ÇAGA GYGYRSAŇ BIR GÜNLÜK TERBIÝELÄRSIŇ, DÜŞÜNDIRSEŇ – ÖMÜRLIK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.82 (11 Ses)

caga gygyrmazlykSen çagaňa gygyrýarmyň? Men Türkmenistanda çaga gygyrylmagyna köp şaýat bolýaryn. Ene-atalar mundan utanmaýarlar, tersine muny adaty zat ýaly görýärler. Meniň goňşularym çagalaryna gygyrýarlar, mugallymlar okuwçylaryna gygyrýarlar, dükanda nätanyş adamlaryň arasynda ene-atalar çagalaryna gygyrýarlar... Hiç kim muny ýalňyş hasaplamaýar.

Gynansamam, menem öz çagalaryma gygyrýaryn... Emma men gygyranymdan soň gaty gynanýaryn. Çagamyň gözünde gorky göremde özümi erbet ene hasaplaýaryn. Şonuň üçin hem, çaga gygyrmazlygyň ýollaryny gözleýärin.

Öz duýgularymy we pikirlerimi derňäp, çagalaryma gygyrmagymyň, ýagny gaharlanmagymyň sebäplerini tapdym:

Ýadawlyk – köplenç gaharlanmagymyň esasy sebäbi. Men gaty ýadasam sabrymy ýitirýärin we kiçi zatlara hem gaharlanýaryn.

Çaganyň özüni alyp baryşy. Kiçi gyzym meni diňlemeýär, yrsaraýar; uly gyzym sapak okamak islemeýär; ikisi öz aralarynda sögüşýärler; yzlaryny ýygnamaýarlar – şunuň ýaly meselelerde men näme etjegimi bilmeýärin. Ilki sypaýyçylyk bilen düşündirýärin, emma täsir etmeýär. Meseläni her hili asuda ýol bilen çözjek bolup çözüp bilmän gaharlanýaryn we netijede gygyrýaryn.

Maşgala meselelerem meniň gaharlanmagyma uly sebäp bolup durýar. Ýoldaşym bilen düşünişmezlikler dörände men gaharlanýaryn. Şeýle-de, maddy kynçylyklar ýüze çykanda, işlerime ýetişmedik wagtym ýoldaşym gollamasa ýa-da çagalar kömek etmese hem ganym gyzyp başlaýar.

Başga meseleler hem gazaba münmegime sebäp bolup bilýär. Işde problemalar, garyndaşlar bilen düşünişmezlikler, biriniň gödek daraşmagy, algy-bergi meseleleri we şolar ýaly kän zatlar gaharjaňlyga eltýär.

Dürli makalalary okap we psihologlaryň interwýularyny görüp, gaharlanmak bilen gygyrmagyň arasynda uly tapawudyň barlygyny öwrendim. Mysal üçin, çaga etmesiz iş edende gaharlanmak tebigy reaksiýa. Dürli duýgulary başdan geçirmäge bolsa her bir adam hakly. Gygyrmak bolsa gaharlanma duýgusynyň çenden aşan halydyr. Psihologlar: "Siz özüňize erk edip bilmeýän bolsaňyz, gaharyňyzy gygyrmak bilen beýan edýän bolsaňyz, çaga emosional taýdan zyýan getirýärsiňiz" diýýärler.

Gygyrmagyň ýaramaz täsirlerine aşakdakylar hem degişlidir:

▶  Çaga bilen ene-atanyň aragatnaşygynyň bozulmagy.

Eger gygyryp, çaganyň göwnüne degseňiz, çagada gizlin häsiýetler döräp biler. Çaganyň näzik psihikasy içki gaýgylary bilen ýeke galar.

Eger-de çaganyň nerw sistemasy çydamly bolsa, çaga tiz wagtda gygyrylmaga we sögülmäge öwrenişer. Öwrenişeninden soň bolsa, bilgeşleýin betlik edip, siziň esasy usulyňyzyň, ýagny gygyrmagyň, işe ýaramaýandygyny görkezer.

Ýokarky ýagdaýlaryň ikisinde-de çaga bilen ene-ata ýakyn bolmazlar we aralaryndaky aragatnaşyk bozular. Çaganyň psihikasy zelel görer.

▶  Çaganyň deň-duşlary bilen kynçylykly aragatnaşygy.

Elmydama gygyrylýan çaga sussupes bolar we deň-duşlary bilen sagdyn aragatnaşyk gurup bilmez. Joralarynyň we dostlarynyň bolmazlygy çaganyň psihikasynyň hasam bozulmagyna sebäp bolar.

▶  Çaganyň gaharjaň bolmagy.

Üstüne gygyrylýan çagany gorky, öýke, betbagtlyk gurşap alar we onuň gaharjaň bolmagyna sebäp bolar. Çaga ene-atasyndan görelde alyp, deň-duşlaryna gödek daraşar.

Gaharyňyza nädip erk edip bilersiňiz?

↺ Gaharyňyzyň sebäbini tapsaňyz, belki ol sebäbe çäre görüp bilersiňiz. Meselem, gaharyňyzyň sebäbi aşa ýadawlyk bolsa, özüňize wagt aýryp dynç almak arkaly meseläni çözüp bilersiňiz.

↺ Çagaňyz bilen gepleşip, näme üçin sizi gaharlandyran hereketleri edenligini sorap bilersiňiz. Özüm-ä käwagt çagamyň jogaplaryna haýran galýaryn. Köplenç, aslynda çagamyň meni gaharlandyrmak islemänligine göz ýetirýärin.

↺ Gaharlanaňyzda başga jaýa geçip, uludan dem alyň we sowaşyň. Diňe rahatlananyňyzdan soň yzyňyza gelip, çagaňyz bilen gürleşiň. Hemme kişiniň bilýän "10-a çenli sanamak" usuly hem gowy peýda berýär.

↺ Gygyrmagyň ýerine sessiz, agras, gaşy çytyk ýa-da gynançly halda otursaňyz, çagaňyzyň özi sizden näme bolanyny sorar.

↺ Çaga uzakdan gygyrmaga derek, ony garşyňyzda oturdyp, gözlerine seredip, duýgularyňyzy aýdyp berseňiz çaga täsirli bolup biler. Mysal üçin: "Men şu wagt gaty gaharly, sebäbi meni diňläňok/howply hereketler edýäň/kömek edeňok... Meni gaharlandyraňda men gygyryp başlaýan. Men seni söýýän we saňa gygyrmak islämok. Gel, ikimizem gynanmaly. Onuň ýerine pylan oýny oýnaly".

↺ Gygyranyňyzdan soň çagadan ötünç soramak we gaharyňyzyň sebäbini düşündirmek ikiňiziň hem özüňizi gowy duýmagyňyza kömek eder. Bu çaganyň sizden gaty görmezligi, ýüreginiň agyrmazlygy üçin örän ähmiýetlidir.

Eziz ene-atalar, bu örän wajyp mesele. Geliň hemmämiz çagajyklarymyza gygyrmazlygy öwreneliň, ruhy taýdan sagdyn nesil ýetişdireliň!

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Awtoryň pozisiýasy Saglyk redaksiýasynyň pozisiýasyny suratlandyrmaýar.

Awtor: Aýgül Meredowa