TEN SÖWDASYNY NÄDIP GARAŇKYLYKDAN ÇYKARMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

ten sowdasyBiz islesek islemesek, ten söwdasy ähli ýurtlarda we jemgyýetlerde bar. Onuň gerimi jemgyýetiň gymmatlyklary, gumanistik derejesi, aň-düşünjesi esasynda döredilen kada-kanunlar tarapyndan kontrolda saklanýar.

Düşündiriş:

(1) Bu makalada kämillik ýaşyna ýeten adamlar tarapyndan alnyp barylýan razyçylykly ten söwdasy barada gürrüň edilýär. Ten söwdasyna razyçylyk bermedik adamlary, gaçakçylyga we tenini satmaga mejbur edilen adamlary, şeýle-de kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary öz içine alýan jynsy gatnaşyklar – jenaýatdyr we olar hemişe derňewe hem-de jogapkärçilige çekilmeli. Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 143-nji maddasyna görä, 16 ýaşa ýetmedik adam bilen zyna eden üç ýyla çenli azatlykdan mahrum edilýär.

(2) Türkmenistanyň kanunçylygynda ten söwdasy "jelepçilik" diýlip atlandyrylýar. Makalanyň kanuna salgylanýan ýerlerinde kanundaky adalgalar üýtgedilmän alyndy. Biz Saglykda jemgyýetde razyçylykly ten söwdasyny edýänlere garşy zorlugyň, negatiw garaýyşlaryň azalyp, olara adamkärçilikli çemeleşmegi öňe sürýäris we ýazgylaryň kanundan alynmadyk böleklerinde "ten söwdasy" we "tenini satýan adamlar" adalgalaryny ulanmagy has laýyk gördük.

Türkmenistanda ten söwdasy nähili kesgitlenilýär?

Teniňi satmak Türkmenistanda bikanunylygyna (Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi, 360-361-nji maddalar, Jenaýat kodeksi, 138-139-nji maddalar) galýar. Türkmenistanda ten söwdasyna degişli we onuň düýp sebäplerini öwrenmäge çemeleşen barlaglardyr soragnamalar geçirilmedi. Ýurtda beterleşip barýan garyplyk ten söwdasynyň sebäpleriniň biri bolup biler.

Bize diňe 2007-nji ýylda geçirilen bir ylmy barlagy tapmak başartdy. Onda Türkmenistanyň iki şäherindäki tenini satýanlara, olaryň jynsy gatnaşyk ýörelgelerine we jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklar hem-de AIW baradaky düşünjelerine seredilip geçilýär. Barlagyň netijelerine görä, tenini satýanlar jynsy gatnaşyklarynda howpsuzlyga üns bermeýärler we muny üýtgetmäge kömek etjek zerur maglumatlar olara elýeter däl. Türkmenistanda tenini satýanlaryň arasynda prezerwatiw ulanmagy öňe sürmek we olaryň AIW hem-de jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklar barada bilimini artdyrmak, olaryň saglygyny goramak üçin möhümdir. Şeýle çäreler häzirki wagtda töwekgellik toparlarynyň içinde epidemiýa öwrülen AIW-iň umumy ilata ýaýramasynyň öňüni alyp biler.

Ten söwdasy we adam söwdasy bir zatmy?

Bular birmeňzeş hereketler däldirler.

Adam söwdasy (ýa-da adam gaçakçylygy): Türkmenistanyň "Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakyndaky" kanunyna laýyklykda, adam söwdasybu adamy satyn almak-satmak ýa-da oňa eýeçiligiň obýekti hökmünde garalýan gaýry bikanun geleşikleri etmek, şeýle-de pidanyň razylygyna garamazdan, ony ezmek (ekspluatirlemek) maksadynda amala aşyrylan yrmak, daşamak, geçirmek, gizläp saklamak ýa-da güýç ulanmak arkaly haýbat atmak, mejbur etmek, aldaw, wezipe ygtyýarlygyndan peýdalanmak, adam söwdasynyň pidasynyň ynamyndan ýa-da gowşaklyk ýagdaýyndan peýdalanyp ýa-da onuň garaşly adamsyna berim bermek bilen adamy satyn almak.

Aşgabat şäherinde raýatlara bikanun migrasiýa we adam söwdasyna garşy göreşmäge ýardam edýän "Ynam" kluby hereket edýär. Ynam ýurda girip-çykmak, daşary ýurtda galmagyň düzgünleri we töwekgellikleri hem-de ýakymsyz ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýeňip geçmek meseleleri barada hem maglumat hödürleýär. Ynamyň gyzgyn liniýasy: +99312463514 we +99312450911

Ygtybarly maglumatlaryň kemçiligi zerarly, adam söwdasynyň çägini we göwrümini hiç kim bilmeýär. Emma gaçakçylygyň ýeterlik habar berilmeýändigi belli. Türkmenistanly aýal-gyzlary hem daşary ýurtlarda adam söwdasyna sezewar edilýärler. Türkmenistanlylar esasan Türkiýede, Russiýada we Hindistanda, şeýle-de Orta Gündogar ýurtlarynda, Günorta we Merkezi Aziýada we Ýewropada adam söwdasynyň pidasy bolýarlar. Amerikanyň döwlet departmenti Türkmenistany "3-nji derejeli" ýurt diýip hasaba aldy. Çünki "Türkmenistanyň hökümeti adam söwdasyny doly aradan aýyrmakda minimum standartlary berjaý etmeýär we ony berjaý etmek üçin üýtgeşik tagalla hem görkezmeýär."

Ten söwdasy we milli kanunlar

Türkmenistan konstitusion taýdan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolsa-da, ýurduň Jenaýat Kodeksinde jelepçilik bilen meşgullanmaga, adamy jelepçilik bilen meşgullanmaga çekmäge, jelephanalary gurmaga ýa-da saklamaga, jelepçilik bilen meşgullanmak üçin duşuryjylyk etmäge we jelepçilik bilen meşgullanýan adamy jynsy gatnaşyk üçin peýdalanmaga hukuk berilmeýär.

Türkmenistanyň kanunçylygynda "jelepçilik," "klient, müşderi" (hyzmatlaryň alyjysy), "ten söwdasy bilen meşgullanýan adam" (hyzmatlary satýan) düşünjeleri kesgitlenmeýär.

BSGG-nyň kesgitlemesine görä, tenini satýan adamlar – 18 ýaşdan geçen aýallar, erkekler we transgender adamlar bolup, olar öz berýän seksual hyzmatlarynyň öwezine pul ýa-da haryt kabul edýärler. Ten söwdasy kämillik ýaşyna ýeten adamlaryň arasyndaky razyçylykly jynsy gatnaşykdyr. Bu jynsy gatnaşygyň görnüşi, resmiligi, tertibi we çäkleri jemgyýetlere we ýurtlara görä dürli hilli häsiýetlendirilip bilinýär.

Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 138, 139 we 140-njy maddalarynda raýatyň jelepçilik bilen gaýtadan meşgullanýan, başgalary jelepçilik bilen meşgullanmaga çeken we jelephanalary guran we saklan ýagdaýynda çekjek kanuny jogapkärçilikleri beýan edilýär. Bu işlere baş goşan adama jerime, emläginiň elinden alynmagy, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işleme ýa-da 2-8 ýyl möhletli azatlykdan mahrum etme ýaly jezalar kesilip bilinýär.

Ten söwdasyny kanunylaşdyrmak ten söwdasyny edýänleri nädip goraýar?

Ten sowdasy bilen meşgullanýan adamlarda jynsy gatnaşyklaryň üsti bilen geçýän keselleriň, AIDS/AIW keseliniň geçme howpy, islenilmedik göwreliligiň we zorlugyň ähtimallygy artýar.

Ten söwdasy bilen meşgullanýanlary jezalandyrmagyň zalymlykdygyna we islenilmedik netijeleri berýändigine indi köpler ynanýarlar. Köp ýurt jynsy gatnaşygy satmagy ýa-da satyn almagy (ýa-da ikisinem) kanunylaşdyrdy. Bikanun gurşawlarda ten söwdasyny edýän adamlar köplenç zuluma we beýleki görnüşli sütemlere sezewar bolýarlar. Adam hukuklaryna gözegçilik edýän HRW we beýleki guramalar tarapyndan geçirilen ylmy barlaglara görä, ten söwdasy kanunylaşdyrylanda:

↪ Jenaýatçylyk azalýar;

↪ Tenini satýanlara edilýän zulum azalýar;

↪ Tenini satýanlar kanun taýdan goralyp, adalat we saglyk hyzmatlary ýaly hukuklardan peýdalanyp bilýärler;

↪ Tenini satýanlaryň howpsuzlygy, mertebesi we deňligi gazanylýar.

Ten söwdasyny kanunylaşdyrmak bu işiň ýazgarylmasyny azaltmak üçin möhüm ädimdir. Ten söwdasy bikanun bolan jemgyýetlerde:

↪ Jenaýata çekilen adamlara ýaşamaga we işlemäge ýer tapmak kynlaşýar;

↪ Diňe jenaýata çekilmek gorkusy hem, tenini satýan adamlary saglyklaryna seretdirmekden saklap bilýär;

↪ Tenini satýanlar polisiýa ýaly, kanuny ýerine ýetiriji işgärler tarapyndan ekspluatasiýa sezewar edilip bilinýärler;

↪ Polisiýa işgärleri parahorluga we erjeşmä baş goşýarlar, tenini satýanlary fiziki taýdan we dil bilen kemsidýärler, olary zorlap bilýärler ýa-da olardan jynsy gatnaşyk talap edýärler;

↪ Tenini satýanlar polisiýa görünmezlik üçin, howply ýerlerde işlemeli bolýarlar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) özüniň ähli agza ýurtlaryny ten söwdasyny jenaýat hasaplamagy we bu iş bilen meşgullanýan adamlara garşy kada-kanunlary adalatsyz ulanmagy bes etmäge çagyrýar. BSGG-nyň bellemegine görä, tenini satyp gazanç edýän adamlara garşy fiziki, jynsy, psihologik we emosional zorluklar we gorkuzmalar giňden ýaýran.

Ten söwdasyny kanunylaşdyrmak adam söwdasyna we çagalaryň seksual ekspluatasiýasyna ýol açýarmy?

Ten söwdasy – bu kämillik ýaşyna ýeten adamlaryň arasynda jynsy gatnaşygyň alyş-çalşygydyr. Adam söwdasy we çagalaryň seksual ekspluatasiýasy (jynsy gatnaşyklar üçin ulanylmasy) düýpgöter başgaça meselelerdir – bularyň ikisi hem adam hukuklaryny bozýan jenaýatçylykdyr we hemişe derňelip, jenaýat jogapkärçiligine çekilmelidir.

Ten söwdasyny, adam söwdasyny we çagalaryň seksual ekspluatasiýasyny aýdyň tapawutlandyrýan kanunlar tenini satýanlary hem, jenaýatyň pidalaryny hem goraýarlar. Tenini satýan adamlarda adam söwdasy we çagalaryň seksual ekspluatasiýasy ýaly jenaýatçylyklar barada möhüm maglumatlaryň bolmagy mümkin, emma olaryň öz edýän işleri bikanunçylykdan aýrylmasa, olar bilýän maglumatlaryny polisiýa habar bermäge gorkarlar.

Reforma geçirmegiň iň gowy ýoly haýsy?

Umuman halkara tejribelere görä, muňa esasy iki usulda çemeleşip bolýar:

Skandinaw modeli: Jynsy gatnaşygy satmaga rugsat bermek, emma ony satyn almagy jezalandyrmak we bu ten söwdasyna bolan talaby azaldar diýip umyt etmek (Şwesiýanyň 1999-njy ýylda kabul eden kanunyndan soňra, bu skandinaw modeli hökmünde tanalýar). Bu usul jynsy gatnaşygy satyn almak isleýän müşderileri höwesden gaçyrýar. Emma bu işi bütinleý kanunylaşdyrmak oňa bolan talaby ýokarlandyrsa-da, ekspluatasiýa ýol açýar. Başga mümkinçilikleri bolan aýallaryň köpüsi ten söwdasy bilen meşgullanmasalar-da, başga çykalgasy bolmadyklar bu işi edýärler. Olaryň käbiri hem adam söwdasyna sezewar edilýär.

Doly dekriminalizasiýa (jenaýat hasaplamagy ýatyrmak): Jynsy gatnaşygy satmaga-da, almaga-da rugsat bermek we bu iş şertlerini gowulandyrar diýip umyt etmek. Bu usul ten söwdasy bilen meşgullanýanlara saglyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga we bikanunçylyklary polisiýa habar bermäge mümkinçilik berýär. Täze Zelandiýa bu usulyň mysaly bolup biler. Ol ýerde 2003-nji ýylda ten söwdasy doly kanunylaşdyryldy, emma ondan 4 ýyl geçensoň hem, tenini satýanlaryň köpüsi zorlamalary polisiýa habar bermeýärdiler, ýöne olaryň aglabasy polisiýanyň özlerine has adamkärçilikli daraşyp başlandygyny aýdypdyrlar. Şeýle-de, bu usul adam söwdasy bilen meşgullanýan jenaýatçylary ele salmagy aňsatlaşdyrýar.

Goňşy ýurtlarda ten söwdasy:

↪ Türkmenistan: Ten söwdasy kanun taýdan gadagan, emma ýurtda giňden ýaýran.

Gyrgyzystan: Ten söwdasyna kanunda rugsat berilýär, emma jelephanalar we adamy jelepçilik bilen meşgullanmaga çekmek gadagan.

Täjigistan: Ten söwdasyna kanunda rugsat berilýär, emma jelephanalar we adamy jelepçilik bilen meşgullanmaga çekmek gadagan.

Gazagystan: Ten söwdasyna kanunda rugsat berilýär, emma jelephanalar we adamy jelepçilik bilen meşgullanmaga çekmek gadagan.

Türkiýe: Ten söwdasyna kanun taýdan rugsat berilýär we düzgün-tertipli gözegçilik edilýär.

Özbegistan: Ten söwdasy kanun taýdan gadagan, emma kanun berk ýerine ýetirilmeýär.

Gadyrly okyjy, seniň pikiriňçe, biz jemgyýet bolup ten söwdasy meselesine nädip çemeleşmeli? Näme üçin? Ýurtdaky ten söwdasynyň esasy sebäpleri nämede?

Ulanylan çeşmeler:

HRW: Why sex work should be decriminalized

Wikipedia: Prostitution in Turkmenistan

Worldpopulation review: Countries where prostitution is legal