HABARLARY NÄME ÜÇIN WE NÄDIP ANALIZ ETMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (6 Ses)

habar analiziBiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň auditoriýasy hökmünde, gündelik durmuşda dürli maglumatlary eşidýäris; dürli makalalary, bloglary we sosial mediýa postlaryny okaýarys. Täzelikleri okamak, adatça, dünýäde we ýurdumyzda bolup geçýän wakalary öwrenmegiň iň çalt usulydyr.

Emma welin, köpümiz habarlary diňe gözden geçirmek bilen oňýarys. Hatda, köpümize täzeligiň näme baradalygyny seljermezden, oňa "like" goýmak endik bolupdyr. Posta diňe "like goýmak" ýeterlik däldir – muny jogapkärçiliksiz hereket saýyp hem bolar.

Habar beriş serişdeleriniň bize hödürleýän zatlaryna tankydy çemeleşmek möhümdir. Tankydy çemeleşme – bu maglumatlary diňe bir okaman, eýsem, olaryň maksadyny we bize nähili täsir edip biljekdigini seljermäge we düşünmäge synanyşmakdyr.

Näme üçin soraglamaly?

Täze maglumat eşidenimizde sorag bermegiň birnäçe sebäbi bar. Täzeliklere tankydy çemeleşmek:

↪ Ýurdumyzda haýsy hadysalaryň bolup geçýändiginden has habarly bolmaga mümkinçilik berýär.

↪ Ýurtdaky wakalaryň ýa-da hereket edýän guramalaryň bize nähili täsir edip biljekdigine düşünmäge kömek edýär.

↪ Çyn maglumatlary galp maglumatlaryndan tapawutlandyrmagy ýeňilleşdirýär.

↪ Habarlaryň ygtybarly çeşmeden gelip-gelmedigini anyklamaga iterýär.

↪ Şahsyýetimiziň we umuman ýurdumyzyň abadançylygyna goşant goşanymyzda, has habarly bolmaga we has gowy kararlara gelmäge kömek edýär.

Nähili soraglary bermeli?

1. Habar kim tarapyndan ýazylan?

2. Habaryň çeşmesi ygtybarlymy?

3. Habar düşnükli dilde ýazylanmy?

4. Awtor habary ýazmagynyň sebäbini düşündirýärmi?

5. Awtor okyja näme düşündirmek isleýär?

6. Habarda möhüm detallar kemçilik edýärmi?

Meselem, Türkmenistandaky BSGG-nyň 2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Instagramda goýan habar postuny seljereliň. Onda şeýle diýilýär:

BSGG kislorod konsentratorlaryny, lukmançylyk maskalaryny, respiratorlary, ýüz galkanlaryny, gorag äýneklerini we şahsy gorag lybaslaryny öz içine alýan gumanitar ýükleri ibermek bilen, COVID-19-a taýýarlyk we jogap bermekde Türkmenistany goldaýar. Bu zerur lukmançylyk enjamlary, saglyk öýlerine paýlamak üçin Saglyk ministrligine berildi. Ýakyn wagtda Türkmenistana goşmaça lukmançylyk enjamlarynyň we gurallarynyň gelmegi garaşylýar.

Has jikme-jik seljeriş üçin soraglary jogaplalyň:

Sorag: Habary kim ýazdy?

Jogap: Türkmenistandaky BSGG edarasy.

Sorag: Habarlaryň çeşmesi ygtybarlymy?

Jogap: Hawa, BSGG ygtybarly gurama.

Sorag: Makala düşnükli dilde ýazylanmy?

Jogap: Hawa, ýeňil we halka düşnükli dilde ýazylan.

Sorag: Awtor habaryň näme üçin möhümdigini düşündirýärmi?

Jogap: Ýok, gynansakda, postuň maksady barada takyk düşündiriş ýok.

Sorag: Awtor okyja näme düşündirmek isleýär?

Jogap: BSGG COVID -19-a jogap bermäge taýyn bolmak üçin Türkmenistana ynsanperwerlik kömegini berýändigini köpçülige habar bermek isleýän ýaly. Kislorod konsentratorlary, lukmançylyk maskalary, respiratorlar, ýüz galkanlary, gorag äýnekleri we şahsy gorag lybaslary we beýleki enjamlaryň saglyk öýlerine paýlanmagy üçin Saglyk ministrligine berlendigini halka habar berýär.

Sorag: Postda möhüm detallar kemçilik edýärmi?

Jogap: Posty has ünsli okasak, köp möhüm detallaryň ýokdugyny anyklap bileris. Mysal üçin, BSGG-dan Saglyk ministrligine berlen kislorod konsentratorlarynyň, maskalaryň, respiratorlaryň we beýleki lukmançylyk enjamlarynyň sany belli däl. Şeýle hem, haýsy welaýatlarda, haýsy anyk lukmançylyk edaralarynyň bu enjamlary aljakdygy belli däl. Mundan başga-da, Türkmenistanda adamlaryň bu lukmançylyk kömeginden nähili yzygiderlikde we nädip peýdalanyp biljekdigi barada maglumat berilmeýär.

Elbetde, daş-töweregimizdäki habarlaryň köpdürliligini we möçberini göz öňünde tutsak, olary derňemek aňsat iş däl. Şeýle-de bolsa, bu meselä çynlakaý çemeleşmelidiris. Internetdäki makalalara ýa-da postlara diňe "like" goýup geçmeli däldiris. Alýan maglumatlarymyzy ünsli, oýlanyşykly, we tankydy nazar bilen okamaga çalyşmalydyrys. Bu endigiň biziň şahsyýetimiziň we jemgyýetimiziň ösüşine ýetirip biljek peýdasy örän uludyr.