OKYJYDAN: GYZ TERBIÝESINDE DÖWREBAPLYK GÖZ ÖŇÜNDE TUTULMALYMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

dowrebap gyz terbiyesiTürkmen maşgalasynda gyzy terbiýelemegiň düzgünleri we aýratynlyklary öz gözbaşyny ata-babalarymyzyň terbiýeçilik nesihatlaryndan alyp gaýdýar.

Her türkmen maşgalasynda gyz çaga başga biriniň törüne geçmeli geljekki gelin, soň ene, maşgala ojagyny goraýjy öý bikesi hökmünde seredilýär. Gyza berilýän terbiýe hem şoňa kybapdaş bolýar: öý-hojalygy arassa saklamak we dogry ýola goýmak, nahar bişirmegi we tikin-çatyn etmegi öwrenmek, baran ýeriň bilen bolup, "onuň ody bilen girip, küli bilen çykmak", adamyň we onuň maşgalasynyň pikirlerini oňlamak... Göräýmäge işeňňir we hemme maşgalanyň göwnünden turýan gelin bagtly bolmaly. Adamsy ony elinde götermeli we eklemeli, maddy taýdan hiç zada zar etmeli däl. Adamsynyň maşgalasy bolsa oňa hormat goýup, deňhukukly maşgala agzasy hökmünde garamaly.

Döwrüň we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, gender (jynslaryň) gatnaşyklarynyň üýtgemegi, ykdysady krizisler, elbetde, maşgala gatnaşyklarynyň hem üýtgemegine getirdi. Işsizlik, işçi migrasiýanyň ösmegi ýaly ykdysady krizisleriň netijesi aýaldan hem bu gün jogapkärli çözgütleri kabul etmek, hünär öwrenmek, döwrebap hünärlerden baş alyp çykmak talap edýär. Galyberse-de, döwürdeş erkek adamlar hem indi öz gapdalynda özüni sylaýan we öz bedenine üns berýän, giň dünýägaraýyşly, özpikirli we gyzyklanmalary bolan zenany görmegi isleýärler.

Eýsem, döwürdeş türkmen gyzlarynda haýsy täze häsiýetleri terbiýelemek olaryň geljegi üçin peýdaly bolarka?

Bilim almaga, hünär öwrenmäge höwesli bolmak – bu olara maddy garaşsyzlygy üpjün eder, dünýägaraýyşlaryny giňelder we baýadar, jemgyýetde öz pikirini açyk mälim etmäge mümkinçilik döreder;

Beden we ruhy saglygyňa ünsli bolmak – beden saglygyny we ruhy gözelligi saklamagy başarmak, öz teniňe seretmek, öz içki duýgularyňy öwrenmek we olary bildirmekden gorkmazlyk;

Öz seksuallygyňy öwrenmek – öz seksual hyjuwyňa erk etmegi öwrenmek, jynsy gatnaşyklar bilen bagly jogapkärçilik, jynsy zorluk babatda habarly bolmak;

Özüňe we öz güýjüňe ynamlylyk – kynçylyklary ýeňip geçmek, öz pikiriňi goramak, täzeliklere bolan ymtylyş;

Paýhaslylyk we ugurtapyjylyk – dürli ýagdaýlarda anyk we dogry çykalga tapmagy başarmak, paýhasly pikirlenmegi başarmak;

Söýmegi we söýgüni kabul etmegi öwrenmek;

↪ Päkgöwünlilik we kömek bermek häsiýeti – ýakynlaryňa, ejize, mätäçlere kömek bermek, başgalaryň aladasyny etmek.

Belki-de, gyzlaryň şeýle döwrebap terbiýesiniň olaryň maşgaladaky enelik obrazyny ýoýjagyndan gorkýanlar hem bolar. Bilimli, jemgyýetde öz ornuny tapan aýallaryň çagalaryna hem döwrebap we dogry terbiýe, ýoldaşlaryna bolsa hakyky goldaw berip, olary şahsy ösüşlere ruhlandyrjakdyklaryny ýatda saklamalydyrys. Özüne ynamly we bilimli aýal, öz iş ýerinde hem tertipliligi we ösüşlere ymtylmagy bilen jemgyýetçilik ösüşine öz saldamly goşandyny goşup biler.

Selbi

***************

Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Okyjylardan gelýän ýazgylar asyl nusgasynda çap edilýär. Gerek ýerinde, aýdyňlyk üçin grammatik we orfografik düzedişler girizilýär.

Gadyrly okyjy, biz seni fiziki, psihiki, emosional saglygyňa täsir edýän islendik tema boýunça synlaryňy, soraglaryňy we pikirleriňi paýlaşmaga çagyrýarys. Biz her bir okyjynyň pikirleriniň bütin jemgyýet üçin gymmatlydygyna we meselelere çözgüt gözlemekde derwaýysdygyna ynanýarys.

Seniň hem şahs, maşgala, jemgyýet ýa-da daşky gurşaw saglygyna degişli paýlaşmak isleýän pikirleriňdir garaýyşlaryň bar bolsa, aşaky ýollar arkaly bize ýollap bilersiň:

Email: This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it.

Instagram: @Saglykgram

Twitter: @Saglyk