ARTYKMAÇ DOZANYŇ NÄDIP ÖŇÜNI ALMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.80 (5 Ses)

artykmac doza31-nji awgustda bütin dünýäde artykmaç doza hakynda Halkara habardarlyk güni bellenilýär.

Her ýyl tutuş ýer şarynda on müňlerçe adam neşe serişdeleriniň artykmaç dozasynyň netijelerinden ejir çekýär, olaryň bir bölegi bolsa şol sebäpli ölýär. Mysal üçin, 2018-nji ýylda Russiýada neşe serişdelerinden zäherlenme hadysalarynyň 16336 sanysy hasaba alyndy. Şol wakalaryň köp bölegi Moskwada, Sankt-Peterburgda, Moskwa we Leningrad oblastlarynda bolup geçdi.

Bu görkezijileri zeperi azaltmaga niýetlenen maksatnamalaryň kömegi bilen azaltmak mümkin. Muňa mysal hökmünde Sankt-Peterburgdaky "Gumanitarnoýe deýstwiýe" (Ynsanperwer hereketi) haýyr-sahawat gaznasyny görkezmek bolar. Biz bu gaznanyň wekili we zyýany azaltmak ugrunda işleýän "Autriç" atly girdeji üçin niýetlenmedik birleşigiň direktory Alekseý Lahow bilen söhbetdeş bolduk.

Alekseý, siz näme üçin artykmaç dozanyň öňüni alyş meseleleri bilen meşgullanmagy ýüregiňize düwdüňiz?

Artykmaç doza ulanmagyň öňüni alyş – bu zyýany azaltmak boýunça maksatnamanyň iň möhüm bölekleriniň biri. Bu ýerde çylşyrymly zat ýok- ýagny, neşe serişdelerini artykmaç möçberde ulanan adamy wagtynda halas etseň, ony ölümden alyp galýarsyň. Meniň özüm üçin-hä bu möhüm mesele, sebäbi birnäçe dostum artykmaç dozanyň netijesinde aradan çykdy. Şonuň üçin "Gumanitarnoýe deýstwiýe" gaznasynyň işi bilen bir hatarda "Drugmap.ru" saýtyny ýöredýärin. "Drugmap.ru" artykmaç dozanyň öňüni almak hakynda maglumat ýygnaýar we Sankt-Peterburgyň etraplaryny artykmaç doza kartalary bilen üpjün edýär.

Siziň gaznaňyzyň meşgullanýan zyýany azaltmak boýunça maksatnamasy nämeleri öz içine alýar?

Biziň gaznamyzyň amala aşyrýan zyýany azaltmak boýunça maksatnamasy şu aşakdakylary özünde jemleýär:

↪ Ulanylan iňňeleri we şprisleri çalyşmak we gaýtadan ulanmak.

↪ Neşe serişdelerini ulanyjylara içinde zyýansyzlandyrylan şprisler, çygly süpürgiçler, sanjym üçin suw, maz, bint bolan sowgat paketlerini ibermek.

↪ AIW, B we C wirusly gepatitleriň, merezýel keseliniň tiz barlagy.

↪ Keseli kesgitlemek we antiretrowirus derman serişdeleri arkaly bejergä başlamak üçin AIDS merkezine ugratmak.

↪ Nalokson (opiatyň artykmaç dozasynyň ýaramaz netijelerine garşy serişde) bermek.

Neşe serişdelerini ulanýanlaryň kanun boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekilýändigi sebäpli, artykmaç doza ulananlarynda adamlaryň nirä ýüz tutjaklaryny bilmeýändikleri mese-mälim zat. Şeýle ýagdaýda nähili çykalga tapmaly?

Dogrudan-da, neşe serişdelerini ulanmagyň administratiw jogapkärçilige eltip bilinýändigi üçin, olary ulanyjylar özleriniň ýa-da ýakynlarynyň artykmaç doza sezewar bolan halatlarynda tiz kömegi çagyrmakdan gorkýarlar. Meniň pikirimçe, biziň ýurdumyzda-da Demirgazyk Amerikada we Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda hereket edýän "Rehimli samaritan Kanunyna" meňzeş kanunlary kabul etmek zerur. (Red. Başyňa agyr ýagdaý düşende kömek edýän adama "samaritan" diýilýär). Munda artykmaç doza sezewar bolan ýagdaýyňda, tiz kömegi çagyrmagyň soňy hukuk goraýjy edaralarynyň saňa garşy kazyýet işini gozgamagy bilen tamamlanmaýar.

Siz Telegram messenjerinde müşderiler üçin ýapyk çaty (online aragatnaşyk otagy) döretdiňiz. Onuň ähmiýeti barada aýdaýsaňyz.

Hawa, Telegramda biziň gaznamyzyň 1200 agzasy bolan resmi kanalymyz bar. Şeýle hem, müşderiler üçin ýapyk çatymyz we täze psihoaktiw maddalaryň (duzlar) zyýanlaryny azaltmaga degişli çatymyz bar. Bu çatlaryň ählisini müşderileriň özleri, ýagny neşe serişdelerini işjeň ulanyjylar ýöredýärler we tertibine gözegçilik edýärler. Bu kanal häzirki günde müşderilerimiz bilen aragatnaşyk saklamagyň iň amatly usuly bolup durýar. Onda göçme (ulag üstünde) hyzmat berýän nokatlarymyzyň salgylary bar; işgärlerimiz bilen gönüden-göni habarlaşmak mümkin; online maslahat alyp we beýleki adamlar bilen gürleşip bolýar.

Bir gezek şol kanalyň kömegi bilen opiaty artyk ulanandygy sebäpli heläk bolup barýan adamy halas etdik – bir gyz bize söýgülisiniň dem alyp bilmeýändigini ýazdy. Biz, işgärlerimiz we kanalymyzyň neşe serişdelerini ulanyjy agzalary bolup, ýaňky gyza naloksony nähili dogry ulanmalydygyny görkezip jogap ýazdyk.

Siziň gaznaňyz Sankt-Peterburgda AIW-yň öňüni alyş boýunça göçme hyzmat nokadyny gurnady. Ol nähili işleýär?

Hawa, biziň AIW infeksiýasynyň öňüni almak boýunça üç sany göçme hyzmat nokadymyz bar:

↪ "Raspisnoý awtobus" metro menzilinde ýerleşýär we ähli isleg bildirijiler üçin açyk.

↪ "Siniý awtobus" bolsa, diňe AIW-yň öňüni alyş nokady bolman, eýsem zeperi azaltmak boýunça maksatnamany, lukmançylyk barlagyny, şeýle hem ýatymlaýyn ýa-da gatnawly şertlerde narkologik bejergä iberýän hakyky göçme klinika bolup durýar.

↪ "Malenkiý awtobus" hem neşe serişdelerini ulanýan adamlara kömek edýär, emma ilki bilen, aýallara, şol sanda tenini satýan aýallara hyzmat edýär.

Neşe serişdelerini ulanýan adamlar bilen duşuşyklar geçirýärsiňizmi?

Hawa, meselem, şu ýyl neşe serişdelerini, şol sanda täze psihoaktiw maddalaryny artykmaç möçberde ulanmanyň öňüni almak boýunça eýýäm iki sany duşuşyk gurnadyk. Bu duşuşyklar uly gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin lukmançylyk hünärmenlerini hem işe çekip, şunuň ýaly ýygnanyşyklary yzygiderli geçirmegi maksat edinýäris. 31-nji awgustda, ýagny artykmaç doza hakynda Halkara habardarlyk gününde indiki duşuşygymyzy geçireris diýen tamam bar.

Zyýany azaltmak boýunça nähili gyzykly taslamalary bilýärsiňiz?

Maňa Nowosibirskde bir taslama diýseň ýaraýar. Ol "Pozitiwnyýe strategii" diýlip atlandyrylýar. Bu taslamanyň çäklerinde neşe serişdelerini ulanyjylar şäheriň dermanhanalarynyň iň iri torundan içinde zyýansyzlandyrylan şprisleri, infeksiýa suwuny we beýleki zerurlyklary saklaýan sowgat pakedini almak üçin şahadatnama alyp bilýärler. Ýaňy-ýakynda Gyzyl Hajyň Kuzbass bölümi naloksonyň kömegi bilen artykmaç dozanyň öňüni almak üçin welaýat býujetinden (Russiýada ilkinji gezek) pul almagy başardy.

Haýsy ýurtlaryň siziňkä meňzeş maksatnamalary we taslamalary ünsüňizi çekýär?

2018-nji ýylyň ahyrynda "Mainline" golland guramasy öz içine täze psihoaktiw maddalary alýan psihostimulýatorlaryň zyýanyny azaltmak boýunça peýdaly gollanma çykardy. Onda biziň üçinem örän wajyp, peýdaly maglumatlar bar. Şol maglumatlary işgärlerimiz we hyzmatdaşlarymyz bilen paýlaşmak üçin meýletinçilerimiz tarapyndan gollanmanyň rus diline resmi bolmadyk terjimesi (guramanyň rugsady esasynda) edildi.

Makalanyň asyl nusgasy