ADAMLAR NÄME ÜÇIN JYNSPARAZ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

jynsparazlykBir gün gije awtobusda öýe gaýdyp barýardym. Daş-töwregimde bolýan zatlara-da gaty üns beremokdym. Birden aşak seretdim we ýanymda oturan erkegiň elini aýagymda goýandygyny aňdym. Ol elini ýokary süýşürdi-de, çatalbamy elledi. Ejem bilen telefonda gürleşýänligim üçin, ejeme: "Awtobusda bir adam meni elledi" diýdim. Awtobusdakylaryň ählisi aýdanlarymy eşitseler-de, eşitmedik ýaly başga ýere seretdiler.

Oňa hiç kim garşy çykmady. Hiç kim ony saklajak bolmady. Hatda, onuň ýüzüne-de seretmediler. Şol gün şeýle eýmenç zada göz ýetirdim. Töweregimdäki adamlar "Biz muňa garşy hiç zat etmek islämizok. Bu seniň öz işiň" diýýän ýaly duýuldy. Hamala, bolan ýagdaýa özüm günkär ýaly, nädogry bir zat eden ýaly duýdum. Örän utandym, aljyradym we indiki duralgada awtobusdan düşüp, öýe çenli pyýada ýöredim.

Seredip otursam, şol gije uly bir zada göz ýetiren ýeke men däl ekenim. Meni ellän adam hem möhüm sapak öwrendi. Meniň üstüm bilen, ol bu hereketiniň ýerliklidigini öwrendi.

Şeýle garaýyşlar taryhymyzda çuň kök uran. Biz töweregimizdäkileriň bizi seksual gural, bedenimizi jemgyýetçilik emlägi we beden böleklerimiziň jemi hasaplamagyna örän öwrenişipdiris. 400 ýyl mundan öň Ýewropada aýallary jadygöýlikde aýyplap öldüripdirler. Meselem: örän owadan gyzlary görende erkeklerde güýçli hyjuw (ereksiýa) döräpdir. Muňa zenanlar hiç hili günäkär bolmasa-da, olar jadygöýlikde aýyplanyp, jezalandyrylypdyr. Erkekleriň özlerine erk etmeklerine garaşylmaýandygy täze pikir däl. Ýöne, bu häzirki wagtda hem adamlaryň durmuşyna täsirini ýetirýär.

Käbir gyzlar şagyzyny, käbirleri bolsa supergahrymanlary halap biler, emma olarda saýlap almak mümkinçiligi bolmaly dälmi ahyry? Hakykat bolsa, diňe 10 inženerden biriniň aýaldygy, hem-de jemgyýetimiziň iň iri ylmy edarasynyň – Patyşalyk Jemgyýetiniň prezidentiniň hiç wagt aýal bolmanlygydyr. Elbetde, bu dünýäniň soňy däl, ýöne beýle zatlar gyzlara sypaýylyk bilen: "Bu zatlar seniň üçin däl, bu zatlar seniň üçin däl" diýýän gurşawa goşant goşýar.

Biz jynsparaz (seksist) hereketlere garşylyk görkezýän, görelde alarlyk erkekleriň köpelýändigini görýäris. Gahar-gazap bilen ara goşulmasalar-da, waka bolan wagtynda ýönekeý söz bilen aýdyp geçmeklerem, beýle zatlaryň bolmagynyň öňüni alýar. Jynsparazlygy we beýleki hukuk çäklendirmelerini özüň başdan geçirmeseň, olaryň hakykatda barlygyny äsgermezlik we inkär etmek has aňsatdyr. Özüň şol zatlary görmändigiň üçin "adamlar çendenaşa reaksiýa görkezýär" diýip çaklamak aňsat. Esasy hakykat bolsa, hemmeler muny adaty zat hasap etmegini dowam etdikçe, ýagdaýy üýtgedip bilmeris.

Awtor barada: Everyday Sexism proýektiniň düýbüni tutujy, ýazyjy we aktiwist Laura Bates jynsparazlygy ýok etmek üçin oňa düşünmegiň möhümdigine ynanýar. Everyday Sexism proýekti gündelik başdan geçirilýän jynsparazlyk tejribelerini hasaba almak üçin döredilendir. Olar örän çynlakaý ýa ujypsyz, iňňän kemsidiji ýa-da has kiçi, adaty zat ýaly kabul edilen, "garşy çykmaly" diýip pikir edilmeýän hereketler bolup biler.

Çeşme: Why are people sexist?