“KEÝIK OKARA” BARADA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

keik okaraBiz “Keýik Okara” jemgyýetçilik guramasynyň wekili bilen gürrüňdeşlik geçirdik. Guramanyň işi we jemgyýetimize täsiri barada maglumat almak üçin dowamyny okaň.

“Keýik Okara” Jemgyýetçilik Guramasynyň (JG) esasy işi barada gürrüň beräýseňiz. Guramaňyz haçan döredildi?

“Keýik Okara” JG 1998-nji ýylda döredildi. Geçen ýyl guramanyň döredilenine 20 ýyl boldy. “Keýik Okara” JG maşgalada zorlugyň pidasy bolanlara, bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara psihologik, sagaldyş we hukuk taýdan kömek hem goldaw berýär. Biz “Ynam” jemgyýetçilik guramasynyň hyzmatdaşlygy hem-de donor programmalarynyň ýardamy bilen maşgala zorlugynyň öňüni almak boýunça gyzgyn liniýa üpjün edýäris. Şeýle hem, Keýik Okaranyň alyp barýan işleri kömege mätäç maşgalalaryň ähli görnüşlerine – pes girdejili köp adamly maşgalalara, maýyplara, pes girdejili maşgalalara, ýaşaýyş şertleri kyn ýagdaýdaky maşgalalara ýardam bermäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, biz ýaşlary goldaýarys we şu işe çekýäris.

“Keýik Okara” nämäni aňladýar? Näme üçin ala-böle bu nyşany saýladyňyz?

“Keýik Okara” latyn dilindäki “ferula” sözüniň terjimesidir. Rus dilinde oňa “Чаша Джейрана” diýilýär. Guramanyň ady we nyşany goldaw bermegi alamatlandyrýar. Bilşimiz ýaly, ýagyş ýaganda ýa-da säheriň çygy okaranyň (“Ferula”) içine ýygnananda, geçip barýan islendik haýwan ondan teşneligini gandyryp bilýär. Biziň guramamyz hem edil şonuň ýaly kömege mätäçlere goldaw bermäge çalyşýar.

“Keýik Okara” JG Türkmenistanyň çäginde ilatyň maşgala zorlugy bilen bagly bilimini artdyrmakda iş alyp barýan az sanly guramalaryň biri bolup durýar. Maşgalada zorlugyň pidasy bolanlara nähili kömek berýärsiňiz? Eden işleriňiziň netijeleri barada aýdyp beräýseňiz.

Biziň guramamyz 10 ýyla golaý wagtdan bäri “Maşgala zorlugyna garşy göreş” atly taslamany durmuşa geçirip gelýär. Bu taslama Aşgabatdaky ÝHHG merkezi goldaw berýär. Bize juda köp adam kömek, maglumat we maslahat sorap ýüz tutýar. Biz eýýäm ençeme maşgala ýardam berdik. Mysal üçin, bir ýylyň dowamynda “gyzgyn liniýa” hyzmatymyzdan 1070 kişi peýdalandy we olaryň 24 sanysy gaçybatalga bilen üpjün edildi, 473 sanysy maslahat üçin psihologa gönükdirildi, 207 sanysyna bolsa hukuk kömegi berildi. Bir ýylyň dowamynda “Maşgala zorlugynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek” temasy boýunça 3 sany taýýarlyk okuwy geçirildi. Taýýarlyk okuwyna 36 kişi gatnaşdy.

Ýokarda belläp geçen taslamaňyza görä, sizde hem-ä gaçybatalga hemem gyzgyn telefon liniýasy hyzmatlary bar. Bular nähili işleýär? Bize olar barada jikme-jik maglumat beräýseňiz.

Gyzgyn liniýa jaň gelýär we maslahatçy nähili kömegiň gerekdigini kesgitleýär. Kähalatlarda diňe adres soramak üçin ýa-da goşmaça maglumat almak üçin jaň edýänler hem bolýar. Emma maslahat sorap ýüz tutsalar hukukça ýa-da psihologa gönükdirilýär. Gerek bolsa gaçybatalga üpjün edilýär. Bu ýerde maşgala zorlugynyň pidasy bolanlara sagaldyş, iýmit, arassaçylyk serişdeleri, gözleg we iş kömegi berilýär. Aragatnaşyk üçin telefon belgimiz: +99312 22-86-68. Gaçybatalganyň ýerleşýän ýeri bolsa gizlin saklanýar.

Ýaşlar bilen nähili işleri geçirýärsiňiz? Geçiren işleriňiz nähili netijeleri görkezdi?

Biziň guramamyzyň esasynda “Keýik Okara” JG-nyň ýaşlar merkezi hereket edýär. Ol 2007-nji ýylda açyldy. Bu merkezde ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgelerini (ЗОЖ) öwrenýärler. Şeýle hem, olar meýletinçilik, ýolbaşçylyk, topar döretmek, dawalary çözmek we başgalar boýunça bilim alýarlar. Biz ýaşlar bilen uzak wagt bäri işleşip gelýäris. Häzire çenli olaryň takmynan 2500 sanysy dürli ugurlarda bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirdiler. Guramamyzda köp kişi meýletinçi bolup işe başlady. Indi bolsa olar tälimçi boldular ýa-da beýleki guramalarda üstünlikli işläp ýörler. Olaryň köpüsi “Keýik Okara” JG-nda geçirilen okuwlaryň we çäreleriň täze iş gözlemäge we işde kämilleşmäge ýardam berendigini aýdýarlar.

Siz ýaşlar bilen ýeterlik derejede işjeň iş alyp barýarsyňyz. Siziň edýän işleriňiz ene-atalara hem gönükdirilenmi?

Hawa, ýaşlar bilen işleşilende olaryň ene-atalaryny hem hökman göz öňünde tutmaly. Olary toparlaýyn işlere gatnaşdyrmaly. Bu maşgala gatnaşyklaryny jebisleşdirýär. Mysal üçin, 2018-nji ýylyň awgust aýynda biz “Kakam, ejem, men – hemmämiz sportsmen” atly sport çäresini geçirdik. Çärä hem ene-atalar hem-de olaryň çagalary gatnaşdylar. Ýaşlar seminarlara we çärelere gatnaşyp, ýaşlar merkezinde kän wagt geçirerler ýaly biz ene-atalar bilen ýygy-ýygydan aragatnaşyk saklamaga çalyşýarys. Biz ene-atalaryň nämäniň üstünde işleýändigimize hem-de çagalarynyň çärelerimize gatnaşmagynyň näme üçin möhümdigine düşünmeklerini isleýäris.

Guramaňyz we hyzmatlaryňyz baradaky maglumatlary halkyň arasynda nädip ýaýradýarsyňyz? Haýsy şäherlerde we obalarda işleýärsiňiz?

Biz Aşgabat şäheri bilen Ahal welaýatynda iş alyp barýarys. Iki sany iň köp okalýan gazetler bolan “Нейтральный Туркменистан” we “Habarlar” gazetlerinde mahabat berýäris. Şeýle hem, guramamyzyň geçirýän işleri bilen baglanyşykly ençeme broşýuralary we kitapçalary paýlaýarys. Gynansak-da, biz internetden peýdalanmaýarys, ýöne ýakyn geljekde bu meseläni çözmegi göz öňünde tutýarys. Biziň salgymyz we telefon belgimiz: Aşgabat şäheri, Türkmenbaşy şaýoly, 83-nji jaý. Telefon: +99312 229389.

Şu ýyl üçin nämeleri meýilleşdirýärsiňiz? Täze programmalary işläp taýýarlaýarsyňyzmy?

Elmydama öňde belent maksatlar goýulýar. Ýaşlar bilen geçirilýän seminarlarda we duşuşyklarda olardan soragnama üsti bilen boş wagtlarynda näme bilen meşgullanmak isleýändikleri soraldy. Olaryň köpüsiniň gurnaklar bilen gyzyklanýandygy ýüze çykaryldy. Netijede, “Surat gurnagy”, “Eliň bilen ýasa”, “Küýzegärlik ussahanasy” we “Sagdyn iýmitlenmek” ýaly gurnaklary ýola goýmaly diýen karara gelindi. Biziň programmalarymyzyň esasy maksady bezeg-tejribe işleri, türkmen milli we dünýä halklarynyň sungat eserleri bilen tanyşlyk we soňky özbaşdak döredilen eserlerdäki ýönekeý elementleriň tilsimini öwrenmek arkaly 13-30 ýaşly adamlarda şahsy we döredijilik potensialyny ösdürmekdir. Maksadymyza ýeteris diýip umyt edýäris! Şeýle hem, 2020-nji ýylda maşgala zorlugynyň öňüni almak ugrundaky işimizi dowam etdirmegi meýilleşdirýäris.

Terjime eden Jumadurdy Rejebow

Makalanyň rus dilinde originaly