bölekleri goýlan "bäşbarmak" hasaplanylýar. Merkezi Aziýada ýene bir meşhur tagamlaryň biri ýagly we etli tüwi "palawdyr". Palaw esasanam Özbegistanyň iň söýgüli tagamydyr. Ýakynda "The Lancet" atly saglyk žurnalynda çap edilen ylmy barlag işi Özbegistany "dünýäniň iň ýaramaz iýmitlenýän ýurdy" diýip yglan etdi.

Hatda, sebitiň milli tiz tagamy bolan, ýagly gutaby "somsa" hem ýokumsyzlyk taýdan burgerden gowy däl.

"Dogry iýmitleniş bilimini güýçlendirmek, dietologlary türgenleşdirmek we olary medisina hem-de bilim sistemasyna ýaýratmak möhümdir", diýip, BSG-daky Breda belledi. "Şekere salgyt salmak ýaly, berkräk düzgünler hem oňaýly netije berýär”.

"Bu mesele örän çylşyrymly we munuň ýeketäk çözgüdi ýok. Elbetde, saglyk bilimi möhüm, emma kän göze ilmeýän ownuk zatlaram şol derejede möhüm. Iýmitiň kuwwatlylyk we ýokumlylyk gymmatyny belgilemegi ösdürmeli; iýmit salgytlaryny girizmeli we iýmitleriň düzümini üýtgetmeli", diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu bolsa, iýmitiň düzümindäki şekere kanuny çäklendirmeleri girizmegi aňladýar. Muny-da güýçli täjirçilik guramalary halamaýar.

"Nur-Sultan iýmite täze kanunlary girizmegi göz öňüne tutýar, emma seresaplylygy hem elden bermeýär. Çünki önümçilik guramalary ejir çekmeli däl", diýip, Döwlet Saglygy Saklaýyş Merkeziniň orunbasary Ruslan Satybaldeyev Eurasianete gürrüň berdi.

BSG-nyň sebitdäki gümrük birleşiginiň karary boýunça, Gazagystan trans-ýaglaryna çäklendirme girizdi we mekdeplerde gazly içgileri gadagan etdi. Şeýle-de bolsa, gazsyz emma süýjüli içgiler mekdep naharhanalarynda öz ornuny saklamagy dowam edýär.

Mahabatlandyrma düzgünlerini pugtalandyrmak barada hem teklipler bar. Ýakynda geçirilen BSG gözlegleri Gazagystanyň çagalar telewideniýe ýaýlymlarynyň birinde iýmit mahabatlarynyň ählisiniň şokoladdan, süýjülerden we gazly içgilerden düzülendigini aýan etdi.

"Semizligiň we ýokuşmaýan keselleriň güýçli urgusyndan aman sypmak üçin, sebite ähli möhüm elementleri öz içine alýan döwrebap maksatnama zerur", diýip, UNICEF-däki Yarparvar sözüni jemledi.

Bellik: Eurasianetiň habarçysynyň simpoziuma gatnaşmagy üçin Nur-Sultandan Almata uçuş çykdajylaryny UNICEF üpjün etdi.

Joanna Lillis Almatyda ýaşaýan žurnalist we "Dark Shadows: Inside the Secret World of Kazahstan" kitabynyň ýazyjysy.

Terjime eden: Bahar Nowruzowa