LUBRIKANT WE BOL SÖHBETDEŞLIK: AÝBAŞY BILEN HOŞLAŞYP, TÄZE SEKSUAL DURMUŞA GADAM BASMAK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (8 Ses)

lubrikant we sohbetdeslikAýbaşydan galma ýazyjy Darsi Steinkä agyr urgy boldy. Ony wagtal-wagtal bedeninde döreýän gyzzyrmalar we ukusyzlyk birahat edýärdi. Depressiýa ysgyndan gaçyrýardy. Üstesine jemgyýetiň "aýbaşydan galan aýallar jynsy gatnaşyklar bilen gyzyklanmaýarlar" ýaly ynançlary ony hasam gazaba mündürýärdi.

"Göwnüme bolmasa, biziň ýaşaýan dünýämizde, erkekleriň agalyk edýän dünýäsinde, zenanlaryň gadyr-gymmatyny esasan olaryň seksuallygy we eneligi kesgitleýär," diýip, Steinke gürrüň berýär. "Aýbaşydan galmaklyk köp zenany utanç duýgusyna gaplaýar".

Ahyrsoňy ol bu barada kitap ýazýar. Onuň "Gyzzyrmalar Hasaby Gündeligi: Aýbaşydan Galma we Tebigy Durmuşy Aklama" (Flash Count Diary: Menopause and the Vindication of Natural Life) atly kitaby Steinkeniň aýbaşydan galanyndan soňky şahsyýetinde bolup geçýän özgerişlikleri we onuň jynsy gatnaşyga täzeçil, giň düşünje bilen çemeleşişini açyp görkezýär. Ol "Eger jübütler jynsy gatnaşygyň adaty görnüşinden başga görnüşlerini hem öwrenmäge höwesli bolsalar, olar öňküdenem has beter ysnyşýandyklaryna göz ýetirerler," diýip, belleýär we "hem-de artygy bilen lubrikant (jynshanany çyglandyryjy suwuklyk) ulanmakdan gorkmaň" diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Steinke "Ähli Zat Hakynda" (All Things Considered) atly Radio Täzelikleri programmasynyň "Geliň Jynsy Gatnaşyklar Barada Gürleşeliň" (Let's Talk About Sex) bölüminde söhbetdeşlige gatnaşdy.

Interwýu gysgaldylyp alyndy

Aýbaşydan galýan aýallar hakynda eşiden iň ýakymsyz stereotipleriňiz haýsylar?

Gurap galan aýal; Jynsy gatnaşykdan galan aýal; Gödek aýal – bularyň ählisi aýbaşydan galan aýallar üçin ulanylýan stereotipler. Meniň özüm aýbaşydan galma döwründe bolamsoň bu aýdylýanlaryň biderek zatlardygyna gowy düşünýärin. Men ýaly aýallara özlerini jemgyýetiň olary suratlandyryşy ýaly duýmaga gerek ýok. Meniň üçin-ä aýbaşydan galmak erkinlige çykmak ýaly bir zat. Aýbaşydan galma seni garasöýmez, gyzma, ýa-da durmuşdan doýan adama öwürmeýär.

Siz aýbaşydan galanyňyzda özüňiz barada esasy zatlar üýtgeýän ýaly bolduňyzmy?

Men öz zenanlygym sorag astynda galan ýaly duýdum. Aýbaşymyň indi gelmeýändigi sebäpli özümi bütinleý zenan hasaplamak kynlaşypdy. Çünki öňki zenanlyk alamatlarymy ýitiripdim: Saçlarym öňküm ýaly ýumşak däldi. Bir gezek bir ofisiantyň maňa "jenap" diýip ýüzleneni ýadyma düşýär. Şonda içimden şeýle diýipdim: "Baýbuw! Allajan! Bu tutuşlygyna bir täze dünýä-le!"

Men mydamada "erkek käşir" diýilýän zenanlardandym. Häzirem David Bowieniň ullakan muşdagy. Onsoň önelgelilige ukyply zenanlykdan çykyp, ýarym aýala öwrülmek pikiri meni diýseň begendirdi. Bedenim diňe bir fiziki däl, seksual taýdanam üýtgäp başlady.

Jynsy gatnaşyklaryňyzda nähili üýtgeşmeler boldy?

Üýtgeşmeler ýuwaş-ýuwaşdan ýüze çykdy. Jynsy gatnaşyga bolan gyzygymyň azalany ýadymda. Dogrusy jynsy gatnaşyk birahat bolup başlan ýaly boldy.

Ol näme sebäpden birahatlaşandyr öýdýäňiz?

Men siziň aýbaşydan galmanyň döredýän üýtgeşmeleri hakynda näçeräk bilýändigiňiz-ä bilemok, ýöne olaryň biri bedeniň çyglylygynyň azalmasy bolup durýar. Bedeniň özgerýär we sende öňki ýaly bol tebigy ýaglaýjy bolmaýar. Ýöne ol dünýäniň soňy däl. Emeli ýaglaýjylar bu meseläni aňsatlyk bilen çözýärler.

Öz gözleglerimden ugur alsam, aýbaşydan galýan aýallar agyryly jynsy gatnaşyklar we biçärelik barada köp gürrüň edýärler. Olar bu barada ýanýoldaşlary bilen nädip gürleşjeklerini bilmeýärler. Jynsy gatnaşykda bolmany borç hasaplaýarlar. Bir gezek mekdepde bile okan joram maňa "indi men 'aýallyk borçlar' diýilýän zada has gowy düşünýän" diýdi. Men muny eşidip örän gynanypdym. Beden gurulygy çykgynsyz mesele däl ahyry!

Hemem jynsy gatnaşygyň menýusy birgiden ajaýyp zatlardan doly ahyry. Özüm-ä şolardan peýdalanmaga başladym. Jynsy gatnaşyk diňe bir görnüşden ybarat bolmaýar, dogry dälmi? Ol elmydama birmeňzeş bolmaly diýlen zat ýok. Bu meselede meniň bagtym çüwüpdir. Sebäbi meniň ýanýoldaşym iň agyr mowzuklar barada hem meniň bilen arkaýyn gürleşip bilýär. Ol mydama meni diňlemäge taýýar. Biz elmydama biri-birimiziň isleglerimizi öwrenmäge çalyşýarys.

Ýanýoldaşyňyzyň size soraglary boldumy? Ol sizden nämeler barada sorady?

Ýanýoldaşym derňeýji habarçy bolup işlänsoň, köp sorag bermäni gowy görýär. Ol hemişe her bir zadyň dogry, hakyky tarapy bilen gyzyklanýar. Ol maňada köp sorag berdi, emma, elbetde, meni ynjytmak islemändi. Kitabym üçin gözleg işlerimiň dowamynda birgiden seksopotolog bilen gürrüňdeş boldum. Olaryň köpüsi erotik elleşme gijesini geçirmegi maslahat berýärler - birek-biregi owkalamak we şoňa meňzeş zatlar. Şeýle gijeleriň nähili geçjegi hakynda alada etmeli däl-de, wagtyň her pursadyndan lezzet aljak bolmaly.

Jynsy gatnaşyk jyns agzalarynyň galtaşmagy bilen gutarmaly diýen zat ýok.

Elbetde. Ýanýoldaşyň hem täze zatlary barlap görmekden çekinmez.

Erkekleriň köpüsi eger ýanýoldaşlary jynsy gatnaşykdan ýüz öwürse "ol meni indi halanok" diýip pikir edýärler. Bu kynçylyklaryň ählisini birek-biregiň duýgulary we islegleri barada açyk gürrüňdeşlik edip ýeňip bolýar. Jübütlere bile bolmaga birgiden ýol bar ahyry. Olaryň bedenleri bile bolup bilýär. Olaryň ruhlary we aňlary bile bolup bilýär. Emma, jübütler garradygyça olaryň gatnaşyklarynyň hem garrap bilýändigi örän gynandyryjy ýagdaý.

Siz aýallary aýbaşydan galma döwrüni başdan geçirýän erkekler bilen söhbetdeş bolupdyňyz. Olar size özlerini islenilmeýän ýaly duýýandyklaryny aýdypdyrlar. Olar size bu barada has giňişleýin nämeler aýtdylar? Kynçylyklaryndan nädip baş alyp çykypdyrlar?

Men 25 töweregi erkek adamdan interwýu aldym. Olar öz garraýyşlary we seksuallyklary baradaky soraglara känbir höwesek jogap bermän, ähli ünsi ýanýoldaşlarynyň jynsy gatnaşykdan çekilýändiklerine gönükdirmek islediler.

Olaryň käbiri maňa aýallarynyň "Men seň bilen indi jynsy gatnaşykda bolmak islämmok. Gel, sallahlar ýaly bolaly. Islän zadyňy edip bilersiň" diýenini aýtdylar. Käbiri bolsa ýanýoldaşlary bilen aralarynda jynsy gatnaşygyň azalandygyny, emma gujaklaşmalaryň, öpüşmeleriň, gysmyljyramalaryň köpelendigini we mundan lezzet alýandyklaryny aýtdylar.

Olaryň käbiri bolsa, aýallaryny indi göwreli edip bilmeýändikleri üçin ýükleri ýeňlän ýaly bolandyklaryny aýtdylar. Olary öňler çagaň galmasyna eltip biljek her jynsy gatnaşyk bimaza eder ekeni. Söhbetdeşlerimiň biri maňa şeýle diýdi: "Ol duýgynyň döredýän gorkusy örän güýçli bolýar, emma indi ol duýgy aýrylansoň azatlyga çykan ýaly bolýan ekeniň".

Bu barada iň köp gürrüň beren söhbetdeşim hem şeýle diýdi: "Jynsy gatnaşygyň indi oýun ýaly gyzygy artdy. Ol has ýeňilleşdi. Indi öňküler ýaly gaýgy ýok".

Siziň gürrüňleriňizi diňläp garrylyga höwes edeniňi duýman galýarsyň. Aýbaşydan galma sebäpli siziň seksual durmuşyňyzda haýran galdyryjy we ajaýyp nähili üýtgeşmeler boldy?

Men özümi ýanýoldaşyma öňkülerden hem has ýakyn duýýaryn. Bedenler bilelikde garraýar. Has beter ysnyşmaly bolýarsyň. Içgin söhbetler köpelmeli bolýar. Özgerişliklerden bilelikde el tutuşyp geçmeli.

Adam bu zatlary kabul etmän, garradygyça fiziki gatnaşyklardan daşlaşmagy hem saýlap biler. Emma ýoldaşyňa hasam ýakynlaşmagy saýlap alsaň, aklyňa sygmajak derejede ysnyşýarsyň. Bu diýseň ajaýyp duýgy. Meniň bu duýgyny deňimden geçiresim gelmezdi.

Bu audio ýazgy Mollary Yu we Jolie Myers tarapyndan döredildi we redaktirlendi.

Makalanyň asyl nusgasy

Terjime eden: Gunça Berdiýewa