OŇURGARA INGISINIŇ ALAMATLARY WE SEBÄPLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.03 (29 Ses)

Ilkinji adamyň aýagyna galyp ýöräp gitmegi, onuň gelejekki nesillerini oňurga bilen bagly bolan ezýetlere sezewar etdi. Dört aýakly haýwanlarda oňurga keselegine ýerleşip, hemme beden böleklerini deňagramlylykda saklamaga kömek berýändir. Şunuň ýaly oňurga hemme ýaramaz täsirleriň, dartgynlylygyň hötdesinden gelip, uzak wagt şikessiz ýagdaýda hyzmat edýär.

Adamda oňurga sütüniň işini ýerine ýetirip, ýeňillik bilen zeperlenýän beden bölegine öwrüldi. Adamynyň ýaşaýyş ýörelgesi, şertleri ony oňurga şikeslenmelerine sezewar edip bilýär. Statistiki maglumatlara görä, her ikinji adamy arkada ýüze çykýan agyrylar biynjalyk edýär. Oňurgalaryň üýtgemelerinden 50 ýaşa ýeten erkek adamlaryň 80%-i, aýallaryň bolsa 60%-i ejir çekýärler. Alamatlaryň ýüze çykmagy bolsa zähmete ukyply ýaşda (ortaça 35 ýaş) başlap biler.

Oňurga bilen bagly zeperlenmeleriň 25-26%-ni oňurgara ingileri döredýändir.

Neýrohirurgiýa ugry boýunça operatiw bejergileriň takmynan 50%-i oňurgara ingiler sebäpli geçirilýändir. Oňurgara ingiler dürli sebäplere görä döräp biler:

Mysallardan görşümiz ýaly, esasy agram oňurganyň boýun we bil böleklerine düşýär. Şol sebäpli hem bu bölekleriň ingisi has ýygy duş gelýändir. Oňurgara inginiň emele gelşine düşünmek üçin biraz anatomiýany ýatlamak peýdaly bolar.

Oňurgara disk üç düzüjiden ybarat: olary aşakdan we ýokardan ýapýan kekirdewük plastinalary, fibroz halkasy we pulpoz ýadrosy.
Fibroz halkasy goýy görnüşli ýadronyň daşyna aýlanyp, oňurgara diskleriň elastiki örtügi bolup durýandyr. Ol hemme oňurgalary birleşdirip, olaryň arasyndaky hereketlenmäni üpjün edýändir. Fibroz halkasy bütün oňurga sütünini deňagramlylykda saklamaga ýardam berýändir.

Goýy ýa-da pulpoz ýadrosy bolsa fibroblastlardan, hondrositlerden, gialurin turşulygyndan ybarat dury madda bolup, gaty gysylma netijesinde düzümindäki suwy ýitirip, öz görnüşini we göwrümini kiçeldip bilýändir.

Ýadro möhüm işleri amala aşyrýar: ýokarda ýerleşen oňurga direg bolýar, hereketleri amortizirleýji  we fibroz halkasy bilen oňurganyň bedeniň arasynda suw çalşygyny sazlaýjy bolup durýandyr.

Oňurgara diskdäki suwuň mukdary adamyň ýaşyna we meşgullanýan işine baglylykda üýtgäp durýandyr. Beden garradygysaýy, oňurga ýadrosy gysylma ýagdaýda suwuň gerekli mukdaryny saklap bilmeýär. Şol sebäpli disk öz maýyşgaklyk häsiýetinden mahrum bolup, fiziki agramlylygyň täsiri netijesinde basylyp, fibroz halkasy daşyna çykyp başlaýar. Bu ýagdaý lukmançylykda "protruziýa" diýip atlandyrylýar.

Protruziýa netijesinde diskiň ýyrtylmagy, jaýrylmagy bolup geçip, ol nerw uçlarynyň we baglaýjy süýümleriň basylmagyna getirýär. Bu ýagdaý uzaga çekip biler. Ýöne bir oňaýsyz hereket, agyrlygyň göterilmegi, üsgürmek ýa-da asgyrmak  fibroz halkasynyň yzky böleginiň ýyrtylmagyny çaltlaşdyryp biler. Ol  emele gelen inginiň oňurga kanalyndan çykyp, arka-beýni nerwleriň gysylmagyna sebäp bolup biler.

Oňurgara ingiler ýerleşýän ýeri boýunça dürli-dürli bolup bilerler:

Bil bölümiň ingisi esasan 30 ýaşdan uly adamlarda ýüze çykyp biler. Inginiň bu görnüşi hereketsiz  ýaşaýyş düzgünli adamlarda has ýygy döräp bilýändir. Oňurgara diskleriň gan damarlarynyň ýoklugy sebäpli, olara ýokumly maddalar başga bölümlerden siňdirilme (diffuziýa) netijesinde geçýändir. Hereketlenme ýetmezçilik edende, diskiň iýmitlenmegi bozulyp, dürli distrofiki ýagdaýlara, şonuň ýaly-da bil bölümiň oňurgara ingisine getirip biler.

Oňurgara inginiň ýüze çykyş derejelerini we ýerini anyklamakda rentgen, ultrases, kompýuter we magnit-rezonans tomografiýa usullary giňden ulanylýandyr.

Anyklaýyş we bejeriş çäreleri neýrohirurg lukmanyň gözegçiliginde alnyp barylmalydyr.

Lukmanlara belli bolan häzirki zaman bejeriş usullary, hirurgiki  bejergini doly görkezmeler bolanda ulanyp, esasan dürli bejeriş meýilnamalary ulanmaga mümkinçilik berýär.

Bejeriş çäreler toplumy inginiň ululygyna, keseliň alamatlaryna we näsagyň ýaşyna görä düzülmelidir.

Oňurgara ingileriň bejergisi esasan üç ugur boýunça alnyp barylýar.

Ilki şikeslenen ýerdäki agyryny, çişginliligi aýryp, kadaly gan aýlanyşygy dikeltmek möhümdir. Bu maksatlar üçin gerdejik, melhem, gel görnüşde sowuklama garşy we agyrsyzlandyryjy dermanlary, glukokortikoidleri, fizioemleri, owkalama we el (manual bejergi) bilen ýörite hereketler arkaly täsir etme usullary ulanýarlar.

Bejerginiň ikinji tapgyrynda nerw süýümleriniň basylma alamatlaryny aradan aýyrma zerurdyr. Onuň üçin ýatyp dogry dynç alma düzgünleri, oňurgany süýndüirme, ýörite ortopediki düşekleri ulanma, fiziki maşklary saýlama usullary ulanylýar.

Bejerginiň iki tapgyryndan soň, inginiň ululygyna täsir edip, ony kiçeltmäge gönükdirilen çäreleri geçirilýär. Bu maksat üçin ingä ýörite derman serişdelerini goýbermek, dermanlary elektrofarez usuly bilen ulanmak usullary ulanylýar. Olar inginiň kiçelmegine we ýumşamagyna kömek edýärler.

Bejergi usullaryny doly we degerli ulanmak we näsagyň ýagdaýyna, alnan netijelere gözegçilik etmek üçin näsag ýöriteleşdirilen keselhana ýerleşdirilse ýerlikli bolýar.

Oňurgara ingileriň hirurgiki bejergisi oňa aýratyn görkezme bolup, bejeriş usullarynyň kömek etmedik ýagdaýynda bellenilýär:

Hiç zada garamazdan, bejeriş usullaryň netijesiz bolmagy Sizi hirurgiki bejergini saýlamaga mejbur etse, lapyňyzy keç etmäň!

Häzirki zaman usullar ýüze çykyp biljek gaýraüzülmeleri juda azaltmaga ýardam berýändirler.

Operatiw bejergi diňe 10%-den az ýagdaýda doly netijäni bermän biler.

Derňewleriň görkezişine görä, 20%-den az näsaglarda inginiň täzeden döremegi ýüze çykyp biler.

Operasiýadan soňky gaýraüzülmeleri alma töwekgelligi bolsa 3%-den az görkezijä barabardyr.

Ýöriteleşdirilen keselhanada dikeldiş çäreleriň doly geçirilmegi gaýraüzülmeleriň ýüze çykma derejesini azaldyp biler.

Oňurgara ingileriň bejergisiniň netijeliligi diňe lukmanyň hünärmenlik derejesine däl-de, näsagyň jogapkärçiligine we sagalma bolan islegine hem baglydyr.

Oňurga ingisini diliň aşagyna 1-2 gerdejik goýup çalt bejerip bolmaýar. Sagalmak üçin näsag lukman bilen uzak ýoly geçmeli bolýandyr.