ELDEGRILMESIZLIK MEDENIÝETI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

eldegrilmesizlik medeniyetiKäte lukmançylyk işgärleri islenilmedik göwreliligiň ýa-da irki jynsy durmuşyň başlanmagynyň "öňüni almak" üçin rugsatsyz ginekologik barlag geçirýärler.

Käte adaty adamlar hem azar bermek, diýenini etdirmek, ýa-da bilesigelijiligini kanagatlandyrmak maksady bilen başga bir adama rugsatsyz el degirýärler.

Ýokardaky ýagdaýlaryň ählisinde-de el degirýän adamlar beden eldegrilmesizligininiň çäginden çykýarlar.

Biz köplenç jemgyýetimizde adamyň beden eldegirmesizliginiň, şahsy çäkleriniň bozulmagy hakynda sosial torlarda okaýarys. Şol sebäpli hem biz okyjylarymyza beden eldegirmesizligi barada düşünje bermäne makul bildik.

"Beden eldegrilmesizligi" näme?

Beden eldegrilmesizligi – bu adamyň erkinlige, şahsy garaşsyzlyga we öz bedenine ygtyýar etme hukugydyr.

Biziň her birimizde, şol sanda çagalarda hem beden eldegrilmesizligine hukuk bardyr.

Adam hukuklarynyň halkara ulgamynda adamyň beden eldegrilmesizlik hukugyny bozmak, onuň bir ýerini agyrtmak we ejir çekdirmek diňe ahlak taýdan düzgün bozma hasaplanman, eýsem, köp halatlarda jenaýat hasaplanýar. Adam Hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 3-nji maddasynda şeýle diýilýär: "Her bir adam ýaşaýyşa, azatlyga we şahsy eldegrilmesizlige haklydyr".

Şahsy eldegrilmesizlik – bu fiziki, psihiki, hukuk, beden ýa-da başga durmuşy täsirler arkaly raýatyň şahsyýetine kast edilmegine ýol berilmezlik.

Biziň eldegrilmesizlik hukugymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan goralýar:

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji we 35-nji maddalarynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Döwlet her bir raýatynyň erkin ösmegi üçin şertleri döretmäge we onuň azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini goramaga borçludyr.

Başgalar meniň bedenime el degirmek üçin rugsadymy ýa-da razylygymy alyp bilermi we nädip?

Biziň bedenimize köplenç başga adamlar el degirýärler. Ene-atalarymyz, garyndaşlarymyz ýa-da dost-ýarlarymyz bizi gujaklaýarlar. Käbir ýagdaýlarda lukmanlaram biziň bedenimize degmeli bolýarlar. Nähili ýagdaýda bolsa-da, size el degirmek isleýän adamlaryň hemmesi siziň razylygyňyzy almalydyrlar!

Razylyk näme?

Haçan-da bir adam beýleki bir adama öz bedenine degmäge rugsat berende, bu razylyk hasaplanýar. Mysal üçin, lukman siziň bedeniňiziň ýaralaryna, gögeren ýerlerine we ş.m. seretmeli bolsa, onda ol siziň meýletin razylygyňyzy almaly bolýar. Razylygy dilden ýa-da ýazmaça alyp bolýar.

Dogry şekilde razylyk bermek şeýleräk görnüp biler:

◈ Adam size näme üçin el degirmek isleýändiginiň sebäplerini açyk düşündirýär.

◈ "Men hemme zada düşündim. Men razy." ýaly sözler arkaly meýletin razylygyňyzy berip bilersiňiz.

Razylyk aşakdaky ýaly ýagdaýlarda meýletin bolup bilmeýär:

◉ El degrilmegine garşydygyňyza üns berilmese.

◉ Bedeniňize degmek üçin sizi gorkuzsalar.

◉ El degrilmegini islemeseňiz hem, adamyň (mugallym ýa-da lukman) özüňizden ýokary orundadygy sebäpli razylyk beren bolsaňyz.

Razylygymy alman el degirseler näme etmeli?

Adamlar biri-birine köp degýärler (mysal üçin, dükanlarda ýa-da jemgyýetçilik ulaglarynda) we munuň üçin rugsat soramaýarlar. Emma, siziň razylygyňyzy alman, hiç bir adamyň size el degirmäge hukugy ýokdur! Islenilmeýän el degirmeler örän ýakymsyz bolýar. Olar bedenimiziň we psihikamyza zyýan ýetirýär. Razylyk alynman el degrilen adamlar stresi (dartgynlyk) we depressiýany başdan geçirip bilýärler.

▣ Eger size el degirmeklerini islemeseňiz, onda degjek bolýan adama bu barada anyk aýdyň. Eger siziň bedeniňize rugsatsyz degýän bolsalar, onda bu barada ene-ataňyza ýa-da ynanýan adamlaryňyza hökman aýdyň.

▣ Eger garyndaşyňyz size razylygyňyzy almazdan el degirýän bolsa, onda bu barada ýakynlaryňyza duýduryň. Olar sizi islenilmeýän el degirmelerden gorarlar.

▣ Eger-de bu ýagdaý mekdepde bolup geçse, onda haýal etmän mugallymyňyza habar beriň.

Eger razyçylyksyz el degirmäniň pidasy ýa-da şaýady bolsaňyz nirä ýüz tutmaly?

Türkmenistanyň Administratiw önümçilik hakyndaky kanunynyň 8-nji maddasyna laýyklykda, her bir şahs özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga haklydyr. Administratiw edara bu ýüz tutmalar boýunça degişli çözgütleri kabul etmäge ýa-da maglumaty bermäge borçludyr.

Aýlar Muradowa