MIOKARDIT: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY, BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.69 (16 Ses)

Miokardit – ýüregiň myşsa gatlagynyň dürli sebäplere görä alawlama hadysasy bilen häsiýetlendirilýän kesel bolup, köplenç guragyry keseli, ýokançlyklaryň we allergiki täsirliligiň netijesinde ýüze çykýandyr.

Miokarditler alamatlary boýunça kesgitlenmegi kyn bolan we ýygylygy anyk bilinmeýän, her ýaşdaky adamlarda ýüze çykyp bilýän keselleriň biridir. Ýüregiň myşsa gatlagynyň alawlama alamatlary 4-9 % ýagdaýlarda jesediň ýagdaýy kesgitlenende anyklanylýar. Ýiti miokarditden näsaglaryň 1-den 7-i % ýogalýan bolsa, 17-21% ýagdaýlarda ol ýaş adamlaryň duýdansyz ölüminiň sebäbi bolýar.

Miokardit dürli ýaşdaky adamlarda duş gelip bilýän hem bolsa, ol köplenç 30-40 ýaş aralygynda bolan ýaş adamlarda kesgitlenýär. Erkek adamlar aýallardan has seýrek keselleýän bolsalar hem, olarda keseliň agyr görnüşleri ýüze çykyp bilýändir.

Keseliň sebäpleri

1. Ýokançlyklar – wiruslar (Koksaki wirusy, dümew, adenowirus, uçuk, B we C gepatitler), bakteriýalar (stafilokok, streptokok, salmonella, hlamidiýa, täjihoraz taýajygy), kömelekler (aspergilly, kandida), mugthorlar (trihinella, ehinokok) bu keseliň döremeginiň esasy sebäpleri bolýarlar. Täjihoraz, gyzylja ýokanç keselleri, sepsis miokarditiň agyr görnüşlerine getirip biler. 50% ýagdaýlarda miokarditi wiruslar döredýärler.

2. Dermanlar – Dürli kesellerde ulanylýan käbir derman serişdeleri (neşe serişdeleri, emetin, doksorubisin, sulfanamidler, izoniazid, metildopa, amfoterisin-B, tetrasiklin, fenilbutazon, litiý, 5-florurasil, fenotiazinler, interferon-alfa, trisikliki antidepressanlar, siklofosfamidler) hem ýüregiň myşsasynyň öýjüklerine zäherleýji täsirini ýetirip, miokarditleriň döremeginiň sebäbi bolup biler.

3. Ulgamlaýyn keseller – birleşdiriji dokumanyň ulgamlaýyn kesellerine degişli gyzyl wolçanka, guragyry, guragyryly artrit hem ýürek gatlaklarynyň üýtgemegine sebäp bolup bilýändir.

4. Zäherli maddalar – kömürturşy gazy, etil spirti, gurşun we baş.

5. Radiasiýa şöhlelenmäniň täsiri.

6. Keseliň sebäbini ýüze çykaryp bolmaýan (idiopatiki) ýagdaýlar hem duş gelýär.

Keseliň alamatlary

Miokarditiň ýüze çykyş alamatlary zeperlenme häsiýete we alawlama hadysasynyň ýaýrama derejesine bagly bolup durýandyr. Guragyry keseli netijesinde döreýän görnüşden tapawutlylykda, ýokançlyklaryň täsiri bilen döreýän miokardit ýokanç kesel bilen utgaşykda ýa-da onuň yzysüre ýüze çykýar. Keseliň başlangyjy alamatlaryň azlygy bilen häsiýetlenip biler.

Näsaglary ysgynsyzlyk, ýadawlylyk, fiziki işjeňlikde demiň gysmagy, ýüregagyrylar, ýürek urmalaryň bozulmagy, bogunlarda döreýän agyrylar biynjalyk edip biler. Beden temperaturasy 370C biraz ýokary ýa-da kadaly bolup biler. Ýüregiň göwrüminiň ulalmagy, gan basyşyň peselmegi we gan aýlanşygynyň ýetmezçiligi miokardite mahsus alamatlar bolup durýandyr.

Döreýän ýürekiçre geçirijiligiň bozulmagy, zeperlenme derejesiniň uly bolmadyk ýagdaýlarynda hem ýürek urmalaryň kadasyzlygyna (aritmiýa) getirip, ölümçiligiň sebäbi bolup bilýändir. Ondan başga-da, ýürek urmalaryň näsazlygy gan aýlanşygyň bozulmalaryna we ýürek ýetmezçilikleriň alamatlarynyň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler.

Köplenç ýagdaýlarda miokarditde ýokarda bellenip geçilen alamatlaryň aýry-aýrylaryny belläp bolýandyr. Näsaglaryň 1/3 böleginde miokardit az alamatly geçýändir. Wirus ýokançlyklary we ulgamlaýyn keseller netijesinde döreýän miokarditler ýüregiň daşky gatlagynyň alawlama ýagdaýy bilen (perikardit) utgaşykda döreýär. Sebäbi belli bolmadyk, idiopatiki miokarditler bolsa has agyr geçip, ýüregiň göwrüminiň ulalmagyna, ýürek urmalaryň bozulmalaryna we ýürek ýetmezçiligine getirip bilýändir.

Miokarditiň gaýraüzülmeleri

Uzaga çeken miokardit ýürek myşsalaryň birleşdiriji dokuma bilen örtülmegine (kardioskleroz) getirip biler. Ýüregiň işiniň bozulmalary bilen geçýän ýiti miokarditlerde ýürek ýetmezçiligi, ýürek urmalaryň näsazlyklary ýaýbaňlanyp, duýansyz ölümçiligiň sebäbi bolup biler.

Miokarditleriň anyklanylşy

Miokarditleri anyklamakda döreýän kynçylyklar bu ugurda anyklaýyş kesgitlikleri bellemekde hem kynçylyklary döredýär. Ýürek myşsasynda alawlama hadysasyny anyklamaga gönükdirilen çäreler aşakdakylardan ybaratdyr:

► Öýkeniň rentgengrafiýasy – ýüregiň ölçegleriniň ulalmagyny we öýkende durgunlylyk ýagdaýlaryny kesgitlemäge kömek edýär.

► Elektrokardiografiýa (EKG) – ýürek urmalaryň, ýüregiň elektrik geçirijiliginiň näsazlyklaryny kesgitläp, bu EKG-alamatlar diňe miokardit üçin mahsus bolman, olar başga kesellerde hem kesgitlenýändir.

► Ehokardiografiýa – keseliň agyrlyk derejesine görä, ýürek myşsasynyň näsazlyklaryny (ýürek boşluklarynyň giňelmegi, ýüregiň gysyjylyk ukybynyň peselmegi we baş.) anyklaýar.

► Biopsiýa – ýüregiň boşluklaryny zondirleme netijesinde alnan biopsiýa keseliň sebäbini we derejesini öwrenmek üçin gymmatly usul bolup durýar. Emma biopsiýa alnan ýeriň sagdyn, şikessiz ýere gabat gelmek ähtimallygy bolany üçin, diňe 37-40% ýagdaýlarda miokarditi takyk anyklamaga mümkinçilik berýär. Gaýtadan geçirilýän biopsiýa alawlama hadysasynyň ýaýrama we geçiş häsiýetini öwrenmäge mümkinçiligi has ýokarlandyrýandyr.

► Umumy, biohimiki we immunologiki barlaglar – diňe miokardite mahsus alamatlary bermän, globulinleriň ýokarlanmagy, C-reaktiw belogyň döremegi, sial turşylyklaryň ýokarlanmagy we ýürege mahsus fermentleriň işjeňliginiň ýokarlanmagy bilen häsiýetlenýär.

► Magnit-rezonans tomografiýa – ýürek myşsasynda alawlama we çişginlilik hadysalaryny öwrenmäge mümkinçilik berip, onuň anyklaýyş netijeliligi 70-75%-e barabardyr.

Lukman barlagy we anyklaýyş usullarynyň birnäçesiniň utgaşdyrylmagy bilen miokarditi ýüze çykarmak mümkindir.

Bejergi çäreleri

Miokarditiň ýiti ýüze çykmagy bejerginiň keselhana şertlerde fiziki işjeňligiň çäklendirilmegi we düşekde ýatma (4-8 hepde) düzgüniniň berjaý edilmegi bilen geçirilmegini talap edýändir. Bellenen berhiz nahar duzuny we suwuklygy çäklendirmä, beloklara we witaminlere bolsa baýlaşdyrylma gönükdirilen bolmalydyr.

Bejergi çäreleri birnäçe ugur boýunça alnyp barylmalydyr.

Bejerginiň esasy bölegi bedendäki ýokançlyklara garşy gönükdirilen bolmalydyr. Antibiotik serişdeler ýokançlyk ýüze çykarylyp, olara antibiotikleriň duýgurlylygy kesgitlenenden soň bellenmelidir. Wiruslaryň täsiri bilen dörän miokarditler wiruslara garşy serişdeleriň bellenmegini talap edýändir. Wirusly miokarditler esasan hem täze doglan bäbeklerde has ýiti we agyr ýüze çykyp, köplenç ölüm bilen gutarýar. Dürli wiruslardan goraýjy sanjym serişdeleriniň ulanylmaga başlanmagy bilen, wiruslaryň käbirleriniň bäbekde we sanjymlanan uly ýaşlylarda miokarditi döretmek howpuny aradan aýyrdy.

Bejerginiň netijeliligi bedende bar bolan ýokançly ojaklaryň (badam şekilli mäziň sowuklamasy, otit, gaýmorit, diş köküniň, jyns agzalaryň sowulama keselleri) ýok edilmegine hem bagly bolup durýandyr.

Miokarditiň geçişine baglylykda bejergi çäreleri steroid bolmadyk serişdeleri, allergiki täsirliligi aýyrýan serişdeleri, görkezme boýunça glýukokortikoid gormonlary bellemegi hem öz içine alýandyr.

Ondan başga-da, ýürek urmalary, gan basyşy kadalaşdyryjy, ganyň lagtalanmagynyň öňüni alyjy serişdeleri belleme hem geçirilýändir. Miokarditlerde ýürek myşsasynyň alyş-çalyş hadysalaryny gowulandyrmak üçin kaliý duzunyň serişdeleri (panangin, asparkam, kaliý orotaty), riboksin, ATF, kokarboksilaza, witaminler bellenilýär.

Miokarditlerde bejerginiň dowamlylygy keseliň geçiş häsiýetine, sebäbine, gaýraüzülmelere bagly bolup, ortaça 6 aý aralygy, kähalatlarda ondan hem uzak dowamlylygy talap edip biler.