MERMER ADAM SAGLYGYNA HOWPLUMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

mermer zyyanlymyTürkmenistanda, esasanam paýtagtymyz Aşgabatda, daşy ak mermer bilen örtülen binalar kän guruluýar. Ak mermerli binalar Aşgabady bezeýän hem bolsa, şol mermerlerde adam saglygyna zyýanly radioaktiw şöhlelenmesiniň bardygy ilat arasynda ýaýran. Men şu meseläni öwrenmäge synanyşdym.

Radiasiýa – bu şöhle ýa-da ýokary tizlikli bölejikler görnüşinde maddadan bölünip çykýan energiýadyr.

Mermer – bu düzümi dürli minerallardan ybarat bolan metamorfik daşdyr. Mermer köplenç binalaryň içini we daşyny bezemek hem-de taryhy ýadygärlikler üçin ulanylýar.

Radiasiýa we adam saglygy

Adamlar her gün dürli çeşmelerden çykýan radiaktiw şöhlelenmelerine sezewar bolýarlar. Biziň daş-töweregimiziň islendik ýerinde, ýagny hassahanalarda (rentgen, MRT, KT enjamlarynda) uçarlarda, hatda iýýän zatlarymyzda hem radiasiýa bar. Emma radiasiýanyň adam üçin howply we howpsuz dozasy bolýar. Halkara Radiologik Gorag Komitetiniň tekliplerine görä, radiasiýaly ýerlerde zähmet çekýän adamlar (mysal üçin, Atom Elektrik Stansiýasynda) ýylda 20 mSv (milli ziwert) bilen ýa-da aýratyn ýagdaýlarda bäş ýyllyk doza 100 mSv bilen çäklendirilýär. Radiasiýa bilen gönüden-göni iş salyşmaýan adamlaryň bir ýyllyk dozasy bolsa 1 mSv bilen çäklendirilýär.

Hemme zatda bolşy ýaly, radiasiýanyň zyýanlary hem onuň mukdaryna bagly. Biz her gün tebigy gurşawymyzdan az mukdarda radiasiýa alýarys. Emma ýokary mukdarly radiasiýa rak keseline, göwrelilik wagty düwünçege zyýan ýetmesine, we hatda ölüme-de sebäp bolup bilýär. Şeýle-de, ýokary derejeli radiasiýa ýiti radiasiýa sindromyna we dürli radiasiýa şikeslerine eltip bilýär. Uzak wagtyň dowamynda alnan radiasiýanyň zyýany, bir wagtda alnan dozadan has azdyr.

Mermer we radiasiýa

Granit, kerpiç, mermer we beýleki käbir gurluşyk materiallarynda tebigy radioaktiw elementler bar. Gurluşyk materiallaryndaky radioaktiwligiň mukdary materialyň görnüşine bagly, ýöne bu materiallardan çykýan radiasiýanyň mukdary adatça gaty pes bolýar. Syçanlarda alnyp barlan eksperimente görä, mermer önümçiligindäki tozanlar  uzak wagtyň dowamynda syçanlarda respirator kesellerini döredipdir.

2012 nji ýylda "Binalarda ulanylýan granitiň we mermeriň adamlara ýetirýän radiasiýa täsirini öwrenmek hakynda derňew işleri" geçirildi. Bu derňew işi Müsürde gurluşyk materialy hökmünde ulanylýan granitiň we mermeriň radiologik howplaryny hemmetaraplaýyn öwrendi. Dünýä bazarlarynda satylýan granit we mermer görnüşleriniň esasy 25-siniň nusgalary alnyp, olaryň düzümindäki 226Ra, 232Th we 40K konsentrasiýalary anyklanyldy. Netijede, saýlanylan granitlerde we mermerlerde radiasiýa dozasynyň kadalydygy we onuň adam saglygyna howpuzdygy mälim boldy.

Tridge sahypasynyň habar bermegine görä, Türkmenistan 2018-nji ýylda umuman 282.710$ mukdarynda mermer import edipdir we onuň 88% golaýy Türkiýeden gelipdir. Beýleki 11% Italiýadan we 1% Ermenistandan satyn alnypdyr. Türkiýede alnyp barlan ylmy-gözleglere gurluşyk mermeriniň adam saglygyna zyýanlydygyny subut etmek başartmady. Şol sanda,  Italiýanyň we Erministanyň mermerleriniň hem adam saglygyna täsirleri barada ylmy-işler tapdyrmaýar. Onda, Aşgabatdaky mermer jaýlarda ýaşamak saglyga howplumyka? Onuň anyk jogabyny diňe barlag we derňew işleri geçirilse bilip bolar.

Radonlar

Tebigy taýdan radioaktiw topraklaryň we daşlaryň düzümindäki uran we radiý çüýrände, olar radioaktiw gaz radonyny bölüp çykarýarlar. Radon, görüp ýa-da ysyny alyp bolmaýan tebigy, radioaktiw gazdyr. Radon gazlary iň köp topraklarda tapylýar we uzak wagtyň geçmegi bilen şol topragyň üstünde gurlan öýlere hem ýaýrap bilýär. ABŞ-nyň daşky gurşawy goramak gullugy öý eýelerine radonyň konsentrasiýasyna baha bermek üçin öýlerini synagdan geçirmegi maslahat berýär. Muny arzan bahaly apparatlaryň kömegi bilen hem barlap bolýar.

Öýleriň içinde ýüze çykýan radioaktiw radonlar, daşardaky gurluşyk materiallaryndan çykýan radiasiýa garanda has giňden ýaýran we ilatyň saglygyna has uly howp salýar. Radonyň uzak wagtlap täsir etmegi öýkeniň rak keseline sebäp bolýar. Çilim çekmekden soňra, öýken rak keseliniň ikinji uly sebäpkäri radon bolup durýar. Häzirki wagtda, ýurdumyzda radony ölçeýän guramalary tapmak maňa başartmady. Radon we onuň zyýanlary barada düşünje halkyň arasynda hem asla ýok diýen ýaly.

Netije:

Mermerlerde örän az mukdarda tebigy radioaktiw elementler bolup, olaryň adam saglygyna zyýanlygydygy we rak keseline eltýändigi hakynda subutnama tapmak maňa başartmady. Öýleriň içinde iň köp radioaktiw elementler radon gazlarynda tapyldy we olar adam saglygy üçin zyýanlydyr. Şol sebäpli, öýüňizi radon barlagyndan geçirmek möhümdir.

Makalanyň awtory: Batyr Bäşimow