DOKTORJAN GOWY RESEPT ÝAZYP BERDI! ÝA-DA RESEPT ÝAZYLMAGYNYŇ ÝENE BIR SEBÄBI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (28 Ses)

Farmasewtik pudagy bäsleşigi talap edýän pudak bolup, onuň işiniň şowlulygy dermanlaryň satuwyna we her dermänyň mahabatlandyrylmagynyň ugrunda geçirilýän işlere garaşly bolup durýar. Täze dermany işläp tapmak, öwrenmek uçin we ony bazarlara ýetirmek uçin millionlarçe dollar harç edilýär.

Farmasewtik şereketiňiň derman serişdelerini mahabatlandyrýan wekiliniň dermanlaryň söwdasyny alyp barmakda tutýan orny ulydyr. Wekiller lukmanlara dermanlaryň gowy we ýaramaz täsiri barada habarly bolmagyna, düşünmegine, dogry maglumat ýetirilmegine jogapkär bolup durýarlar. Şunuň ýaly çemeleşmä iňlisçe "ethical promotion", ýagny "etikanyň (ahlak) kadalaryny eýerip mahabatlandyryş işleri alyp barmaklyk" diýilýär. (Wright & Lundstrom, 2004)

Käbir adamlar farmasewtik şereketleriniň lukmanlar bilen alyp barýan işleri, olara berýän sowgatlary, geçirýän tölegleri näsag üçin zerur bolmadyk derman berilmegine, dermannama (resept) ýazylmagyna getirýär diýip hasaplaýarlar. Derman serişdelerini öndürýän şereketleriň özlerini şeýle alyp barmagy lukmanlaryň işine, lukmanlaryň we näsaglaryň aragatnaşygyna hakykatdan hem täsirini ýetirýärmikä?

Tejribeler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda (ABŞ) 1974-nji ýylda geçirilen Senat diňlenşiginiň taryhy ýazgylaryna göra, lukman näsaglara naçe köp resept ýazyp berdigiçe, şoňa görä bal toplap, olary öz öý hojalygyna gerek zatlara (reňkli telewizor, el sagatlary, mikrotolkunly peçleri we başgada öý hojalygynda ulanylýan enjamlar) çalşyp bilmäge hukukly bolupdyr.

Şunuň ýaly diňlenşiklere we netijelere garşy göreşme Demokrat Senatory Edward Kennedinyň syýasy kampaniýasynyň bir bölegi bolup durýardy. Onuň 1950-nji ýyllarda başlan kampaniýasy, giňden ýaýran lukman-farmasewtik şereketler aragatnaşygyny paş etdi. Soňky onýylykda farmasewtik şereketler ösdüler we güýçlendiler. Bu şereketler lukmanlaryň işine täsir etmek maksady bilen has köp maliýe şerişdelerini harç edip, işlerinde täze usullary ulanyp başladylar.

1990-nji ýylarda derman öndürýän we ýaýradýan bazarlar giňedi we depginli ösdi. Bu döwür şereketiň wekilleri bolup işleýän (köplenç öň lukman bolup işlänler) adamlar we olaryň işi uçin şowly ýyllar boldy diýip hasaplanýar. Wekiller dermanlary mahabatlandyrma maksady bilen, şereketleriniň girdeýjisini, öz aýlyklaryny ýokarlandyrmak uçin dürli, netijeli mahabatlandyryş usullary ulanyp, lukmanlara dermanlary mugt paýlapdylar.

Şereketleriň öňki wekilleriniň aýtmagyna görä, lukmanlary nahara we çaýa çagyrmak – günorta nahara, süýjüli nygmatlar bilen çaý, kofe içmäge çagyrmak iň ýorgünli strategiýa ugurlary hasaplanýardy. Lukmanlara berilýän sowgatlar bir näçe görnüşde bolup bilerdiler – ruçka, şerap sowgadyndan başlap, tä birnäçe muň dollarlyk "bilimini ýokarlandyrmak uçin niýetlenen grantlar (maliýe kömegi)" görnüşünde. Şunuň ýaly tejribeleri hiç hili kanunlar we kadalar gadagan edip bilmezdiler.

Ýöne wagtyň geçmegi bilen şunuň ýaly tejribeler käbir lukmanlar tarapyndan, prokuratura edarasy we köpçülikleýin habar beriş şerişdeleri tarapyndan bellenilip, ýazgarylyp başlanyldy. Bu özgertme birnäçe hünärmenlik kadalaryň, farmasewtik industriýanyň işini düzgünleşdirýän kanunlaryň kabul edilmegine getirdi. Käbir ştatlarda lukmanlary pul berip höweslendirmek gadagan edildi. Synçylaryň bellemegine görä, bu ädimler lukman-farmasewtik şereketleriň aragatnaşygyny, medeniýetini üýtgetdi. Muňa garamazdan, şereketler lukmanlaryň köpçülik bilen alyp barýan işini, maslahatlaryny, geçirýän düşündiriş gürrüňdeşliklerini sebäpläp töleg geçirýärdiler ýa-da olaryň alyp barýan lukmançylyk barlag işlerini maliýeleşdirip bilýärdiler.

Harward Medical School guramanyň geçiren barlaglaryna görä, 2009-nji ýylda soralan lukmanlaryň 84%-i özleriniň farmasewtik şereketleri bilen aragatnaşykda bolandyklaryny boýun aldylar. Synçylaryň bellemegine görä, lukmanlaryň köp bölegi farmasewtik şereketlerinden sowgat alýarlar.

Şunuň ýaly tejribeleriň tarapdarlary, wekilleriň hereketleriniň etika we kanuna laýykdygyny nygtaýarlar. "Täze, iň gowy, netijeli dermanlaryň mätaç bolan adamlara ýetmegine ýardam berýär" diýip hasaplaýarlar. "Sowgatlar lukmanyň gelýän kararyna, näsaga belleýän bejergisine hiç hili täsir edenok" diýen pikiri öňe sürýärler we "Şunuň ýaly kampaniýalar şereketleriň peýdaly işine görüpçilikden gurnalýan, garalamak kampaniýasy" diýip belleýärler.

Üç sany amerikan ýkdysadyýetçisiniň geçiren derňewlerine görä, derman şereketlerinden "sowgat" kabul edýän lukmanyň resept ýazmak ähtimallygy, olar bilen hiç hili aragatnaşyk saklamaýan lukmanlar bilen deňeşdirlende iki esse köpdür.

Barlaglarda 330.000 sany lukmanlardan we 12 sany derman şereketlerinden alnan maglumatlar ulanyldy we şolardan lukmanlaryň 58%-i şereketlerden "sowgat" alandyklaryny bellediler. Barlaglaryň netijesine görä, lukmanlara berlen sowgatlar we tölegler lukmana haýsyda bolsa bir dermany öwrenmäge mümkinçilik döretmezden, maliýe taýdan goldaw, ýagny lukmanlaryň esasy höweslendiriji faktory bolup durýar.

Käbir bilermenleriň bellemegine görä, berilýän höweslendiriji pullar, sowgatlar sebäpli lukmanlaryň näsagyň öňündäki lukmançylyk borçlary şereketleriň öňündäki borçlar bilen çalşylýar. Şunuň ýaly ýagdaý "ilki dermanlar" garaýşynyň, düşünjesiniň ýaýramagyna itergi berýär. Netijede, lukman iki gezek pikirlenmän, dermansyz bejeriş usullary äsgermän ýa-da göz öňüne tutman, näsaga dermanama ýazýar. Sunuň ýaly tejribeleriň, ýagdaýlaryň ornaşmagy ABŞ-da we başga ösen ýurtlarda dermanlaryň ýaýrap, zerursyz we köp mukdarda ulanylmagyna getirdi.
Türkmenistanda hem farmasewtik şereketleriň wekilleriniň iş alyp bärýandyklary barada eşidip bolýar. Siz olaryň işlerine nähili garaýarsyňyz?

Ulanylan çeşmeler ( 1 / 2 ) we barlaglar