ÝUMURTGALYGYŇ KISTALARY: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY WE BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.37 (19 Ses)

Ýumurtgalygyň kistasy diýip, onuň dokumasynda suwuklygyň ýygnanmagy netijesinde emele gelýän howply bolmadyk döremä aýdylýar. Ýumurtgalygyň kistalary önelgelilik ýaşyndaky aýallaryň arasynda has ýygy duş gelip, 30% ýagdaýlarda ol aýbaşy halkasy kadaly aýallarda duş gelse, 50% halatlarda ony bozulan aýbaşyly aýallarda syn etmek bolýandyr. Aýbaşydan galma döwründe kistalar 6% ýagdaýlarda duş gelýändir.

Köplenç ýagdaýda ýumurtgalygyň wagtlaýyn döreýän bozulmalary netijesinde emele gelýän kista zenan maşgalanyň saglygyna howply bolman biler we onuň bejergisiz hem her aýbaşydan soň kiçelip, ýitmegi mümkindir. Ýumurtgalygyň şeýle görnüşli kistalary funksional ýa-da wagtlaýyn döreýän diýlip atlandyrylýar. Ýöne kistalaryň wagtyň geçmegi bilen ýitmeýän görnüşleri hem bolup, olara organiki kistalar diýilýär.

Ýumurtgalygyň kistalarynyň sebäpleri:

► Gormonal ýagdaýynyň we endokrin ulgamynyň bozulmagy;

► Aýbaşynyn irki ýaşda (11 ýaşdan öň) gelmegi;

► Göwrelilik döwründe düwünçegiň düşmegi we abort etdilmegi;

► Galkan şekilli mäziniň işiniň bozulmagy;

► Jyns ýollarynyň sowuklama we ýokanç keselleri.

Alamatlary:

→ Garnyň aşaky böleginde kütek agyry we garnyň içinde basyşyň hem-de dartgynlygyň ýokary bolmagy;

→ Aýbaşy halkanyň bozulmagy we uzak wagtlaýyn agyrly gelmegi;

→ Beden agramynyň artmagy we içiň ýellenmegi;

→ Jynsy gatnaşykda ýa-da fiziki dartgynlykda garnyň aşaky böleginde üznüksiz, birden ýüze çykýan agyry.

Ýokarda agzalan alamatlardan başga-da, aşakdaky alamatlar goşulanda lukmana tizden-tiz ýüz tutulmagy zerurdyr:

⇒ Beden gyzgynynyň 38-39 С çenli ýokarlanmagy;

⇒ Gowşaklyk we baş aýlanma;

⇒ Ýygy-ýygydan peşew etmek we suwsamak alamaty;

⇒ Ýürek bulanma, gaýtarma;

⇒ Garnyň ulalmagy we öňki diwarynyň dartgynlygy;

⇒ Ýürek urmasynyň çaltlaşmagy;

⇒ Garyn boşlugy ellenende dykyz emele gelmäniň duýulmagy.

Kistalaryň görnüşleri

Follikulýar kista – owulýasiýa bolmadyk, ýagny ýumurtga öýjukleri emele gelmedik ýagdaýynda ýüze çykýar. Köplenç halatlarda gyzjagazlarda jynsy ösüş döwründe gabat gelýär.

Sary bedeniň kistasy – bu ýumurtgalykda ýitip gitmedik sary bedeniň ýerinde emele gelip, gan aýlanşygynyň bozulmagy sebäpli ganly haltajygyň emele gelmegi netijesinde döreýär. Kistanyň ululygy adatça 6-8 sm. uly bolmaýar.

Parowarial kista – ýatgy turbasynyň çözünde, ýumurtgalyga golaý we ýumurtgalygyň goşundylaryndan emele gelýär hem-de ösýär. Ýuka, bir kameraly döreme bolup, 12-20 sm. aralykdaky ululykda bolýandyr.

Dermoid kista – içinde köplenç dürli göşundylary saklaýar: saç, ketirdewik, ýag öýjükleri, süňk dokumasy we dişler. Bu kistanyň daşy dykyz, galyň örtük bilen örtülen bolup, ululygy boýunça 15sm. ýetip bilýändir.

Endometroid kista – ýatgynyň nemli gatlagy bolan endometriýa dokumasynyň ýumurtgalykda ösen ýagdaýlarynda ýüze çykýar. Köplenç bu kistalar iki tarapda hem emele gelip, 4-5 sm.-dan 15-20 sm. çenli ululykda bolýar.

Şeýle hem, kistalaryň seýrek duş gelýän we çylşyrymly gurluşly bolan musinoz, epitelial we germinogen görnüşlerini hem tapawutlandyrýarlar.

Ýumurtgalygyň kistasy indiki usullar bilen anyklanyp bilner:

► Ginekologiki barlagyň kömegi bilen – lukman näsagyň garnynyň aşaky bölegini basanda agyrynyň bardygyna we goşundylaryň ulalandygyna esaslanýar;

► Ultrases barlagy geçirmek;

► Jynshananyň yzky oýunyň punksiýasyny geçirmek;

► Laparoskopiýa, kompýuter tomografiýa barlagy;

► Ganyň we peşewiň umumy derňewi.

Seýle hem, görkezmeler bilen ýatgydan daşary göwreliligi güman etmegi aradan aýyrmak maksady bilen göwreliligi anyklaýan synag (test) hem geçirilýär.

Ýumurtgalygyň kistalarynyň gaýraüzülmeleri:

→ Kistalaryň käbir görnüşleri wagtyň geçmegi bilen howply täze döremelere öwrülip bilýärler. Kistalaryň görnüşini anyklaşdyrmak üçin gistologiki barlagy geçirmek wajypdyr;

→ Kistalaryň ýarylmagy, olaryň "aýajyklarynyň" towlanmagy güýçli agyrlaryň döremegine we peritonitiň ýüze çykmagyna getirip biler;

→ Kistalaryň ýumurtgalygyň işiniň bozulmagy netijesinde döreýänligi sebäpli, köp halatlarda önelgesizlik ýüze çykýandyr.

Ýumurtgalygyň kistalarynyň bejergisi

Kistanyň bejergisi keseliň gaýraüzülmesine we onuň görnüşine bagly bolup, derman serişdesi ýa-da hirurgiki ýol bilen bejerilýär. Köp duş gelýän follikulýar we sary bedeniň kistalary agyz kontrasepsiýasyny (lindinet-30, nowinet, ýarina, regulon, tri-regol we baş.) 2-3 aýyň dowamynda tapgyrlaýyn ulanmak arkaly bejerilýär. Şeýle hem, näsaga witaminler – A, E, B1, B6, K we askorbin turşusy, sowuklama garşy bejergiler bellenilýär. Beden agramy artan halatynda berhiz saklama, bedenterbiye bilen meşgullanma maslahat berilýär. Endokrinolog lukmanyň maslahaty alynýar.

Hirurgiki bejergi esasy usul höküminde organiki gelip çykyşly kistalaryň bejergisinde ulanylýar. Häzirki wagtda ulanylýan laparoskopiki usul sag dokumalaryň şikeslenmegini, gaýraüzülmeleriň döremegini azaltmaga we keselhanada bolmak wagtyny 1-2 güne çenli gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Islendik ýagdaýlarda hem lukmanlar ýumurtgalygy we aýalyň önelgelilik ukybyny saklamaga ymtylýarlar.

Öňüni alyş çareleri:

⇒ Ýüze çykýan aýal keselleriniň we aýbaşy halkasynyň dürli näsazlygynyň wagtynda öňüni almak;

⇒ Abort etdirmelerden gaça durmak;

⇒ Öňüni alyş barlaglary özwagtynda geçmek.

Awtor: Guljan Annaýewa