OTYRÝER NERWINIŇ SOWUKLAMAGY: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

otyryer sowuklamagyOtyrýer nerwiniň (rus. sedalişşnyý nerw) sowuklamagy (işias) – sowuklama hadysasyny we otyrýer nerwiniň gysylmagy bilen häsiýetlendirilýän alamatlar toplumyny düzýändir.

Işias dürli keselleriň gaýraüzülmesi höküminde ýüze çyksa-da, esasan bil-türre osteohondrozynda ýa-da şol ýerde çykýan ingide döräp bilýändir. Esasan bu kesel gartaşan adamlarda we fiziki agramly işlerde işleýän adamlarda ýygy ýüze çykyp bilýär.

Işias göwrelilik döwründe hem ýüze çykyp bilýär. Göwrelilik ýagdaýynyň oňurga agram salmagy, oňurgalaryň biraz üýtgemegine we otyrýer nerwiniň gysylmagyna getirip bilýändir.

Alamatlary

Otyrýer nerwiniň sowuklamasy üçin oňurganyň bil bölüminden ýanbaşa we buduň yzky tarapyndan aşak, injige, dabana ýaýraýan güýçli agyrylar häsiýetlidir. Şeýle hem işias üçin indiki alamatlar mahsusdyr:

↪ Egilmede ýa-da aýaklar epilende döreýän güýçli agyrylar;

↪ Ýaramaz aýagyň hereketiniň çäklendirilmegi;

↪ Beden gyzgynlygynyň birneme ýokarlanmagy;

↪ Aýagyň agyrýan ýeriniň çişmegi we gyzarmagy;

↪ Dowamly ýagdaýda myşsalaryň gowşamagy we inçelmegi.

Bejergisi

Otyrýer nerwiniň sowuklamasynyň bejergisiniň esasy maksady – sowuklama getiren sebäbi anyklap, näsagyň ýagdaýyny ýeňilleşdirmekdir. Ulanylýan derman serişdeleriniň hemmesi agyryny aýyrmaga we alawlama hadysasyny gowşatmaga gönükdirilendir. Ondan başga-da, zeperlenen aýagyň gan aýlanşygyny gowlandyrmaga kömek edýän serişdeler hem ulanylýar.

Gormonal däl sowuklama garşy serişdeler – bu serişdeler sowuklama ýagdaýyny peseldip, agyryny aýyrmaga kömek edýär. Gerdejikler görnüşinde däl-de, sanjym görnüşde tiz netije berýär. Köplenç ketonal, ketorolak, nimesulid, indometasin, ibuprofen, selebreks ýaly derman serişdeler ulanylyp, olar hemişe dermanhanalarda elýeterlidir. Bu serişdeleri ulanmaga garşy görkezmeleri bilmek hem wajypdyr: olary iýmit siňdiriş agzalarynyň başly keselinde, gan basyşynyň ýokarlanmagynda, ganyň lagtalanmagynyň pesliginde, bagryň kesellerinde kabul etmekden saklanmalydyr we derman serişdeleriniň başga görnüşini saýlamalydyr.

Artbujaga salynýan şemler – käbir sebäplere görä sanjym ýa-da gerdejik görnüşli dermanlar ulanylyp bilinmedik ýagdaýynda kabul edilýär. Mysal höküminde woltaren, diklofenak, mowalis ýaly şemleri belläp bolýar. Şemler artbujaga salnanda tiz gan aýlanşyga düşüp, täsirini ýetirmäge ukyplydyr.

Melhem ýaglary (maz) – deriniň üstüne çalynýar we gan damarlaryna basym düşmeýär. Olar sowadyjy we gyzdyryjy häsiýetli bolup, owkalama bejergide hem ulanylýandyr. Mysal höküminde ortofen, butadion, indometasin, mataren plýus melhemleri bellemek bolar. Melhem ýaglary ulanmagyň ýaş kesgitliliginiň bardygyny bilmelidir.

Gel görnüşli melhemler – agyrsyzlandyryjy we sowuklama garşy täsirli bolup, egin-eşikde yz galdyrmaýar. Mysal höküminde bystrumgel, ketonal, naýz, fastumgel, nurofen ýaly serişdeleri bellemek bolar. Gel görnüşli melhemleri sikeslenen derä (sypjyrylan, kesilen)çalmakdan saklanmalydyr.

Krem görnüşli melhemler – mysal höküminde dolgit, ketonal, hondroksid serişdeleri belläp bolar. Sowuklama garşy täsirli melhemlerden başga-da, kekirdewügiň (hondroprotektorlar) iýmitlenmesini gowlandyrýan melhemler hem ulanylýar.

Gormonal (steroid) serişdeler – bu serişdeler ( kenalog, deksametazon, prednizalon , gidrokortizon) agyryny, çişginliligi we sowuklamany aýyrmaga kömek edýär. Ýaramaz täsirleriniň bardygy sebäpli dowamly ulanmadan saklanmalydyr.

Miorelaksantlar – myşsalaryň dartgynlylygyny aýryp, nerwiň gysylmagyny peseldýärler. Mysal höküminde midokalm, baklosan, baklofen serişdelerini belläp bolýar.

Witaminler bilen bejergi – bejeriş täsirliligi alyş-çalyş we gan aýlanşygynyň gowlaşmagy bilen bildirýär. Esasan witamin serişdelerini (milgamma, neýrorubin, neýromultiwit, kompligam) sanjym görnüşde belleýärler.

Fizioterapiýa – beýleki bejeriş çäreleri bilen bilelikde fizioterapewt lukmanyň gözegçiligi astynda bellenilýär.

Otyrýer nerwiniň ýakynyna derman göýbermek (blokada) – başga bejergi usullary kömek etmedik ýagdaýynda agyryny basym aýyrmak üçin ulanylýar. Otyrýer nerwiniň ýanyna, oňurgadaky epidural boşluga derman göýberilýändir. Bu bejergi usuly nerwiň zeperlenme howpunyň ýokarydygy sebäpli diňe taýýarlykly lukman tarapyndan geçirilmelidir. Bu usulyň nerwiň sowuklamasynyň sebäbini aýyrmaýandygyny hem bellemelidir. Oňa garamazdan, gönüden-göni sowuklama ojagyna täsir edilýändigi sebäpli derman serişdeleriniň az mukdarda ulanylmagy onuň artykmaç tarapy bolup durýandyr.

Näsagyň ýaşyna, beden aýratynlyklaryna, keseliň sebäbine we agyrlygyna baglylykda bejergini lukman bellemelidir.