BELKI ÝAKYNLARYŇYZDA DEMENSIÝA KESELLI BARDYR – SIZ BOLSA GÜMANAM EDÝÄN DÄLSIŇIZ.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (8 Ses)

dementiaDemensiýa – bu huşsuzlygyň bir görnüşi bolup, näsag ýatkeşligini we gündelik işleri ýerine ýetirmek ukybyny ýitirýär. Dünýäde takmynan 50 million adamda dimensiýa bar. Gönüden-göni ýaşyň ötüşmegi bilen bagly däldigine garamazdan, bu kesel köplenç garry adamlarda duş gelýär. Umuman alanyňda, demensiýalylaryň 60-70%-iniň bu kesele uçramagyna Alsgeýmer keseli sebäp bolýar.

Ine, demensiýaly adamyň 8 alamaty:

1. Hemişe möhüm zatlaryny (açar, resminama) ýitirýär.

2. Zatlary iň bir garaşylmadyk ýerlerde goýýar (meselem, diş çotgasyny sowadyjyda).

3. Ýiten zatlary ogurlanandyr öýdýär we munuň beýle däldigine ynandyryp bolmaýar.

4. Berlen jogaby ýatdan çykaryp, kän sorag soraýar.

5. Gepleşigi dowam etdirmekde, pikir yzygiderligini saklamakda we dogry sözi saýlamakda kösenýär.

6. Gündelik işleri kynlyk bilen edýär (naharyň taýýarlanyşyny unudýar, ýönekeý hasap-hesipde ýalňyşýar).

7. Ýeri, wagty bulaşdyrýar (ýolda ugur kesgitlemekde kösenip, belet ýerlerinde azaşyp bilýär).

8. Keýpi ýygy-ýygydan sebäpsiz ýere üýtgeýär, gylyk-häsiýeti we özüni alyp barşy üýtgeýär (meselem, işeňňir adam birden ýalta adama öwrülip bilýär).

Demensiýanyň alamatlary ýüze çykyp ugranda, newrologa ýa-da psihiatra ýüz tutmaly (iň gowusy, gerontopsihiatra görünmeli, sebäbi olar ýaşulular bilen bagly meselelere has gowy düşünýärler, ýöne olaryň sany az).

Makalanyň asyl nusgasy

Terjime eden Jumadurdy Rejebow