TÜRKMENISTANDA ZENAN ARZYSY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

UNFPA guramasyshecounts türkmenistanlylary #arzylyzenan ( #shecounts ) kampaniýasyna gatnaşmaga çagyrýar. Biz zenanlarymyzyň gadyr-gymmatyny esasan 8-nji mart baýramçylygynda belleýäris. Elbetde, diňe 8-nji martda däl-de, ýylboýy zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän orny barada pikirlenip durmak gowy zat.

Kampaniýany gurnaýjylar durmuşymyzda ähmiýetli hasaplaýan zenanymyz (gyzyňyz / gelniňiz / uýaňyz) bilen düşen suratymyzy ugratmagy we ol zenany näme üçin arzylaýandygymyzy beýan etmegi soraýar.

Bildirişde "Kampaniýanyň esasy maksady zenanlara berilýän ahmiýeti has aýdyň görkezmek, olaryň jemgyýetiň esasy sütünleriniň biridigine ünsi çekmek bolup durýar" diýip bellenilýär.

Meniň şu döwürde zenanlarymyzyň ähmiýeti barada gurrüň açylmagy ünsümi çekdi. Çünki konstitusiýamyzyň 29-nji maddasy aýallaryň we erkekleriň deň raýatlyk hukuklaryna kepil geçýär. Şuny nazarda tutsak, kampaniýadan şeýleräk many çykýar: biziň jemgyýetimizde zenanlar entek hem erkekler bilen deň derejede kabul edilmeýär.

Sahypada global derejede geçirilýän #shecounts kampaniýasynyň maksatlary biraz ýerli düşünjä görä üýtgedilene meňzeýär. Çünki kampaniýanyň asyl nusgasy Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada gyzlara jemgyýetiň pes baha berilmegine garşy göreşe gönükdirilýär. Kampaniýa gyzlara we aýallara zyýan berýän we deňligi bozýan medeni tejribeleri "Islegime garşy" diýip atlandyryp nyşana alýar. Kampaniýa görä, zyýanly medeni tejribelere gyz çagalaryň durmuşa çykarylmagy, oglan çaganyň islenilmegi ýaly tejribeler girýär.

Elbede, biriniň arzyly gyzy, gelni, uýasy bolmak bu bir bagt, ýöne näme üçindir biz hiç haçan biriniň arzyly ogly, ýoldaşy, dogany bolmak barada gürrüň alyp barmaýarys? Näme üçin biz zenanlarymyzy erkek doganlary, atalary ýa kakalary bilen surata düşüp, olary arzylamaga çagyrmaýarys? Meniň pikirimçe, şeýleräk kampaniýa geçirilse, gurnaýjylar zenanlaryň we erkekleriň durmuşyndaky möhüm meseleleri barada aýal-gyzlarymyzyň dilinden eşidip bilerdiler.

Kampaniýany gurnaýjylar geçen asyrdan pikir ýöredýäne meňzeýärler. Kampaniýa aýal-gyzlarymyzy uýanyň, gyzyň we gelniň ornunda goýup, olary gadymdan dowam edip gelýän, çäklendiriji rollarda görkezmäge synanyşýar. Bu rollar medeni gymmatlyklara öwürülip gidipdir. Gyzykly ýeri "ene" orny bellenilmeýär. Aslynda bilim almak we hünär edinmek mümkinçilikleriniň azalmagy bilen, gyzlarymyz "ene" ýa-da "gelin" bolmak ýaly mümkinçilikler bilen çäklenýärler. Sosial mediýa göz aýlanylsa, türkmenistanly ýaşlaryň arasynda "ene bolmak" we "gelin bolmak" zenan bagtynyň ýeketäk çeşmesi ýaly görünýär. Şahyrlarymyzyň diňe enelik, enelerini öwüp arşa çykarýan, olary mukaddeslige deňeýän goşgularyny aňsatlyk bilen tapyp bolýar. Goşgulardan ugur alsaň, şahyrlarymyzda uýa-da, gyzam, söýgüli-de ýok, diňe "perişde eneler" bar ýaly görünýär. Erkek oglanlarymyzyň nätanyş ýa-da kärdeş zenana çynlakaý hormaty we deňlik duýgusy bolsa agsaýar.

Kampaniýany gurnaýjylar suratlar bilen ulanmak üçin birtopar aňlatmalary hödürleýärler. Olaryň ählisi şygar bolmaga mynasyp. Men bu ýürekgysgynç, howaýy, owadan sözleri manyly hereketlere öwürmegimizi möhüm hasaplaýaryn.

Men şeýleräk aňlatmalary ulnamagy teklip ederdim:

Gyzym / gelnim / uýam / ejem / enem / söýgülim / kärdeşim / joram meniň üçin #arzylyzenan, sebäbi:

↪ Men gyzymyň galyň alman durmuşa çykmagyna garşylyk görkezmeýärin, sebäbi Onuň bahasyna ýetip bolmaýar;

↪ Men aýal-gyzlarymyzyň kanunda kepillendirilişi ýaly, erkin ýaşamak, öz islegine görä bilim we hünär edinmek, şahsy ulaga eýe bolmak we sürmek hukugyny doly goldaýaryn, sebäbi Olar öz durmuşyny özleri gurýarlar;

↪ Meniň gyz jigim matematikadan Olimpiýada gatnaşýar, Ol akyly bilen özüni aldyrýar;

↪ Men gyz-gelinlerimize gönükdirilýän ähli görnüşli diskriminasiýa we maşgaldaky zuluma garşy, sebäbi Olar biziň bagt çeşmämiz;

↪ Men çagalarymyň ideg-terbiýesine günde azyndan 5 sagat gatnaşýaryn, sebäbi Gelnim biziň şamçyragymyz;

↪ Men kontrasepsiýa barada öwrenýärin, ulanýaryn, maşgalamy meýilleşdirýärin, sebäbi Gelnimiň sagdynlygy maşgalamyzyň sagdynlygy;

↪ Meniň zenan kärdeşimiň Işi deň jogapkärli;

↪ Meniň ejem Türkiýede migrant bolup zähmet çekýär we gije-gündiz biziň aladamyzda, Ol biziň daýanjymyz/maşgalamyzyň daýanjy;

↪ Meniň uýam şäher häkimi, Onuň kämilligi halkymyzyň bähbidi.

#arzylyzenan #shecounts #unfpaturkmenistan #turkmenistan #zenanlar #ashgabat #mary #lebap #balkan #dashoguz

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Awtor: Maral Nazarowa