AZ SATYN ALYŇ – UZAK WAGT GEÝIŇ: "HAÝAL MODA" BARADA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

hayal moda"Haýal moda" ("slow fashion") termini 10 ýyldan hem gowrak mundan ozal, 2007-nji ýylda döräpdir. Haýal moda – bu egin-eşigiň modasyna güýçli çemeleşme bolup: wagtlaýyn trendlary aşa köp ullanmakdan we olary yzarlap ýörmekden ýüz öwürmekdir.

Soňky birnäçe ýyl bäri egin-eşik önümçiliginiň mukdary ýüzlerçe esse artdy. Eger XX asyrda moda öýleri diňe gyş we tomus kolleksiýalaryny öndüren bolsalar, häzirki wagtda bolsa dünýä brendlary egin-eşikleriň görnüşlerini ýylda azyndan alty gezek täzeläp durlar. Bu "tiz moda" diýlip atlandyrylýar. Şeýle "çalt önümçilik" arzan bahada bolup, köpçülik bazary üçin amatlydyr.

"Köpçülik bazary" egin-eşik dünýäsinde "haýal moda" garşy bolup durýar.

"Köpçülik bazar" önümlerinde näme ýalňyşlyklar bar?

Köplenç arzan önümçiligiň aňarsynda zäherli önümçilik, arzan baha işledilýän ösüp barýan ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň zähmetleri we sintetiki matalar bolup dur. Sintetik matalar bolsa öz gezeginde onlarça ýyllap çüýremän biziň daşky gurşawymyzy hapalaýar. Şeýlede köpçülik üçin öndürülen önümiň hili pes bolup – ýagny uly möçberli önümçilikde hemişe önümiň hilini barlap bolmaýar. Önümçilige şeýle çemeleşmeler, önümiň könelmezlik ukybyny ep-esli peseldýär. Diýmek, siz şeýle egin-eşikleri saýlasaňyz geýim-gejimleriňizi ýygy-ýygydan täzeläp durmaly bolarsyňyz.

"Haýal moda" egin-eşik prinsipi

Biz diňe bir maglumatlaryň däl-de, eýsem zatlaryň hem artykmaç bolan döwründe ýaşaýarys.

Biz ýuwaş-ýuwaşdan, bir zatlar satyn alanymyzda oýlanyp satyn almaga çalyşýarys. Azyk ugryny alanymyzda biz onuň saglyk üçin peýdalylaryny ýada saglyga zyýansyzraklaryny saýlaýarys. Egin-eşikler bilenem edil şonuň ýaly. Biz önümleriň matalaryna ünsümizi berip, has ahlak prinsiplerine görä saýlamak üçin bolsa modaly brendlary hem öwrenip başladyk. Indi arzanladyşlary yzarlaman, deregine uzak wagtyň dowamynda geýiljek hili gowy bolan zatlary saýlaýarys.

Onda, nädip az egin-eşikler bilen oňup bolýarka? "Kapsula garderoby" ideýasy, şopogolizma (oýlanyşsyzlykly kän zat satyn almalar) garşy bolup, egin-eşikleri ýerlikli satyn almaga kömek eder. (Şopogolik – zerurlygna, zyýanly endikdigine, hereketiniňnetijelerine üns bermän, ýygy-ýygydan bir zatlary satyn almaga uly islegi bolan adam-redaktor.) “Kapsula garderoby” ideýasynyň prinsipi geýimleri siziň şahsy, hünär we gündelik zerurlyklaryňyza laýyk gelýän we doly kanagatlandyryp bilýän, şeýlede her dürli egin-eşikleriňiz bir-biri bilen gelişip durýan az geýimleri saklamakdan ybaratdyr.

Moda diýseň çalt üýtgäp durýar. Şonuň üçin hem möwsümleýin modadaky tendensiýalara derek öz stiliňize üns bermek maslahat berilýär. Bu diňe bir durmuşymyzy ýeňletmän, eýsem biziň daşky gurşawa bolan zyýanlarymyzy hem azaltmaga kömek eder.

Batyr Bäşimow

Ulanylan WEB Salgy