POLIOMIÝELIT: GEÇMIŞDE GALAN KESELMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (16 Ses)

1988-nji ýyldan bäri dünýäde poliomiýelit keseline duçar bolýan adamlaryň sany 99% azalyp (ondan öňki ýyllarda 350 000 adam ysmaz keseline ýolugýardy), 2013-nji ýylda bu kesele 406 adam duçar boldy. Kesele ýolugýan adamlaryň sanynyň peselmegine halkara guramalaryň, häkimiýetleriň global derejede bilelikde alyp barýan tagallalary sebäp bolýar. Howply kesel bolan poliomiýelit entek doly ýok edilenok.

Nigeriýa, Pakistan we Owganystan ýaly ýurtlarda poliomiýelidiň ýaýramagy entegem dowam edýär. Bu ýurtlar syýasy hopwsuzlyk ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy, kämilsiz saglygy goraýyş ulgamy, pes derejedäki sanitariýa ýaly birnäçe meseller bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Poliomiýelidiň wirusy şu ýurtlardan başga ýurtlara, esasan hem öňüni alyş sanjymlary geçirmek çäreleri ýeterlik alnyp barylmaýan ýurtlara ýaýrap, çagalaryň arasynda keselçilik döredýärler.

Giň gerimli işleriň edilendigine garamazdan, hatda dünýäde keseliň wirusy ýokuşan ýekeje çaganyň galmagy hem, başga ýurtlardaky çagalara uly howp salýp bilýär. Poliomiýelit – wirus arkaly döreýän kesel. Kesel howa, hapalanan azyk önümleri we suw arkaly ýaýraýar. Has köp duş gelýän wagty tomus-güýz (awgust-oktýabr) aýlarydyr. Poliomiýelidiň wirusy ilki agza, ondan bolsa dem alyş ýa-da iýmit siňdiriş ýollary arkaly (iýmitden geçen bolsa) oňurga we kelle ýiligine düşýär we nerw süýümlerini zaýalap, ysmaz ýagdaýyna ýolukdyrýar.

Poliomiýelitden doly saplanan ýurda wirus getirilip, keseliň öňüni alyş sanjymlary almadyk köpçüligiň arasynda çalt ýaýrap bilýär. Adatça poliomiýelit bilen 5 ýaşdan kiçi bolan çagalar keselleýärler. Her iki ýüz näsagyň birinde bejerip bolunmaýan aýak myşsalarynyň ysmazy döreýär. Ysmaz bolan näsaglaryň arasynda diafragmanyň (iň uly dem alyş myşsasy) ysmazyna ýolugyp, ölüme sezewar bolanlaryň sany 5-10%-e deň bolup durýandyr.

Poliomiýelit keselini bejerip bolanok. Bu kesele garşy ýeke-täk netijeli serişde – poliomiýelite garşy öňüni alyş sanjymlary almakdyr. Poliomiýelity doly ýok etmek üçin her çaga onuň döremeginiň öňüni alýan sanjymlary geçirmek wajypdyr.

Türkmenistanda sanjymlar ýörite kabul edilen meýilnama boýunça, çaga dogulandan soň, ol 2-3 günlükkä edilip başlanýär. Soň gaýtadan çaga 2 aýlykda, 3 aýlykda, 4 aýlykda, 18 aýlykda kabul etdirilýär. Daş-töweregimizde adatdan daşary howply ýagdaýlar dörände, ýaz-güýz aýlary, goşmaça möwsümleýin sanjym geçirilýär.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2