GYZ WE KAKA BIR ÖÝDE ÝAŞAÝAN NÄTANYŞLARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

kaka we gyz gatnasygyÝönekeý maşgalada önüp ösen türkmen gyzy hökmünde, men käwagt kakamyň bardygyny hem ýatdan çykarýaryn. Biz onuň bilen ne bile wagt geçirýäris, ne üýtgeşik gürrüň edýäris, ne-de bile nahar iýýäris. Ol esasan ogullary we dostlary bilen oturyp-turuşýar. Bolmasa kakam erbet adam däl. Ol maşgalasyny gowy görýär, gerek bolsa biz üçin janyny bermäge taýýar. Emma meni gynandyrýan zat ol meni asla tanamaýar. Adymdan we doglan günümden başga, men hakda kän zat bilmeýär. Diňe meniňki däl, tanaýan gyzlarymyň aglabasynyň kakalary şeýle.

Türkmençilikde "ogul atadan görelde alar, gyz eneden" ýaly atalar sözleri gyzlaryň ejä, oglanlaryň kaka ýakyn bolmagyny ündeýär. Diňe bir atalar sözleri däl, durmuşymyza höküm ýöredýän adatlar hem türkmen gyzlaryny we kakalaryny bir öýde ýaşaýan nätanyşlara öwrüpdir.

Kakam bilen gatnaşygymy pugtalandyrmanyň gözleginde, meniň has köp zada gözüm açyldy.

Dünýä ýüzünde gyzlaryň we kakalaryň gatnaşyklaryna ýakyn döwürlere çenli kän üns berilmän gelnipdir. Adamlaryň durmuş hiliniň gowulanmagy we erkekleriň öýde maşgalalary bilen wagt geçirmegi üçin mümkinçilikleriň köpelmegi kaka-gyz gatnaşyklaryna täze öwüşgin çaýdy. Ylmy barlaglar ýaramaz kaka-gyz gatnaşyklarynyň gyzlaryň durmuşyna zyýanly täsir edýändigini, sagdyn kaka-gyz gatnaşyklarynyň bolsa üstünlikli we bagtly durmuşa eltýändigini tassyklaýarlar.

Kaka mährinden we goldawyndan mahrum bolan gyzlarda döräp bilýän kynçylyklar:

▶  Özüňe kembaha garamak;

▶  Gabanjaňlyk we ejizlik;

▶  Ýekelikden gorkmak;

▶  Agressiw adamlar bilen dost/ýoldaş bolmak;

▶  Dowamly başgalaryň öwgüsini islemek;

▶  Duýgularyňy aýdyň beýan edip bilmezlik;

▶  Şowsuzlyklardan gorkmak;

▶  Kakaň göwnüni tapjak bolup aşa agyr işlemek, birkemsizlige dyrjaşmak.

Gyzlarynyň dogumly, özlerine ynamly, emosional taýdan güýçli bolmaklary we jemgyýetde özlerine laýyk orunlary tapyp, özlerine mynasyp adamlar bilen ýoldaş bolmaklary üçin kakalar näme edip bilerler?

◈ Kiçilikden başlaň. Gyzyňyza onuň doglan gününden başlap wagt aýryň. Näçe işli bolsaňyz hem, onuň bilen gündelik azyndan bir sagat geçiriň. Bile oýun oýnaň, kitap okaň, öý işlerini ediň, naharlanyň, we gezelenje çykyň.

◈ Oňa ýoldaş boluň. Gyzyňyz bilen bile dürli çärelere gatnaşyň (sport, sungat, jemgyýetçilik çäreleri). Islendik çärede oňa ýoldaş we goldawçy bolmak mümkinçiligini sypdyrmaň.

◈ Gürleşiň we gyzyklanyň. Nahar başynda, ulagda, gezmelemäge çykanyňyzda – haçan pursat dörände gyzyňyz bilen gürleşiň. Onuň durmuşyna içgin gyzyklanma bildiriň. Oňa sapaklary, dost-joralary, halaýan we gyzyklanýan zatlary barada sorag beriň. Ony hem özüňiz bilen islendik zat barada sorag alyşmaga we gürleşmäge höweslendiriň.

Gyzyňyzyň ýaşynyň ulalmagynyň onuň bilen wagt geçirmäge böwet bolmagyna ýol bermäň. Ol nirede bolsa-da, onuň bilen ýakyn gatnaşyk saklaň we pursat tapsaňyz içgin gürrüňdeşlikleriňizi dowam ediň. Belki ýylda bir gezek maşgala bolup syýahat etmek ýa-da üýşmek ýaly maşgala däplerini hem ýola goýup bilersiňiz. Siz özüňizi hem fiziki hem emosional taýdan gyzyňyz üçin näçe elýeter etseňiz, ol hem size şonça ynanar we özüni şonça bagtly duýar.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Gülşat Annamowa