Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (11 Ses)

Men awtobusda barýakam, yzda oturan ýetginjek oglanlaryň özara gürrüňleri ünsümi çekipdi. Olar diňe meni däl, barýan ýolagçylaryň köpüsini diň salmaga mejbur etdiler. Özara başdan geçirilen wakany täzeden seljerýän oglanlar, gülşüp, wakanyň bir gahrymanyny makullasalar, başga ýoldaşlarynyň hereketleriniň üstünden gülýärdiler. Her sözlemiň soňy uzyn paýyş sözlerden düzülen düzümler bilen tamamlanýardy. Biri-biri bilen paýyş sözleri aýtmakda ýaryşýan ýaly, gaýtalanmaýan gelşiksiz sözler bu oglanlaryň agzyndan çykyp durdy, çykyp durdy...

Biziň özara gürrüňdeşliklerimizi, pikirlerimizi beýan etmelerimize paýyş sözleriň berk ornaşandygy barada siz pikir edýärsiňizmi? Ol biziň döwrümizde diňe bir erkek adamlaryň ýaramaz endigi bolman, eýsem aýal maşgalalaryň, hatda mekdep okuwçylarynyň hem endikli gylygyna öwrüldi. Öz hünäriniň aýratynlyklaryna (öňler işçiler köp sögünýär diýip hasaplanylýardy), bilimlilik derejesine we ýaşyna bagly bolmazdan, adamzadyň iň möhüm gymmatlyklaryny harlaýan paýyş sözleri ulanma tutuş bir epidemiýa öwrüldi. Ol biziň baý, gadymy dilimizi garyplaşdyrýar, ony kemsidýär. Biziň bolsa jemgyýetçilik medeniýetimizi peseldip, özara gatnaşyklarymyzyň "süýjüliginiň", emosional öwüşginliliginiň ýitmeginiň sebäbi bolup durýar.

Eger bu şeýle bolup durýan bolsa, onda,

Adamlar näme üçin paýyş sözleri ulanýarlar? Bu biziň medeniýetimiziň peselendiginiň ýa-da dil garyplygynyň öwezini doldurma synanşygynyň nyşanymy? Belki-de, käbir adamlar üçin bu sözler duýgularyny äşgär etmegiň usuly bolup hyzmat edýändir?

Şu günki jemgyýetçilik gatnaşyklaryň bu möhüm meselesi barada siz bilen pikir alyşma islegi we haýyşy bilen JAHAN.