AIDS: ÖMRI UZALTMAGYŇ ÇÄRESI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

AIDS omur uzaltmakAIW (rus. ВИЧ) ýokançlygy ýokuşandan soň köp adamlar özlerini sagdyn duýýarlar. Oňa garamazdan, AIW ýokançlygynyň bardygyny kesgitläniňizden soň, şübhe ýa-da howsala bilen oturman, saglygyňyzy we ömrüňizi goramak üçin lukman bilen bilelikde bejergi çärelerini başlamalydyr. Soňky ýyllaryň dowamynda lukmançylykda AIDS (rus. СПИД) öwrenme ugurda gazanylan üstünlikler, saglyk üçin howply keselleriň döremeginiň öňüni almaga, eneden göwredäki çaga ýokançlygyň geçme töwekgelçiligini peseltmäge mümkinçilik berýär.

Retrowirusa garşy bejergi nämeden ybarat?

AIW ýokançlygy retrowiruslar maşgalasyna degişli bolup, ol daşky gurşawyň amatsyz şertlerine çaltdan uýgunlaşmaga ukyplydyr. Retrowirusa garşy serişdeleriň diňe bir görnüşi ulanylanda, wirus tizden oňa garşy goraglylygy döredýär. Serişdeleriň iki görnüşi ulanylanda wirusyň olara bolan durgunlylygy ol diýen tiz bolmasa hem, biraz wagtdan soň ýaýbaňlanyp başlaýar. Diňe wirusyň ýaşaýyş aýlawynyň dürli tapgyrlaryna täsir edýän üç sany derman serişdäniň birden kabul edilmegi, wirusyň köpelmeginiň we durgunlylygyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga ukyplydyr.

"Wirus ýüklenmesi" näme?

Wirus ýüklenmesi (rus. wirusnaýa nagruzka) – ganyň bir millilitrinde saklanýan wiruslaryň mukdarydyr. Ol ýörite ganyň barlagy bilen kesgitlenýär. Retrowirusa garşy bejerginiň esasy maksady – gandaky wiruslaryň mukdaryny iň pes derejä peseltmekdir, ýagny "wirus ýüklenmesiniň kesgitlenmeýän derejesini" gazanmakdyr.

Retrowirusa garşy serişdeleri haçan kabul edip başlamaly?

Keseliň alamatlary ýüze çykmaýan bolsa hem, AIW ýokanjy immun ulgamyny üýtgedip başlaýandyr. Şonuň üçin hem, adam özüni gowy duýýanlygyna garamazdan wirusa garşy bejergini başlamalydyr.

Bejergini lukman näsagyň laborator barlaglaryna esaslanyp başlaýandyr. Bejergini başlamakda esasy görkeziji – immun ulgamyna degişli СD4 öýjükleriň mukdaryny kesgitlemekdir.

Sag adamlarda bu immun ulgamyna degişli öýjükleriň umumy sany 500-1500 aralygyny düzýär. Eger barlag СD4 öýjükleriň 350-500 mukdaryny kesgitlese, lukman retrowirusa garşy bejergini başlamalydygyny maslahat berer.

Bejergini başlamak baradaky çözgüdi lukman bilen näsag bilelikde kabul edýärler. Beýle diýildigi, bejergini diňe lukmanyň bellemäge hukuklydygyny, ýöne ony başlamak barada çözgüdi näsagyň özi kabul etmelidigini aňladýar. Eger näsag bejerginiň maksady, görnüşi, geçiriş düzgünleri barada maglumat alman bejergini başlamagy meýilleşdirse, bejerginiň netijeliliginiň ýokary boljagy ikuçlydyr.

Bejerginiň netijeliligi nämelere bagly?

Näsag bejergä ynanmalydyr we oňa uýmalydyr. Şol esasynda:

↺ Lukmanyň bellän hemme derman serişdelerini kabul etmelidir;

↺ Olar bellenilen wagtynda kabul edilmelidir;

↺ Bellenilen mukdary saklanmalydyr;

↺ Iýmitlenme barada berlen maslahata uýmalydyr.

Näme üçin serişdeleri wagtynda kabul etmek wajyp?

Retrowirusa garşy serişdeler bedeni belli bir wagtyň dowamynda (12 ýa-da 24 sagat) goraýar. Serişdäni kabul etmek ýatdan çykanda ýa-da gijä galynanda serişdeleriň gandaky mukdary peselýär. Şonuň esasynda beden goragsyz galyp, AIW täze öýjükleri üýtgedip başlaýar. Ondan başga hem, ol uýgunlaşyp, dermanlara durnuklylyk döredýär. Netijede, serişdeleriň wirusa täsir etmegi togtaýar we keseliň alamatlary ýaýbaňlanyp başlaýar.

Bejerginiň netijeliligini nähili kesgitlemeli?

Eger näsag bejergä çynlakaý çemeleşip, lukmanyň hemme maslahatlaryny ýerine ýetirýän bolsa, onda onuň umumy ýagdaýy we özüni düýmasy gowlanýar. Şonuň ýaly-da, СD4 öýjükleriň mukdary ýokarlanyp, wirus ýüklenmesi bolsa peselýändir.

Bu günki gün AIDS – jeza däldir! Özwagtynda we dowamly alnan bejergi näsaglara işjeňligini saklap, uzak ýaşamaga mümkinçilik berýändir.

Awtor: Selbi Myradowa

Ulanylan WEB Salgy