OÝANMAGA ÇAGYRYŞ: TÜRKMENISTANDA AÝALYŇ MAŞGALADAKY SAGLYGY WE STATUSY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

UNFPA woman in the family tm

"Türkmenistanda aýalyň maşgaladaky saglygy we statusy" atly syn (Turkmenportal, UNFPA) Türkmenistanda aýal-gyzlara garşy öýdäki zorluk meselesini gozgamakda we derňemekde geçirilen ilkinji interwýu esasly barlag bolup, oňa ýurduň ähli sebitinden (paýtagtdan we 5 welaýatdan) jemi 3596 hojalykdan 18-59 ýaş aralygyndaky aýal-gyzlar gatnaşdy.

Bu syn BMG-nyň ilat gaznasynyň tehniki goldawy, Türkmenistanyň hökümetiniň maliýe goldawy hem-de beýleki halkara guramalaryň (UNFPA, Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistandaky Beýik Britaniýanyň ilçihanasy), şol sanda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň goldawy bilen geçirildi. Synyň doly görnüşi iňlis we rus dillerinde, esasy netijeleriň we maslahatlaryň gysgaça beýany bolsa türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi.

Gowy habar

Synyň netijeleri ýurtda aýallaryň maşgalada zorluga sezewar bolýandygyny ykrar etmäge ýol açdy. Hökümet Türkmenistanda öýlerde zorlugyň bolup geçýändigini kabul edip başlady. Ýurtda aýal-gyzlaryň statusyna we gaýragoýulmasyz meselelere düşünmekde ýetilen bu özgerişlik bireýýäm gazanylmalydy. Bu hasabat 32 ýyl öň, Türkmenistan garaşsyzlyk alanda çykmalydy.

Hasabat öýdäki zorluga degişli meseleleri dilde beýan etmäge mümkinçilik döredýär. Indi biz, jemgyýet hökmünde, bu meseläni inkär etmegiň ýa-da gizlemegiň deregine ol barada konstruktiw şekilde gürleşip bilýäris. Islendik ýurtda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem zorlugyň aýalyň saglygyna zyýan berip, onuň esasy hukuklaryny bozýandygyny we ony ejizledýändigini synyň netijeleri tassyklaýar. Öýdäki zorluk hem jemgyýet saglygyna hem adam hukuklaryna degişli meseledir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda öýdäki zorluga çäre görýän kanun ýok. Hasabatda ýurda Öýdäki Zorluk Hakynda kanun işläp taýýarlamak we güýje girizmek maslahat berilýär.

Entek edilmeli iş kän

2022-nji ýylyň sentýabrynyň 16-ne görä, UNFPA öz Instagram we/ýa-da Twitter sahypalarynda hasabat barada köpçüligiň bilimini we habardarlygyny artdyrmaga niýetlenen material çap etmedi. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hijisi öýdäki zorluk barada köpçüligiň düşünjesini giňeltmek maksatly kampaniýalary geçirmeýärler ýa-da bu meselä degişli material döretmeýärler.

Hasabatda Türkmenistanda öýdäki zorlukdan gutulmak isleýän aýallara kömek hödürleýän hyzmat merkezleri, resurslar we gaçybatalgalar barada agzalmaýar. Saglyga mälim bolşuna görä, ýurt boýunça Keýik Okara guramasy tarapyndan ýöredilýän we Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýeketäk gaçybatalga bar. Bu gaçybatalgadan nädip peýdalanyp bolýandygy barada maglumatlar köpçülige elýeter däl. Biz UNFPA we Beýik Britaniýanyň Ilçihanasyna olaryň döreden gyzgyn liniýasy, bu liniýa kimleriň jaň edýändigi we olara nähili goldawyň berilýändigi barada öwrenmek maksady bilen ýüz tutduk, emma haýyşlarymyza iki gurama hem dymyşlyk bilen jogap berdiler.

Interwýuçylar

Hasabatda şeýle diýilýär: "türkmen jemgyýetinde lukmanlara berilýän ýokary derejeli ynamy göz öňünde tutup, saglyk pudagynda işleýän aýallaryň, hususan-da maşgala lukmanlarynyň we reproduktiw saglyk boýunça hünärmenleriň interwýuçylyk etmekleri makul bilindi". Biz bu barada ençeme adamdan soradyk. Biziň habarlaşan adamlarymyzyň, maşgala lukmanlarymyzyň we ginekologlarymyzyň hijisi bu syn barada bilmeýän ekeni. Sen mundan habarly lukmany, medisina işgärini bilýärsiňmi?

COVID-19 pandemiýasynyň başlan döwründe (fewral 25 – aprel 1, 2020) UNFPA Türkmenistanyň nädip lukmanlary tapandygy we interwýu almagy öwredendigi nämälim bolup galýar. Ýurtda polisiýalara we lukmanlara öýdäki zorlugyň pidalary bilen işleşer ýaly subutnama esaslanýan protokollar berilmeýär. Hut şu we beýleki medeni faktorlar sebäpli öýdäki zorlugy käbir polisiýa we saglyk işgärleriniň özleri hem aklaýarlar. Bularyň ählisi synyň hili we netijeleri barada şübhe oýarýar. Şeýle-de, hasabatda şeýle bellenilýär "zorlugyň netijesinde lukmançylyk kömegini gözlänleriň aglabasy saglyk işgärlerine zorlugyň bolup geçendigini aýtmandyrlar".

Ozalky statistika:

MICS 2019 hasabaty: Türkmenistanda 15-49 ýaş aralygyndaky aýal-gyzlaryň 58.4%-i adamsynyň aýalyna diýeninden çykany üçin el galdyrmaga hakynyň bardygyna ynanýarlar. Ýanýoldaşlary tarapyndan aýallara goýulýan çäklendirmeleriň iň köp ýaýrany öýden uzaga rugsatsyz gitmezlik bolup, ikinjisi öýden daşarda işlemägiň we okamagyň gadagan edilmegidir.

Täze statistika:

↪ Syn üçin interwýu alnan aýallaryň 12%-i durmuşynyň haýsy hem bolsa bir wagtynda adamsy ýa-da ýoldaşy tarapyndan fiziki we/ýa-da jynsy zorluga sezewar edilipdir:

▷ 41.1%-i durmuşda azyndan bir gezek adamsynyň/ýoldaşynyň çäklendirmesine (rugsatsyz bir ýere gitmezlik, işlemekde, okamakda, köpçülige çykmakda çäklendirmeler) sezewar bolupdyr;

▷ Adamsy/ýoldaşy tarapyndan zorluk edilen aýallaryň bäşden biri (21.6%) göwrelilikde zulumy başdan geçiripdir;

▷ 2.4%-ine adamsy/ýoldaşy däl kişiler tarapyndan zorluk edilipdir;

▷ Adamsy/ýoldaşy tarapyndan fiziki zorluk edilýän aýallaryň göteriminiň iň köp welaýaty Lebap (17.1%) bolup, Daşoguz (12.4%) ikinji orunda durýar.

↪ Häzirki wagtda nikada duran ýa-da romantik gatnaşykda bolan aýallaryň 83.4%-i adamsynyň ýa-da beýleki maşgala agzalarynyň rugsady bolmazdan emlägini satyp bilmeýär;

↪ Ejeler ýanýoldaşlardan soňra aýal-gyzlara iň köp zorluk edýänler bolup durýarlar;

↪ 1.6%-i çagalykda (15 ýaşdan kiçi) jynsy zorluga duçar bolupdyr;

↪ Oba ýerlerinde adamsy/ýoldaşy tarapyndan fiziki zorluga sezewar edilýänler 10.7%, şäher ýerlerinde 12%;

↪ Şäherlerde ýaşaýan aýal-gyzlar bilen deňeşdireniňde (35.5%), obalardakylar çäklendirmelere (45.7%) has köp duçar bolýarlar.

Türkmenistanda öýdäki zorlugy başdan geçirýän aýal-gyzlaryň aglabasy köplenç bu barada hiç kime dil ýarmaýarlar. Interwýu alnan aýal-gyzlaryň diňe 36.8%-i öz başdan geçirenlerini başga birleri bilen paýlaşypdyr. Köp halatlarda adamyň/ýoldaşyň zorluk etmegi bir gezek bolup geçýän zat däl-de, gaýtalanyp durýan hadysa bolýar. Adamsy/ýoldaşy tarapyndan bir gezek zulum edilen aýalyň muňa ýene duçar bolma ähtimallygy uludyr.

Çagalar biziň gelejegimiz

Synyň netijelerine görä, adamsy/ýoldaşy fiziki zorluga baş goşýan maşgalalarda çagalar aýallara el galdyrylmagyna şaýat bolýarlar. Şeýle maşgalalaryň 25%-inde çagalar azyndan bir gezek el galdyrma şaýat bolupdyrlar.

Biziň analizlerimiz we soraglarymyz

Bellenilip geçilmeýär

Hasabatda gaýyn eneleriň gelinlerine edýän zorlugy barada bellenilip geçilmeýär. Bu jemgyýetimizde zulumyň kök uran görnüşi bolup, "gowy gelin gaýyn enä boýun bolmaly" diýen zyýanly däp bilen aklanylýar.

Birahat ediji

Hasabat türkmen jemgyýetinde giňden ýaýran ynançlara ters gelýär ("Türkmenler parahat millet," "Türkmen maşgalalary bagtly we agzybir ýaşaýarlar," "Türkmen hojalyklarynda zorluk ýok sebäbi biz ata-babalarymyzyň edep-kadalaryna eýerýäris" we ş.m.). Şonuň üçin hasabat okyjyny birahat edýär we zorlugyň jemgyýete hem-de geljekki nesillere ýetirýän täsiri barada oýlandyrýar. Syna görä, Türkmenistanda ýiti fiziki zorluk orta derejeli zorlukdan has ýygy bolup geçýär.

"Maşgalaň işine gatyşmasynlar! Gatyşsalar maşgala dargar".

Hasabatda paradoks bar: Onda aýal-gyzlara garşy zorlugyň galapyn maşgalanyň içinde maşgala agzalary tarapyndan edilýändigi bellenilýär. Emma welin, ýurduň köp böleginde zorluga duçar bolýan aýallara kömek edýän edaralar we hyzmatlar elýeter däl. Galyberse-de, halk içinde "eger polisiýa ýa-da başga bir edara maşgalanyň işine garyşsa, maşgala dargar" diýen düşünje bar. Türkmen medeniýetinde maşgalanyň abraýyny saklamak üçin, maşgalada döreýän meseleleriň maşgaladan daşary çykarylman çözülmelidigine hem berk ynanylýar. Şeýle düşünjeleriňdir kadalaryň ählisi pidalara sessiz çekip-çydamakdan başga çäre goýmaýar. Hasabat bu barada maglumat bermeýär.

Men nämä gözegçilik etmeli?

Bu hasabatyň netijeleri barada ilata habar berlermi ýa-da ol kitap tekjelerinde unudylyp galarmy? Bu soraga jogap tapmak üçin sen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, UNFPA-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistandaky Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň türkmen we rus dillerinde öýdäki zorluga degişli bilim we habardarlyk maksatly paýlaşjak ýa-da paýlaşmajak materiallarydyr neşirlerine gözegçilik etmeli.

Sen hasabaty okap gördüňmi? Hasabat barada näme pikir edýärsiň?

Makalanyň Iňlis görnüşi