ORGANIKIMI ÝA HIMIKATLY: GÖK-ÖNÜMLER HAKDA NÄME BILMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

organiki ya himikatlyTomsuň ýetip gelmegi bilen, diýarymyzda ençeme gök-önümler bişip başlady. Bazarlarymyzdaky dürli gök-önümleri käbir adamlar satyn alýanam bolsa, käbirleri almaga gyssanmaýar. Onuň sebäbi ol gök-önümleriň "azot" bilen wagtyndan öň ýetişdirilenligidir. Elbetde, gök-önümleriň saglygymyz üçin peýdalydygyny ählimiz bilýäris. Olaryň düzüminde adama gerek bolan birnäçe witaminler, minerallar we suw bar. Ýöne, gynansakda, olarda pestisidler we nitratlar ýaly himiki maddalar hem gabat gelýär. Pestisidler – hasyly parazitlerden, mör-möjeklerden we haşal otlardan goraýar. Nitratlar – dökün hökmünde ulanylýar.

Adamlaryň käbirleri pestisidler we nitratlar hakynda bilýän bolsalar, käbirleri bilýän hem däldirler. Mysal üçin, meniň özüm we maşgalam bu hakynda bilýäris we biz maý, iýun aýlarynda gawun, garpyz almaga gyssanmaýarys. Sebäbi azot goşulan bolmagy gaty mümkin. Bazarlarda gök-önümlerde nähili himikatlaryň bardygy bilen gyzyklanýan adamlara henize çenli gabat gelmedim. Halk arasynda bu zatlar soralmaýar. Alyjylary hemişe diýen ýaly harydyň bahasy, satyjylary bolsa harydyny satmak gyzyklandyrýar. Şonuň üçin, pestisidli we nitratly gök-önümleri özümiz tanamany başarmaly.

Köp daýhanlar hasylyň hiline däl-de mukdaryna üns berýärler. Köp girdeji gazanmak maksady bilen, öndürijiler hasyly çalt ýetişdirýän we uzak wagt zaýalaman saklaýan, emma adam bedenine zyýanly himikatlary ulanýarlar. Elbetde, biziň döwrümizde gök-önümleri himiki dökünsiz ýetişdirmek örän kyn. Eger biz pestisidli gök-önümleri ýygy-ýygydan iýip dursak, bedenimiz zäherlenip, erbet keselläp bileris.

BMG-nyň Azyk we Oba hojalyk guramasy (FAO) "ýer ýüzünde adam sanynyň artmagy bilen, ekarançylykda çykgynsyz ýagdaýda himiki serişdeler ulanylar" diýip aýdýar. Pestisidleriň ulanylmagy ekarançylykda uly ýitgileriň öňüni almaga kömek edýär. Şonuň üçin hem, pestisidler oba-hojalygynda uly rol oýnamagy dowam eder.

Himikatsyz gök-önümler

Pestisidlerden we nitratlardan azat bolmak hemme kişä başartmaýar. Köp adam gök-önümleri iýmezden öň ýuwsaň pestisidlerden halas bolýarsyň diýip pikir edýärler. Bu pikirler hemişe dogry däl. Sebäbi gök-önümler pestisidleri dürli görnüşde özüne siňdirýärler. Olaryň käbirlerini ýuwup ýa daşyny arassalap hem, içine siňen pestisidleri aýryp bolmaýar. Himikatsyz ýetişdirilýän gök-önümlere we miwelere organiki önümler diýilýär. Emma, olar gymmatdygy sebäpli köp adamy özüne çekmeýär.

Pes girdejili maşgalalar nädip pestisidlerden goranyp biler?

Elbetde, bazarlarymyzda we dükanlarymyzda pestisidsiz we nitratsyz ýetişdirilen gök-önümleri tapmak mümkin däl diýseňem bolýar. Şonuň üçin hem, gök-önümlerde himikatlaryň galdyrýan yzlaryny azaltjak bolmaly. Daşky Gurşaw Boýunça Iş Topar (EWG) atly guramanyň alymlary we ylmy işgärleri gök-önümleriň we miweleriň "Hapa Onkilik" atly sanawyny düzüpdirler. Bu sanawdaky gök-önümler we miweler pestisidleri özüne has köp siňdirýär. Bu gök-önümlerden alanyňyzda organikilerini almaly. Başga-da, "Arassa Onbäşlik" atly sanaw bar. Ol sanawdaky gök-önümleriň we miweleriň tebigy taýdan pestisidleri özüne siňdirijilik ukyby pes. Olaryň organiki dällerini hem alsaň bolýar.

Hapa Onkilik: Ýertudana, Ysmanak, Kale kelemi, Nektar, Alma,  Üzüm, Şetdaly, Wişnýa, Armyt, Pomidor, Ýer alma, Ajy burç.

Arassa Onbäşlik: Awokada, Mekgejöwen, Ananas, Düýp sogan, Papaýa, Ýaşyl nohut (doňdurlan), Badam, Sparža, Gülli kelem, Gawun, Brokoli, Kömelek, Ak kelem, Bal gawuny, Kiwi.

Bu sanawdan habarly bolmak size maddy taýdan tygşytly bolmaga we pestisidli önümleri az kabul etmäge kömek eder. Sanawlara dowamly täze önümleriň goşulyp durýandygy sebäpli, olaryň ady düzümindäki sanlar bilen gabat gelmän biler.

Pestisidlerden goranmagyň ýene bir usuly, ýerli gök-önümleri satyn almakdyr. Sebäbi olaryň bazarlara getirilip satylmagy üçin az wagt gerek bolup, olara himikatlar az berilýär ýa-da düýbünden berilmeýär. Daşary ýurtlardan, köplenç Eýrandan gelýän, alma, üzüm, apelsin, armyt ýaly gök-önümlere, olaryň zaýalanmazlygy üçin dürli himikatlar berilýär. Gök-önümlere himikatlaryň goşulandygyny sypatlandyrýan alamatlar: çüýrüksiz, ýylmanak, ýalpyldap duran we birkemsiz görünýän. Tebigy şertlerde beýle ýetişdirmek mümkin däl.

Başarsaň her gök-önümi öz wagtynda iýmeli. Ýaz paslynda güýzde biten gök-önümleri iýjek bolmaly däl. Bir tarapdan, olar könelen we uzak wagtlap saklamak üçin himikat ulanylan bolmagy ahmal. Ikinji tarapdan, olaryň bahasy hem gymmat bolýar. Oňa derek, doňdurlan miwelerden kampot edip içseňiz, has ýokumly bolar. Iň gowusy bolsa, öz iýjek gök-önümleriňi özüň ýetişdirmekdir. Öz mellek ýerleriňizde hasyl ýetişdireniňizde, biogumus ýaly tebigy dökünleri ulanyp, hem topragyň hilini gowularsyňyz hem-de organiki gök-önümleri ýetişdirersiňiz. Çünki saglygymyz iýmitimize gönüden-göni baglydyr.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Makalanyň awtory: Batyr Bäşimow