SHEEP USULYNY NÄDIP ULANMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

SHEEP method"SHEEP" usuly sosial mediýada manipulýasiýadan we ýalňyş maglumatlardan gaça durmaga ýardam edýär. Bu usula görä, her gezek sosial mediýada haýsydyr bir maglumaty paýlaşmazdan ozal maglumatlaryň çeşmesine, neşiriň taryhyna, subutnamalaryň elýeterliligine, emosiýalary oýaryşyna we suratlara (wizual maglumatlara) üns bermek möhümdir. Bu sözleriň ilkinji harpy bilelikde iňlis dilinde "SHEEP" gysgaltmasyny emele getirip, "goýun" manysyny berýär. Megerem, ol size bu usuly has aňsat ýatlamaga kömek eder.

"SHEEP" usulynyň giňişleýin manysy näme?

Source – Çeşme. Maglumatyň çeşmesi kim? Ony bilmek üçin web sahypalaryndaky ýa-da sosial mediýadaky "Biz barada" bölümine serediň. Akkauntlaryň ýa-da web sahypalaryň eýeleriniň özleri hakynda näme ýazýadygyna üns beriň. Çeşmäniň syýasy partiýalar, dalaşgärler ýa-da agitasion toparlar bilen baglanyşygynyň barlygyna ýa ýoklugyna serediň.

History –Taryh. Neşirleriň gelip çykyşyna üns beriň. Çeşme köplenç haýsy maglumatlary çap edýär? Elmydama bir tarapy tankytlap, beýleki tarapy öwýärmi? Dürli garýyşlary barmy? Diňe bir meselä ünsi jemleýärmi? Belli bir pozisiýa eýerýärmi?

Evidence – Subutnama. Awtoryň berýän maglumatlarynyň subutnamasy barmy? Çeşmeleri okanyňyzda ýa-da göreniňizde barlamagy unutmaň, sebäbi käbir galp maglumat ýaýradyjylar we wagyz edijiler beren maglumatlaryny esasly görkezmek üçin birnäçe saýtlary ýa-da hasabatlary ulanyp bilerler.

Emotion – Emosiýa. Alan maglumatyňyz sizde haýsydyr bir emosiýany: gorky, begenç, howsala oýarýarmy? Dostuňyz ýa maşgalaňyz paýlaşandygyna garamazdan, haýsydyr bir posta ýa-da habara emosional reaksiýaňyz dörese, bir-iki minut säginiň we maglumatyň hakykatdygy ýa bolmasa manipulasiýadygy barada pikirleniň.

Pictures – Suratlar – Suratlara we wizual (görülýän) maglumatlara üns beriň. Wizual täsirler bizi tankydy pikirlerimizden daşlaşdyrýar we habary tekstlere görä çalt berýär. Meselem, edil okuň nyşana degşi ýaly, berlen maglumatyň maksadalaýyk derejede aňa siňmegi üçin mimler (iňlisçe: meme) emosiýalary oýaryjy suratlary we kiçijek tekstleri ulanýarlar. Köplenç olaryň maksady güldürmekdir. Emma, syýasatçylar, mahabatçylar we propagandistler öz ideýalaryny ýa-da önümlerini öňe sürmek üçin mimleri, wideolary hem-de suratlary ulanýarlar.

Çeşme: Threedotsca