TÜRKMENISTANDA AÝALLARA EDILÝÄN ZORLUK: GÜRRÜŇDEŞLIGE WAGT BOLDY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tkm ayallara zorlukAýallara zorluk lukmanyň gözi bilen

Türkmen jemgyýetinde köp ýyllardan bäri jynsy deňsizlik, aýallara edilýän zorluk barada aýtma ýerliksiz hasaplanýardy. Çünki "ýat maşgalanyň ýaşaýşyna gatyşmak", "är-aýalyň arasyna düşmek" biziň milli düşünjelerimize deň gelmeýän hereket hasaplanýar.

"Aýaly başdan, çagany ýaşdan" diýen ýaýran milli "gönükdirme" bolsa, maşgalabaşy erkek adamlara aýallaryny "terbiýeläp", dürli zorluga duçar etmäge mümkinçilik berýär.

"Türkmenistanda aýallaryň saglygy we maşgaladaky statusy" ady bilen milli saýlama hasabat-synynyň taýynlanmagy, aýallaryň maşgaladaky ýagdaýy, ýakyn adamlary tarapyndan olara edilýän zorlugyň dürli görnüşleri barada maglumat bilen tanyşmaga we seljerme bermäge mümkinçilik döretdi. Hasabat-syn 2020-nji ýylda BMG-nyň ilat gaznasynyň tehniki goldawy, Türkmenistanyň hökümetiniň maliýe goldawy hem-de beýleki halkara guramalaryň (UNFPA, Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistandaky Beýik Britaniýanyň ilçihanasy), şol sanda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň goldawy bilen geçirildi.

Meň pikirimçe, bu sanawa gatnaşmak we netijeli iş çärelerini işläp ýola goýmak maksady bilen Içeri işler Ministrliginiň degişli bölümleri we Aýallar guramasy goşulsa hem has peýdaly bolardy.

Nämeler aýan?

Elbetde, şunuň ýaly syn-hasabatyň birinji gezek, saýlama geçirilmegi sanlaryň has takyk däl-de, otnositel görkezijilere deň bolmagyna getirip biler. Hasabatda görkezilşi ýaly, anketirlenmä Aşgabat şäherinden we 5 welaýatdan jemi 2961 aýal maşgala gatnaşypdyr. Olardan:

↪ 12% (aýallaryň her 8-si) fiziki we seksual zorluga;

↪ 10,6% – psihiki zorluga;

↪ 13,3% – maddy taýdan çäklendirmä sezewar bolandyklaryny aýdýarlar.

Hasabatda fiziki zorluk netijesinde ýeňil şikeslenme bilen deňeşdirlende aýallaryň aglaba böleginiň agyr şikeslenmelere duçar bolandygy bellenilýär.

Aýallar bilen işlenilip, olaryň durmuşlary bilen tanyş bolanyňda üns bermeli aýratynlygy duýýarsyň: maşgala bütewliligini, agzybirligi saklamak maksadynyň mizemezligi, olara edilýän sütemi aňşyrmazlyga ýa-da ony hasap etmezlige itergi berýär. Biziň milli garaýyşlarymyz, türkmen aýalyna maşgalada bildirilýän talaplar zorlugy durmuşynyň bir bölegi ýaly kabul edilmegine boýun edýär.

Şol sebäpden hem, öýde oturan, ýörite bilimi bolmadyk türkmen aýalyna adamsynyň itip göýbermegi ýa-da zat aýlap salmagy, bir gezek aýagyna ýumrugy bilen urmagy (gan akyp ýara salnanok, ölen ýok) fiziki zorlugyň (eşden sözi däl) elementleri däl-de, adaty türkmen erkeginiň häsiýeti ýaly kabul ediler. Onuň mertebesiniň peseldilmegi, garyndaşlaryna aýdylýan paýyş sözler, her gezek ýüzlenmede "ejesiniň erbetlikde ýatlanmagy" ýüregine batsa hem, psihiki basyş höküminde däl-de, ýoldaşynyň igenmesi ýaly kabul ediler.

Türkmen maşgalasynda maşgala agzalarynyň (has hem gelin-adamsy-gaýny gatnaşyklary) biri-birine bildirýän emosional zorluklary psihiki basyş höküminde garalmaýar. Aslynda biziň jemgyýetimizde, adam diňe tenden ybarat ýaly, adamynyň psihiki-emosional ýagdaýyna üns berilmeýär. Eger şu aýratynlyklar bolmadyk bolsa, ýokarda alnan sanlar has hem ýokary bolardymyka diýip pikir edýärin.

Göwrelilik döwri – aýratyn döwür

Göwrelilik döwri sorag edilen aýallaryň 22%-i zorluga duçar bolandyklaryny belleýärler.

Göwrelilik döwri aýal uly gormonal üýtgemeleri geçirip, beden we psihiki özgerişlere sezewar bolýar. Doly işläp bilmezlik ýagdaýy, maddy taýdan çäklilik, bejergi üçin derman serişdeleriň, peýdaly iýmitlenmäniň talap edilmegi göwreli aýaly aýratyn kyn ýagdaýa salýar.

Göwrelilik döwri maşgalada öz borçlaryny doly ýerine ýetirip bilmezlik ýagdaýy, pul çykdaýjylarynyň bolmagy, jynsy gatnaşyklarynyň wagtlaýyn çäklendirmeleri aýalyň psihiki we maddy taýdan zorlugy başyndan geçirmeginiň sebäbi bolýar.

Bellenilip geçilen ýagdaýlar tapawutlandyrylyp, göwrelilik döwrüne degişli soraglar has anyk berlende, alnan netijeden ýokary tapawutly san alnardymyka diýip hasaplaýaryn.

Ýene kim zulumçy?

Hasabatda aýallaryň arasynda ýoldaşlaryndan soň sütem ediji höküminde enelerini bellänler hem bar. Olaryň sany az bolsa-da, meni bu fakt geň galdyrdy. Megerem bu çylşyrymly gatnaşykly maşgalalara ýa-da agyr häsiýetli eneli maşgalalara degişlidir. Aýallaryň çagalyk döwründe kakasy we täze düşen maşgalasynda gaýyn enesi tarapyndan edilýän zorlugy bellemändikleri hem geň galdyrýar. Belki, bu soragnamada anyk goýlan däldir. Çünki hasabatda aýallaryň diňe 1,9%-i başga maşgala agzalary tarapyndan zorluga duçar edilendiklerini belleýärler. Aýallar, has hem ýaş gelinler bilen gürrüňdeşlikde gaýyn eneleri tarapyndan edilýän psihiki we maddy zorlugy kesgitläp bolýar. Bu ýagdaý göwrelilik döwri we oba ýerinde ýaşaýanlar üçin has hem mahsusdyr.

Milli hasabat nämeleri üýtgedip biler?

Aýallaryň diňe 36,8%-i gören zorlugy barada başgalar (ene-atasy, adamsynyň garyndaşlary) bilen paýlaşandyklaryny belleýärler.

Şunuň ýaly wajyp meselede diňe paýlaşmak ýeterlik däldir. Aýal-gyzlara netijeli kömegiň yzygiderliligini üpjün etmek wajypdyr.

Hasabatda hukuk goraýjy, sosial taýdan üpjünçilik, jemgyýetçilik edaralary tarapyndan geçirilmeli çäreler toplumy hödürlenýär. Bu hasabat-syn okalyp goýulman, onuň ilkinji gezek aýdyňlaşdyran meseleleri wagtynda çözulse gowy bolardy.

Hakykatdan hem:

↪ Zorluga duçar bolan aýaly kanun boýunça gorajak düzgünler işledilse;

↪ Şeýle ýagdaýa düşen aýallar we çagalary üçin gaçybatalgalar döredilse we olar babatda habardar edilse;

↪ Aýallar bilen işleýän hünärmenler (lukmanlar, sosial üpjünçilik we jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri) üçin zorluga sezewar bolan aýallara kömek bermegiň algoritmi, iş protokollary düzülse we tanyşdyrylsa;

↪ Sosial ýagdaýy pes statusly maşgalalardaky aýallaryň ýagdaýyna üns berilse bu meseläniň çözgüdini ýeňilleşdirip bolar.

Esasan hem, her aýal-gyz ýaşlykdan maşgaladaky zorlugyň alamatlaryndan habarly bolup, özüni goramagyň usullaryny bilse, her ýetginjek oglan bolsa ejize, aýal maşgala ezýet salmagyň erkege mahsus batyrlyk däldigini bilmelidir. Şeýle terbiýäni bolsa maşgala bilen mekdep bermelidir.

Şöhle Myradowa, maşgala lukmany

Okyjylardan gelýän ýazgylar asyl nusgasynda çap edilýär. Gerek ýerinde, aýdyňlyk üçin grammatik we orfografik düzedişler girizilýär. Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.