PYNHAN GATNAŞYKLAR BARADA OKYJYDAN GELEN PIKIRLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (17 Ses)

artbujak soygiSalam Saglyk,

Meniň bilşime görä, jemgyýetimizde jübütleriň içinde anal (artbujak) jynsy gatnaşygy bilen meşgullanýanlar kän. Muňa subutnama hökmünde resmi çeşme ýa-da statistiki san-ha görkezip biljek däl. Ýöne, köpçülige çykan wagtym gürrüňlerden, ýetginjek oglan-gyzlaryň biri-birine köçelerde diýýän zatlaryndan, sosial saýtlardan ýa-da mesenjerlerde (IMO we beýlekiler) açylýan topar gepleşiklerinden durmuşa çykmadyk gyzlaryň gyzlyk perdesiniň ýyrtylmagyndan gorkup, toýdan öň anal jynsy gatnaşyk bilen meşgullanýandyklaryny ýa-da çagasy bolan aýallaryň ýanýoldaşlarynyň "göwnünden turmak" üçin isleseler-islemeseler anal jynsy gatnaşygyna girýändiklerini kän eşidýärin.

Tanyş joralarymdan käbiri utanyp, käbiri gorkup, durmuşa çykmankalar oglanlardan şeýle teklipleriň gelendigini aýtdylar. Gürrüňdeşlik etmäge çekinmeýän ýakynlarymyň, joralarymyň içinde anal jynsy gatnaşygyndan lezzet alýandygyny aýdany ýok. Ylmy maglumatlara görä, göni içegäniň golaýynda nerw damar uçlarynyň köpdügi sebäpli, artbujak erogen (jynsy lezzet berýän) zonasy bolsa-da, meniň pikirimçe anal jynsy gatnaşygy tebigy däldir. Sebäbi, artbujak jynshana ýaly jynsy gatnaşyk üçin niýetlenmedik. Artbujak öz-özüni tebigy taýdan çyglandyrmaýar we çeýe däl.

Anal jynsy gatnaşygynyň saglygymyza berip biljek howplaryndan jübütlerimiz habarsyz bolup durýarlar. Goragsyz (prezerwatiwsiz) geçirilýän anal jynsy gatnaşygynda ýokuşýan keselleriň, şol sanda AIW, AIDS, hlamidiýa, gepatit, gerpes, sifilis ýaly keselleriniň ýokuşmak ähtimallygy ýokary bolýar.

Käbir saýtlarda anal jynsy gatnaşygyny geçirmek üçin jübütleriň razylygynyň bolmagynyň hem-de prezerwatiw we çyglandyryjy ýaglary (lubrikant) ulanmagyň zerurdygy aýdylýar. Emma, öz ýurdumyza we jemgyýetimize seredenimde, çyglandyryjy suwuklyklardan ýa prezerwatiwleri ulanmak düşünjesiniň ýaýran däldigine şaýat bolýaryn. Çünki, aýallaryň aglabasy göwrelilikden goranmak üçin amatlydygy sebäpli spiral goýdurýarlar, ýöne spiralyň jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklardan goramaýandygyna üns bermeýärler. Gyzlar bolsa, toýdan öň gyzlyk perdesini ýyrtmajak bolup jynsy gatnaşyga girmeýändigi üçin prezerwatiw düşünjesinden uzak. Onsoň, siziň pikiriňizçe anal jynsy gatnaşygyna girmek isleýänleriň näçe göterimi prezerwatiw we çyglandyryjy suwuklykdan peýdalanýandyrlar?!

Ýokarda agzalan howply keselleriň öňüni almak, zenanlarymyzy islemeýän jynsy gatnaşyklaryndan halas etmek üçin näme edip bileris?

Meniň pikirimçe, ýetginjek ýa uly ýaşly ýakynlarymyzyň anal gatnaşyga ýykgyn edýändiklerini görsek (meselem, el telefonynda anal jynsy gatnaşyklarynyň wideolary bar bolsa, telewizor kanallarynda ýa-da wideo diskleri arkaly şeýle sahnalary görýändigine şaýat bolýan bolsak), utanman, medisina taýdan dogry maslahat bermegi başarmalydyrys.

Lukmanlar bolsa mekdeplerde uly ýaşly okuwçylar bilen geçirilýän ýygnaklarda, saglyk bilen baglanyşykly gazet-žurnallarda, metbugatda, sosial saýtlarda makalalary we beýleki informasion materiallary paýlaşyp, ýaşlarymyzyň habardarlygyny gazanyp bilerler.

Hormatlamak bilen, Okyjy.

Hatda beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Awtoryň pikirleri redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.